Banan ýyglyp başlandy

Ilatyň isleg bildirýän azyk önümlerini öndürmekde, bazar bolçulygyny döretmekde Sakarçäge etrabynyň «Geňeş» daýhan birleşiginiň çäginde hereket edýän «Ferhar» hojalyk jemgyýetiniň ýyladyşhanasynda zähmet çekýänler ösüşe mynasyp goşant goşýarlar. Birküç ýyl mundan öň türkmen topragynda henize bu güne çenli ekilip görülmedik köpýyllyk banan nahalyny ekip, hasyl almagy başaran türkmen işewürleri «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda-da ýyladyşhanany berekede beslediler. 1 gektar meýdany tutýan önümhanada ekilen 2 müň düýp banan agajy bol hasyla bürendi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýunyň giňden ýazylýan desterhanlaryny özümizde önýän tagamly banan miwesi bilen bezemegi maksat edinen jemgyýetiň zähmetsöýer işgärleri ýakynda ýetişdiren önümleriniň ýygymyna-da girişdiler.
Özboluşly idegi, suwarym we iýmitlendiriş aýratynlygy nazara alnyp, göwnejaý hyzmat edilen ekin oňa hyzmat edýänleri dilgir etmedi. Türkmen topragynyň ýyladyşhana şertlerine sanlyja ýylda uýgunlaşan bananyň her düýbi özüniň 40-50 kilograma barabar ýetişen hasylyny eçilmek bilen eýelerini begendirdi.