Kösükleriň sany artýar

Görogly etrabynyň daýhanlary hem ekerançylyk önümleriniň bolçulygyny döretmek, olaryň köpdürlüligini gazanmak ugrunda aladalanýarlar. Şu ýyl bugdaýdan boşan ýerleriň yzyna müňlerçe gektar mäş, noýba, künji ýaly aralyk ekinler ekildi. Olaryň arasynda gymmatly azyklyk ekinleriň biri bolan noýbanyň hem 40 gektary ekildi. Etrabyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşigi boýunça bolsa noýba 3 gektary tutýar. Baýramgeldi Nurgeldiýew, Araznepes Ermedow ýaly kärendeçileriň hersi 1,5 gektar meýdanda noýba ösdürip ýetişdirýärler. Idegi ýetirilýän noýbalarda kösükler günsaýyn artýar.