Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparyň mejlisi

AŞGABAT, 3-oktýabr (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginde Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparyň mejlisi boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen pudagara toparyň düzümi tassyklanyldy.
Mejlise Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary, ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we ugurdaş düzümleriň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň altynjy sammitine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyz Hazar deňziniň meseleleriniň oýlanyşykly çözgüdini işläp taýýarlamak babatda öňdebaryjy orny eýeleýär. Türkmenistan Hazar deňzinde hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň ösdürilmeginde aýratyn işjeňlik görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, ähli Hazarýaka ýurtlar bilen ekologiýa ýagdaýy nazara alyp, halkara hukugyň çäklerinde özara gatnaşyklar işjeň dowam etdirilýär.
Türkmenistanyň mundan beýläk-de Hazar deňzi boýunça birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ugrunda ähli zerur tagallalary etjekdigi bellenildi. Munuň özi ykdysadyýet, ekologiýa, howpsuzlyk, ulag we beýleki ugurlar bilen baglanyşyklydyr. Şunlukda, ýurdumyz ekologiýa diplomatiýasyna laýyklykda, howanyň üýtgemegi, «ýaşyl» ykdysadyýetiň çäklerindäki işiň ösdürilmegi ýaly meselelere möhüm ähmiýet berer.
Mejlise gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmek, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we kenarýaka döwletleriň hem-de halklaryň arasynda giň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen, bu toparyň öňünde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň işjeňleşdirilmegine üns berdiler.