Şährihaýbaryň balyk gülli şakäsesi

Arkadag Prezidentimiziň tassyklan «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018 — 2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Gökdepe obasynda ýerleşýän Şährihaýbar ýadygärliginde arheologiýa we etnografiýa barlaglary alnyp barylýar. Ýadygärlikde gazuw-agtaryş işleri geçirilýän mahaly hökümdaryň köşgi-eýwanlary ýerleşen gündogar burçundaky erkgalanyň üstki meýdanynda ýüzi nagyşly küýze böleginde arheologlaryň nazary eglenýär. Göräýmäge, ýönekeý bir aşhana gabynyň bölegi ýaly. Ýöne onuň ýüzüne çekilen balygyň suraty welin, etnografiýa ylmy üçin iňňän derwaýys maglumatdy. Bu barada arheolog I.Masimowyň «Bürünç eýýamynda Günorta Türkmenistanda küýzegärligiň ösüşi» atly makalasynda jaýdar belleýşi ýaly, adamyň, jandarlaryň ýa-da ösümlikleriň keşpleri şekillendirilen gadymy heýkeljikler gönüden-göni şol gymmatlyklary ulanan halkyň ruhy-medeni ösüşi we ahlak-edep ýörelgeleri bilen baglydyr. Irki senetçiler şol şekilleriň üsti bilen öz döwrüniň jemgyýetçilik garaýyşlaryny hem-de mukaddeslik derejesinde sarpa goýlan maddy gymmatlyklary, jandarlar hem-de ösümlik dünýäsini çeper beýan etmegi başarypdyrlar.
Şährihaýbardan ýüze çykarylan gülli şakäsäniň balyklaryň şekili çekilen bölegini ylmy barlaga çekmek makul görüldi. Mälim bolşy ýaly, Şährihaýbar ýadygärligi Beýik Ýüpek ýolunyň Nusaýdan Horezme gidýän şahasynyň ugrunda ýerleşýär. Onuň düýbi kerwensaraý hökmünde tutulyp, soňra antik döwründe esaslandyrylan gadymy Gökdepe şäherini etekläp oturan iri söwda we medeni merkezleriň birine öwrülipdir. Şäheriň ady Şähristan görnüşinde orta asyr taryhçylarynyň we etnograflarynyň eserlerinde birnäçe gezek ýatlanylýar. Ýadygärlikde geçirilen gazuw-agtaryş gözlegleriniň netijesinde ýüze çykarylan tapyndylarda geçirilen arheologiýa we etnografiýa barlaglarynyň, şeýle hem orta asyr ýazuw çeşmeleriniň maglumatlarynyň esasynda şäheriň IX asyryň birinji ýarymynda, hususan-da, Tahyrylar şadöwletine Abdylla ibn Tahyryň häkimlik eden döwründe, 828 — 844-nji ýyllarda gurlup, onda XIII asyryň başlaryna çenli ýaşaýşyň gülläp ösendigi anyklanyldy. Şu jähetden alanyňda, Şährihaýbardan ýüze çykarylan balyk gülli şakäsäniň şäheriň gülläp ösen döwri bolan XII — XIII asyrlara degişlidigini tassyklamaga esas berýär. Gabyň biziň döwrümize gelip ýeten böleginiň uzynlygy 7,5 sm, ini 6 sm barabardyr. Şakäse garyşyk ak süýt reňkli gap bolup, onuň iç ýüzünde gök reňk bilen balygyň göwresiniň, gara reňk bilen bolsa kellesiniň we ýüzgüçleriniň suraty çekilipdir.
Akademik G.A.Pugaçenkowanyň «Türkmenistanyň sungaty» atly monografiýasynda ýazyşy ýaly, Türkmenistanyň çäklerinde gülläp ösen milli sungatyň ähli görnüşleri bilen birlikde, küýzegärlik senetçiliginiň ösüşinde XIII asyryň başynda üýtgeşmeler bolup geçýär. Seljuklar döwründe gülläp ösen milli küýzegärlikde meşhur bolan ýaşyl, ak, sary we tyllaýy reňkli önümlere derek, dürli reňkler garyşan ak, süýt ýa-da gök reňkli, onuň ýüzüne gara reňk bilen dürli nagyşlardyr suratlar çekilen küýze önümleri döredilip başlanýar. Has takygy, Beýik Seljuklar hem-de Anuşteginler şadöwletleriniň ösen senetçiliginiň derejesi bilen deňeşdirilende, XIII asyryň başynda küýzegärlik sungatynda biraz ýöntem ýasalan küýze önümleri peýda bolýar. Olaryň reňklenişinde hem üýtgeşmeler bolýar. Mysal üçin, gaplaryň ýüzünde syrça köpürjikleri, reňkleriň bulançaklygy ýa-da sazlaşyksyz reňk utgaşmalary bolan äheňler duýulýar. Şährihaýbardan tapylan balyk gülli küýze önüminiň keşbinde hem garyşan ak reňklilik, sazlaşyksyz boýag utgaşmasyny synlamak bolýar.
Orta asyrlara degişli balyk gülli keramika gaplary Diýarymyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän ýadygärliklerde öňem köp ýüze çykaryldy. Özem olaryň çeper gurluşynda esasan bir ruhy äheňe eýerilipdir. Has takygy, olaryň ählisinde birnäçe balygyň tüweleýiň aýlanyşy ýaly, bir ugur bilen gabyň düýbüniň merkezine ymtylyşyny synlamak bolýar. Balygyň merkeze ymtylmak üçin egrelip ýüzüşiniň keşbi çekilen şeýle şakäseler Täze Nusaý, Merw, Şähryslam ýadygärliklerinden tapyldy. Arheolog N.Bäşimowa «Misrianyň kaşin keramikasynda nagyş äheňleri» atly makalasynda tansyk gaplarynyň iç tarapynda balygyň ýüzüp barýan suraty çekilen şakäseleriň Misrianda köp ýasalandygyny ýazýar. Bu şäherde ýasalan käbir gaplarda balygyň suratynyň ýüzüne altynyň suwunyň çaýylandygy aýratyn gyzyklanma döredýär.
Orta asyrlaryň küýzegärlik senetçiliginde şakäseleriň, mejimeleriň gapdal diwarlaryndan düýbüne sary uzap gidýän ösümlik nagyşlarynyň, halkyň ruhy dünýäsinde mukaddeslik hasaplanýan jandarlaryň, mysal üçin, atyň, durnanyň, kepderiniň, tawusyň, towşanyň, keýigiň, balygyň suratlaryny çekmek, “diwany” atlandyrylan owadan hat bilen belli şahyrlaryň şygyrlaryndan, halk döredijilik eserlerinden bentleri, nakyllardyr atalar sözlerini, ýagşy dileg-dogalary ýazmagyň ýoň bolandygy ylmy taýdan subut edildi.
Etnografiýa barlaglarynyň netijelerine görä, çeper bezeglerine şeýle ruhy ýörelgeler siňdirilen tansyk önümleri, esasan, hökümdarlaryň aşhanalarynda, şeýle hem ybadat we baýramçylyk dabaralarynda ulanylypdyr.
Arheolog S.Luninanyň «X — XIII asyryň başynda Merwde küýzegärlik senedi» atly makalasynda belleýşi ýaly, balygyň şekili çekilen aşhana gaplary we küýze önümleri, adatça, suw, çal we beýleki süýji miwe şerbetlerini içmek, şeýle hem nahardan soň, gülüň suwy (gülap suwy) bilen naharlananlaryň ellerini ýuwmakda ulanylypdyr. Munuň özi, ilkinji nobatda, halkyň ruhy dünýäsinde balygyň suw bolçulygynyň, rysgal-berekediň hem-de arassaçylygyň nyşany hökmünde arzylanandygyny tassyklaýar. Ýeri gelende aýtsak, Bäherden etrabynyň Durun obasynyň golaýynda ýerleşýän kärizleri etnografiýa taýdan öwrenenimizde, şu obaly ýaşuly kärizgen Annaçary Pirgulyýew gadymy yryma eýerilip, käriziň gözbaş guýusyna balyk goýberilýändigini gürrüň berdi. Balyklar käriziň suwunyň möwjäp çykýan gözlerini gorjap-arassalap durupdyr. Ruhy ynanja görä bolsa, balyk suw bolçulygyny döredip, rysgal-berekedi artdyrýar. Görnüşi ýaly, aýdymlarda wasp edilýän daşy kümüş tor balyklar, altyn balyk, kümüş balyk, zerli balyklar ýöne ýere ekdi bolmandyrlar. Kärize balyk aýratyn ähmiýetli melioratiw çäresini hem-de irki ynanç bilen bagly ruhy ýörelgäni berjaý etmek üçin goýberilipdir. Bäherdenli mekdep mugallymy B.Nepesow «Käriziň çeşmä birigýän iň başky guýusyna gara daş atylanda, balyklar onuň daşynda perwana bolup, aýrylyp bilýän däldir» diýip gürrüň berdi. Ylmy derňewleriň tassyklaýşy ýaly, kärizgenleriň öňki döwürde ulanan gara daşy ýumşak hem-de 1300 — 1400 derejä çenli gyzgynlyga çydamly bolan «talkohlorit» (steatit) daşydyr. Bu daşyň düzüminiň minerallara baý bolandygy sebäpli ol suwa atylanda, ynsan saglygy we balyk üçin örän ýokumly maddalary bölüp çykarýar. Şol sebäpli hem ol käriziň guýusyna oklananda, balyklar onuň minerallaryndan iýmitlenip, ondan uzaga gitmeýärler. L.Kuraýewanyň «Orta asyrlarda Merwe we Nusaýa getirilen daş gazanlar» atly makalasynda ýazyşy ýaly, talkohlorit daşy Demirgazyk Eýranda Nişapuryň golaýyndaky daglardan, Horezmden we Soltanýaz dagyndan gazylyp alnypdyr.
Görnüşi ýaly, Şährihaýbardan ýüze çykarylan balyk gülli şakäse diňe bir kämil derejelere ýeten milli senetçiligimiziň şanly geçmişini öwrenmekde iňňän ygtybarly subutnama bolman, eýsem, ol ruhy dünýämizde balyga bolan belent sarpanyň syrly hikmetini çözlemäge ýardam berýär. Bu gymmatlyk bizi ata-babalarymyzyň baý ruhy dünýäsine, ahlak ýörelgelerine aralaşdyrýar. Taryhy-medeni ýadygärlikden tapylýan şeýle täsin mazmunly gadymy senetçilik önümlerimizi ylmy taýdan öwrenip, olary geljekki nesillere geçirmegimiz zerur. Ösen medeniýetleriň ojagy bolan eziz Watanymyzyň çäklerinden tapylan arheologiýa gymmatlyklary we etnografiýa baýlyklary tutuş adamzadyň taryhynyň henize çenli mälim bolmadyk syrlaryny açmaga ýardam edýär. Şeýdibem, şöhratly taryhymyzyň täze sahypalary ýazylyp, ata Watanymyzyň abraý-mertebesi dünýä ýüzünde has-da belende göterilýär.
                                    Agamyrat BALTAÝEW,
                                    Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň döredijilik 
                                    işgärleri bölüminiň esasy hünärmeni, etnograf.