Saglyk — ynsan durmuşynyň bezegi

Saglygyň gadryn bilgil
Magtymguly atamyzyň «Saglygyň gadryn bilgil, hasta bolmasdan burun» diýip, belleýşi ýaly, sagdyn ýaşamak ilki bilen, biziň özümize bagly. Munuň üçin sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeli. Ýaramaz endiklerden daşda durup, ýagşy niýetleri ýaran edinip, maksadymyzy sogaply işlere gönükdirsek, ömrümiziň dowamlylygy artar. Çünki sogaply, haýyrly işlerde il alkyşy bar. Il aýtmyşlaýyn «Alkyş bilen är gögär, ýagmyr bilen ýer».
Saglyk ynsanyň täjidir,
Gudraty durmuş nagşydyr.
Her keseli bejermekden,
Öňüni alan ýagşydyr.

Fiziki maşklaryň ähmiýeti
Belli iňlis magaryfçysy we syýasatçysy, şahyr Jozef Addison (1672 — 1719 ýý.): «Adamlar irdenki fiziki maşklaryň hem-de özüňe erk edip bilmegiň kömegi bilen lukmanlara ýüz tutman ýaşap bilerler» diýip, aýdyp geçipdir. Lukmanlaryň aýtmagyna görä, adamyň fiziki hereketi netijesinde onuň bedenindäki gan aýlanyşygy işjeňleşýär we beden energiýa sarp edýär. Hereketli maşklary ýerine ýetirmegi hemişelik endik edinen adamlar sagdyn we daşky sypaty boýunça ýaş görünýärler.
Säher bilen turup aýnany açsaň,
Irden maşk edip, gyzgyn der saçsaň.
Garrylyk asla ýanyňa gelmez,
Ýaltalygyňdan arany açsaň.
Umytly guş Käbä ýeter
Pederlerimiz ýagşy umydyň, gowy niýetiň ynsan durmuşyndaky many-mazmunyna aýratyn hormat goýupdyrlar. Şonuň üçin hem nesillerimize hiç wagt ruhdan we umytdan düşmezligi sargapdyrlar.
Bu babatda fransuz filosofy we taryhçysy Wolter (1694 — 1778 ýý.): «Adamy umyt sagaldýar, çünki umyt saglygyň deň ýarysydyr» diýip bellese, häzirki zaman lukmançylygynda uly yz galdyran fransuz hirurg-lukmany Ambruaz Pare
(1510 — 1590 ýý.): «Şadyýan adamlar basym sagalýarlar we uzak ýaşaýarlar» diýip nygtaýar. Şonuň üçin wagtyňy şadyýan geçirmäge çalyşmaly, sussupeslige, gaýgy-alada köňlüňden orun bermeli däl. Gyzykly kitaplary okamak, gyzykly kinofilmlere seretmek, deň-duşlaryň bilen degşip-gülüşmek, aýdym-saz diňlemek, şaşka, küşt we sportuň beýleki görnüşleri bilen meşgullanmak bu babatda size ýakyndan ýardam eder. Ýylgyrýan ýüzlere aňsat-aňsat ýygyrt düşmeýändigini dünýäniň tejribeli kosmetolog lukmanlary hem ykrar etdiler.
Şadyýan bolup köňle gül daksaň,
Hemişe dünýä ýylgyryp baksaň,
Keseller senden daşlaşar gider,
Şähdaçyk bolup, içini ýaksaň.

Sagdyn bolmak üçin sagdyn iýmitlenmeli
Gadymy hem-de müdimi halkymyzyň paýhas hazynasynda «Görk agyzdan, görmek eginden» diýen pähim bar. Munuň özi biziň kaddy-kamatymyzyň, görk-görmegimiziň gündelik iýýän iýmitimize hem baglydygyny ündeýär. Sagdyn iýmitlenmek barada gadymy grek alym lukmany Gippokrat (b.e. öň 460 — 370 ýý.): «Seniň iýýän iýmitiň seniň dermanyň bolmaly» diýip bellese, amerikan syýasatçysy Benjamin Franklin (1706 — 1790 ýý.): «Iýmek üçin ýaşamaly däl-de, ýaşamak üçin iýmeli. Näçe köp iýdigiňçe, şonça-da köp kesellärsiň» diýip nygtaýar. Görnüşi ýaly, iýmitlenmegiň hem öz kadalary we möçberi bar. Aşgazana agram salmagyň dürli kesellere getirip bilýändigini häzirki zaman lukmançylygy hem tekrarlaýar. Şeýlelikde, iňlis alymy Jon Lebbokyň (1868 — 1900 ýý.) aýdyşy ýaly: «Biziň saglygymyz lukmançylyk sungatyna däl-de, köplenç babatda iýýän iýmitimize we endiklerimize baglydyr».
Ilatymyzyň sagdyn iýmitlenmegi babatda aýtsak, biziň keremli topragymyz iň lezzetli we gymmatly dermanlyk azyk önümlerine baý mekan. Ak bazarlarymyzyň tekjeleri bolsa ýylyň ähli paslynda ter miwe, gök-bakja önümlerinden doly.
Ýaş görneýin diýseň almadyr nar iý,
Gawun, garpyz, üzüm... dermandyr bary.
Sagdyn boljak bolsaň, sagdyn iýmitlen,
Ümzügiň bolsun mydam öňe sary.
Sagdyn bedende — sagdyn ruh
Bu günki gün bu ajaýyp jümle biziň jemgyýetimiziň esasy şygarlarynyň biri. Çünki sagdyn bedenli bolmak üçin hemişe hereketde bolmaly. Munuň üçin bizde saglyk ýollary bar. Irden turup, hereket etmegiň, pyýada ýöremegiň uzakly günüň dowamyndaky süňňüňe berýän ýeňilligini söz bilen beýan etmek mümkin däl. Şonuň üçin hem näçe köp hereket etsek, şonça-da özümizi ýeňil we keýpiçag duýarys.
Gadymy grek alymy, filosofy Mestriý Plutarh (b.e.öň. 127 — 46 ýý.) «Hereket — ýaşamagyň genji-känidir» diýen bolsa, iňlis pedagogy we filosofy Jon Lokk (1632 — 1704 ýý.): «Bu dünýäde bagtly ýaşamagyň gysgaça we doly beýan etmesi — sagdyn bedende — sagdyn ruhly bolmakdyr» diýip belleýär.
Gezelenç edip, gezsek — hereket,
Balyk deý suwda ýüzsek — hereket.
Bularyň bary saglyk diýmekdir,
«Saglyk» diýmegem baýlyk-bereket.

Arassaçylyk saglygyň girewidir
Bu lagyl-göwhere taý jümleleri pederlerimiz nesillerimize miras goýupdyrlar. Çünki biziň halkymyzda arassaçylyk hemme ýerde bolmaly diýen mukaddes düşünje bar. «Kalbyň arassalygy, eliň arassalygy, öýüň arassalygy...» ýaly düşünjeler biziň durmuşymyzyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Bu saglyk babatda-da şeýle. Ony ilki özüňden başlamaly.
Elimizi nahardan öň we soň ýuwmak, eşiklerimizi arassa we tämiz saklamak, gap-gaçlary, otagymyzy, öýümizi arassa saklamak biziň çagalygymyzdan her birimiziň aňymyza guýlan terbiýe. Şonuň üçinem arassaçylygy biziň her birimiz aýrylmaz endige, könelmeýän we ýitip ýok bolup gitmeýän sagdynlyk ýörelgesine öwürdik. Bu babatda polýak şahyry, filosofy Stanislaw Tuş-Lets (1909 — 1966 ýý.) «Ähli zat adamyň elinde. Şonuň üçin ellerimizi mümkin boldugyça tiz-tizden ýuwup durmaly» diýip bellese, hindi ýazyjysy, jemgyýetçilik işgäri Rabindranat Tagor (1861 — 1941 ýý.): «Arassaçylyk — bu söýgüden çogup çykýan baýlykdyr» diýip tekrarlaýar.
Goý, arassa bolsun köňüllerimiz,
Bolsun päkize ojak — öýlerimiz.
Saglygyň girewi arassalykdyr,
Saglyga beslensin ömürlerimiz.
Sagdyn ýaşamak, döredijilikli işlemek üçin biziň ýurdumyzda ähli mümkinçilikler bar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly: «Garaşsyz döwletimizde ynsan saglygyny goramak, adamlaryň ömrüni uzaltmak, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar».
Janyňyz sag, ruhuňyz belent bolsun!
                                    Aýnabat ATAÝEWA,
                                    «Bereketli toprak».