Saglyk ähli zatdan belentdir

Döwlet Baştutanymyzyň pähim-paýhasyndan düzülen «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň esasy öňde goýan wezipesi ilatyň saglygyny goramakdan, keseliň öňüni almakdan, halkymyza ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny etmekden ybaratdyr. Bu maksatnamanyň çäklerinde köp işler durmuşa geçirildi. Ilkinji nobatda, daşky gurşawy abadanlaşdyrmak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek işleri amala aşyryldy. Dynç alynýan seýilgähleriň, seýilbaglaryň sany artdy. Bu işleriň durmuşymyza ornaşdyrylmagy bilen ekologiýa abadançylygy, medeniýeti kämilleşdirildi, ilatyň ekologiýa taýdan sowatlylyk babatdaky düşünjesi artdyryldy. Şol eşretlerden peýdalanyp, raýatlarymyz iş, zähmet argynlygyndan soňra, zähmet bilen dynç alşy sazlaşdyryp, medeniýetli dynç alýarlar hem-de öz saglyklaryny berkidýärler.
Ene sagdyn bolsa sagdyn perzent dünýä inýär. Şu pähimden ugur alnyp, paýtagtymyzda we welaýat merkezlerinde enäniň we çaganyň saglygyny goramak üçin «Ene mähri» halkara merkezleri gurlup, ulanylmaga berildi. Bu saglyk merkezleri her bir zenanyň öz ýaşaýan ýeri boýunça zerur bolan elýeterli lukmançylyk kömegini almagyna, sagdyn perzentleriň dünýä inmegine öz oňyn täsirini ýetirdi. Bu bolsa öz nobatynda ilatyň demografik ösüşiniň ýokarlanmagyna ýardam berýär.
Ýurdumyzda «Saglyk» döwlet maksatnamasy kabul edilen ýylyndan bäri yzygiderli durmuşa geçirilýän işler halkara guramalary tarapyndan uly bahalara mynasyp boldy. Şuňa laýyklykda, saglyk ulgamyndaky ösüşleriň netijesinde keselleriň öňüni almak we bejermek maksady bilen, dünýäniň ösen ýurtlarynyň ýokary hilli enjamlary arkaly enjamlaşdyrylan iň döwrebap saglyk maksatly desgalaryň onlarçasy paýtagtymyzda we welaýatlarymyzyň çäklerinde gurlup, ulanylmaga berildi. Olara Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi, Ahal welaýatynyň Gökdepe şäheriniň köpugurly hassahanasy, Kelle we boýun kesellerini bejeriş halkara merkezi, Halkara Saglyk merkeziniň müdiriýeti hem-de Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezi, Şikesleri bejeriş halkara merkezi, Gaýragoýulmasyz Tiz kömek merkezi, Göz kesellerini bejeriş halkara merkezi, Morfologiýa merkezi, Aýratyn howply keselleriň öňüni alyş merkezi, Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi ýaly saglyk desgalary bilen bir hatarda hassahanalar, Saglyk öýleri, keseli anyklaýyş merkezleri degişlidir. Ilatymyza şol saglyk desgalarynda ýokary hilli döwrebap lukmançylyk hyzmatlary edilýär.
10-njy oktýabrda bolsa ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli ak mermerli Aşgabadyň iň gözel künjeginde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda iki sany döwrebap bina — Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezi hem-de Estetiki merkezi dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berildi. Paýtagtymyzyň arhitektura gurluşygyna özboluşly gözellik çaýýan bu kaşaň binalar olary synlan her bir adamy daşky ajaýyplygy bilen özüne çekýär. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda gazanylan üstünlikleriň üstüni ýetirýän bu binalarda ornaşdyrylan innowasion tehnologiýalar bolsa, halkymyza döwrebap hyzmat etmäge niýetlenendir.
Özboluşly gurluşy bilen ak mermerden bina bolan, uzaklardan howalanyp görünýän saglyk edaralaryny göreniňde guwanjyňdan «saglyga hormat goýmak, ynsana hormat goýmagyň nyşanydyr» diýen bir ajaýyp pikir öz-özünden biygtyýar kalbyňa dolýar. Biziň öňümizde saglygyň täze bir dünýäsi açylýar. «Sag başym, soltan başym» diýip, baş amanlygyny dilän halkymyzyň arzuw-isleglerini hemişe üns merkezinde saklaýan alym lukman Arkadagymyza aýdylýan alkyşlarymyz dillerimiziň senasyna öwrülýär.
Saglygy goraýyş ulgamynyň iň soňky gazanan üstünlikleriniň esasylarynyň biri hormatly Prezidentimiziň serpaýy bolan hassahanalarda, Saglyk öýlerinde täzeçe usullar bilen işlemek üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Paýtagtymyzda däl, eýsem, ýurdumyzyň çetki etraplarydyr şäherçelerinde, obalarynda döwrebap saglyk öýleriniň gurlup, ulanylmaga berilýändigi has-da buýsandyrýar. Häzirki wagtda Gökdepe etrabynyň çäginde gurulýan Saglyk desgalarynyň hem ýene-de asylly däbimize görä, halkymyzyň hyzmatyna hödürlenjekdigi bizi has-da begendirýär.
Çagalar we ulular üçin niýetlenen dynç alyş merkezleri bilen bir hatarda raýatlaryň saglygyny berkitmek üçin paýtagtymyzda we welaýat merkezlerinde şypahanalaryň durky täzelenip, ilatymyza hödürlendi. Ylaýta-da, dynç alyş merkezleri, raýatlaryň saglyklaryny berkitmek üçin şypahanalar, bedenterbiýe we sporty has-da kämilleşdirmek üçin döredilen sport desgalary hakykatdan-da, mähriban Diýarymyzyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdudygynyň aýdyň güwäsine öwrülýär.
Ýaş nesliň sagdyn, berk bedenli, kämil dünýägaraýyşly, giň gözýetimli bolup ýetişmegi üçin ýurdumyzda sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ýokary derejede ösdürmäge giň ýol açyldy. Munuň mysalynda çagalar bagyndan başlap, orta mekdeplerde, ýokary okuw mekdeplerinde bedenterbiýe dersiniň kämil derejede okadylýandygy aýratyn bellärliklidir. Kiçi we uly ýaşly raýatlaryň sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmaklary üçin sport mekdepleri, stadionlar, Buzly köşk we başga-da halkara derejesindäki sport desgalary muňa doly güwädir. Sport bilen meşgullanmak adamyň fiziki taýdan güýçli, ruhy taýdan sagdyn bolmagyna kömek edýär. Ýurdumyzda sportuň we bedenterbiýäniň ähli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin giň mümkinçilikler bar.
Gahryman Arkadagymyzyň bu babatdaky uly aladalary netijesinde döwletimiziň dünýä ýüzündäki at-abraýy artdy. Saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň iş tejribesi ornaşdyryldy. Paýtagtymyzda we welaýat merkezlerinde hereket edýän derman senagaty kärhanalarynyň işi kämilleşdirildi. Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda innowasion usulda turbajyklara we haltajyklara gaplanan dermanlyk çaýlar ilatymyz tarapyndan uly isleg bilen peýdalanylýar. Derman senagaty kärhanalarynyň öndürýän zyýansyzlandyryş erginleri bakterisid häsiýete eýe bolup, birnäçe ýokanç keselleriň öňüni almakda, keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmekde örän ähmiýetlidir.
Ýurdumyzda ýokanç keselleriň öňüni almak üçin immuno-öňüni alyş çäreleriniň giň gerimde geçirilýändigi aýratyn bellärlikdir. Bu ugurda Saglyk öýlerinde, saglyk edaralarynda ýörite düzülen Meýilnama esasynda ýaňy doglan bäbeklerden başlap ýokanç keselleriň öňüni alyş sanjymlary geçirilýär. Bu sanjymlar ýaş aýratynlygyna görä kesgitlenip, lukmançylyk gözegçiligi astynda geçirilýär. Ýokanç keselleriň öňüni alyş sanjymlarynyň mugt geçirilmegi Saglygy goraýyş ulgamynyň gazanan üstünlikleriniň biridir. Bu sanjymlar ynsan saglygyny goraýar. Ýeri gelende biziň ýurdumyzda käbir ýokanç keselleriniň ýok edilmeginde şeýle sanjymlaryň ähmiýetiniň uludygyny bellemek has-da ýakymly. Ýewropa jarnamasynyň kabul edilmegi bilen, ýokanç däl keselleriň öňüni almak ugrunda hem uly işler amal edilýär.
Aýratyn bellemeli zatlaryň biri-de, täzeçe işlemek, täze düzgünleri işe ornaşdyrmak saglygy goraýyş işgärleriniň iş tejribesiniň baýlaşmagyna, kämilleşmegine mümkinçilik berýär. Şeýlelikde hem, «Sagdyn jemgyýet sagdyn adamlary kemala getirýär» diýen jümle aýratyn many-mazmuna eýe bolýar.
«Saglyk» döwlet maksatnamasyna laýyklykda, maşgala lukmançylygy ösdürildi, ýokary derejede kämilleşdirildi. Maşgala lukmanlary we şepagat uýalary özleriniň hyzmat edýän çäklerinde ýörite wagyz-nesihat işlerini guraýarlar, gürrüňdeşlikleri geçirýärler. Möwsümleýin döräp biläýjek dürli ýokanç keselleriň öňüni almak üçin sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kadalaryny, kadaly iýmitlenmegiň düzgünlerini, arassaçylyk düzgünlerini, şahsy gigiýenanyň ähli kadalaryny ilat arasynda giňişleýin düşündirýärler. Bu özüniň oňyn netijesini berýär. Häzirki wagtda her bir raýatyň öz saglygy barada sowatlylygy artdy, täze sagdyn düşünje kemala geldi.
Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň çäginde geçirilen işleriň netijesinde Enäniň we çaganyň saglygyny goramakda, iýmit howpsuzlygyny gazanmakda, ynsan saglygyny berkitmekde, duzy ýodlaşdyrmakda, temmäkä garşy göreşmekde, ýokanç däl keselleriň öňüni almakda belent sepgitlere ýetildi. Şeýlelikde, döwletimiz sagdyn jemgyýeti kemala getirip, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kadalaryny giňden wagyz-ündew edýän, her bir raýatyň aňynda sagdyn düşünjäni kemala getirip bilýän, asudalygyň, parahatçylygyň waspçysy hökmünde dünýä ýüzüne özüni tanatdy.
Saglyk ähli zatdan belentdedir, durmuşda saglykdan eziz zat ýok. Şadyýan durmuşda bagtly ýaşamak üçin diňe saglyk gerek. Saglyk bagtyýarlygyň, abadançylygyň gözbaşydyr. Adama jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde garaýan we «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäni şygar edýän milli
Liderimiziň alyp barýan ynsanperwer, sahawatly işleri günsaýyn rowaçlanýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde, «Saglyk» döwlet maksatnamasyna laýyklykda, amala aşyrylýan işler saglyk syýasatyny dabaralandyrýar. Bu bolsa biziň her birimizde durmuşa bolan söýgini, nurana geljegimize ynamy döredýär.
Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň baýramynyň öňüsyrasynda — 9-njy oktýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde milli Liderimiziň bu baýramçylyk mynasybetli «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň 12-nji tomuny tamamlandygyny habar bermegi ildeşlerimiziň başyny göge ýetirdi. Munuň özi alym
Arkadagymyzyň türkmen tebigatynyň ummasyz ösümlik dünýäsiniň ynsan saglygyna peýdaly häsiýetlerini has içgin açyp görkezýän gymmatly ylmy-ensiklopedik işleriniň dowamat dowamdygynyň hakyky beýanydyr. Il-halkyň saglygyny goramak, berkitmek üçin «Saglyk» döwlet maksatnamasyndan ugur alyp, sahawatly işleri durmuşymyza ornaşdyrýan hem-de biz — saglygy goraýyş işgärlerine yhlasly işlemäge giň mümkinçilikleri döredip berýän gahryman Arkadagymyza köp-köp alkyşlarymyzy aýdýarys! Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, mertebesi mundan hem zyýada bolsun, tutumly işleri uly rowaçlyklara beslensin!