TÜRKMENISTANYŇ SAGLYGY GORAÝYŞ WE DERMAN SENAGATY ULGAMYNYŇ IŞGÄRLERINE

                                        Hormatly saglygy goraýyş we 
                                        derman senagaty ulgamynyň 
                                        işgärleri!
                                        Gadyrly lukmanlar!

Sizi Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamy ösüşiň ýokary derejelerine ýetýär. Lukmançylyk edaralarynyň mümkinçiliklerini netijeli ulanmak we innowasion ugurlara gönükdirmek boýunça tutumly işler alnyp barylýar. Ilata ýokary hilli bejeriş-öňüni alyş hyzmatlaryny we saglyk abadançylygyny üpjün etmek, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça düýpli işler amala aşyrylýar.
Dünýä derejesinde enjamlaşdyrylyp, ulanylmaga berilýän hassahanalaryň we saglyk merkezleriniň, sagaldyş-dynç alyş öýleriniň, sport desgalarynyň, şypahanalaryňdyr anyklaýyş-bejeriş edaralarynyň barha köpelmegi Garaşsyz döwletimizi sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwürýär.
Häzirki döwrüň talaplaryna görä, ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynda elektron maglumat ulgamy ornaşdyryldy. Elektron resminamalar dolanyşygyny döretmek hem-de saglygy goraýyş edaralarynda işe girizmek ýola goýuldy. Bu bolsa bejeriş-anyklaýyş işleriniň talabalaýyk guralmagyna, lukmanlaryň zähmetiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga, gullugyň we bölümleriň özara gatnaşygynyň pugtalanmagyna ýardam berdi.
Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň saglygy goraýyş ulgamyny düýpli ösdürmekde we dünýä derejesine çykarmakda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň möhüm ähmiýeti boldy. Kabul edilenine 25 ýyl dolan bu maksatnama raýatlarymyzyň saglygyny berkitmekde, keselleriň öňüni almakda, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmakda esasy ýol-ýörelgeleri kesgitleýär. Maksatnamanyň esasynda dünýä ylmynyň we tejribeleriniň biziň şertlerimize laýyk ornaşdyrylmagy, maddy-tehniki üpjünçiligiň kämilleşdirilmegi türkmen milli lukmançylygynyň esasy aýratynlyklarydyr.
Şeýlelikde, berkarar döwletimizde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň talaplaryna laýyk gelýän saglygy goraýyş ulgamyny döretmek hem-de kämilleşdirmek işi doly amala aşyryldy. Aýratyn-da, enelerde we çagalarda köp duş gelýän keselleriň, şeýle hem ýokanç keselleriň düýpgöter kemelmegini gazanmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, ilatymyzy ýerli ösümliklerden we çig mallardan özümizde öndürilýän dermanlar hem-de saglyk maksatly serişdeler bilen üpjün etmek boýunça gowy netijeler gazanyldy. Geçirilen bu işler keselçiligiň derejesiniň peselmegine, howply ýokanç keselleriň düýbünden ýok edilmegine ýardam berdi.
                                        Hormatly saglygy goraýyş 
                                        işgärleri!

Häzirki döwürde Bitarap döwletimizde saglygy goraýyş ulgamy boýunça dünýäniň ösen ýurtlary bilen giň gerimli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Netijede, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň iýmit önümleriniň barlagy bölümçelerine halkara akkreditasiýa şahadatnamasy gowşuryldy. Merkeziň barlaghanasyna bolsa Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň dümew boýunça Milli merkeziniň we onuň öňüni almaga gözegçilik we jogap çärelerini kabul etmek boýunça Ählumumy ulgamyň agzasy derejeleri berildi.
Garaşsyz Watanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň 2020 — 2022-nji ýyllar üçin Bütindünýä azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň, 2020 — 2024-nji ýyllar üçin Ilat we ösüş boýunça hem-de Neşe serişdeleri boýunça Komissiýalarynyň agzalygyna saýlanmagy ýurdumyzda ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjün edilmeginiň, iýmit howpsuzlygynyň gazanylmagynyň, ýaramaz endiklere garşy barlyşyksyz göreşiň ýola goýulmagynyň dünýäde giňden ykrar edilýändiginiň ýene-de bir mysalydyr. Biz alyp barýan «Açyk gapylar» syýasatymyz netijesinde, saglygy goraýyş boýunça hem halkara gatnaşyklary ösdürmäge hemişe uly üns bereris.
Halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagy, nesilleri sagdyn we belent ruhda terbiýelemek maksady bilen kabul edilen milli maksatnamalary, ýagny ýurdumyzy 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny, «Türkmenistanda ilatyň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça 2018 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýany», «Türkmenistanda ilatyň psihiki saglygyny goramak boýunça 2018 — 2022-nji ýyllar üçin Milli maksatnamany», «Türkmenistanda 2018 — 2024-nji ýyllarda alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça Milli maksatnamany» durmuşa geçirmekde hem giň gerimli işler alnyp barylýar.
Biz ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli paýtagtymyz Aşgabatda dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen üpjün edilen 130 orunlyk Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş hem-de Estetiki merkezleriniň binalaryny açyp, ulanmaga berýäris. Bu täze edaralar hem raýatlarymyza saglygyny dikeltmekde ýokary derejede hyzmat eder.
                                        Hormatly saglygy goraýyş we 
                                        derman senagaty ulgamynyň 
                                        işgärleri!
                                        Gadyrly lukmanlar!

Sizi Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez bagt hem-de maşgala abadançylygyny, ynsan saglygyny goramak ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin! 
                                        Türkmenistanyň Prezidenti 
                                        Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.