«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitaby hytaý dilinde

Hormatly Prezidentimiziň golaýda çapdan çykan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby hytaý dilinde neşir edilip, okyjylar köpçüligine ýetirildi. Milli Liderimiziň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçýän ýylda döreden bu eseri halkymyzyň asylly däpleriniň dowamatyny alamatlandyrmak bilen, ynsanyýetiň taryhy-medeni gymmatlyklaryny hemmetaraplaýyn öwrenmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň dürli dillere terjime edilmegini haýyş edip, dünýäniň giň ylmy köpçüliginden yzygiderli haýyşnamalaryň gelip gowuşmagy kanunalaýyk ýagdaýdyr.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlaryna we türkmen halkynyň döreden milli ýörelgelerine bagyşlanan täze kitabynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda çapdan çykmagy kitapsöýüjiler üçin ajaýyp toý sowgady boldy. «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitaby halkymyzyň milli mirasyny düýpli öwrenmek, ony aýawly saklamak, giňden wagyz etmek hem-de geljek nesillere ýetirmek bilen baglanyşykly meselelere döwlet Baştutanymyzyň ylmy taýdan esaslandyrylan garaýyşlaryny özünde jemlemek bilen, gymmatly gollanma öwrüljek ylmy maglumatlara, rowaýatlardyr tymsallara baýdygy bilen okyjylaryň ünsüni çekýär. Dörediji Liderimiziň edebi-filosofik eseri umumadamzat medeni hazynasynyň ösmegine uly goşant goşan türkmen halkynyň ruhy mirasynyň giňden wagyz edilmeginde hem-de türkmeniň döwletlilik ýörelgeleriniň gadymy köklerini has-da içgin öwrenmekde ygtybarly çeşme bolup hyzmat edýär.
Milli Liderimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň hytaý dilinde çap edilmegi paýhasly pederlerimiziň şöhratynyň mundan beýläk-de belende göterilmegi ugrunda yzygiderli tagalla edýän hormatly Prezidentimiziň eserlerine tutuş dünýä jemgyýetçiliginiň ýokary baha berip, uly gyzyklanma bildirýändigini ýene-de bir gezek tassyklaýar. Dünýäniň iň giňden ýaýran dilleriniň biri bolan hytaý dilinde çapdan çykan bu kitap dostlukly ýurduň halky üçin türkmen halkynyň baý taryhy we medeni mirasy, asylly ýörelgeleri hem-de milli däpleri hakyndaky maglumatlary ene dilinde okamaga mümkinçilikdir. Munuň özi özara hormat goýmak hem-de ynanyşmak ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýän türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ynsanperwer ugruny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga, birek-biregiň taryhyny we medeni mirasyny has-da içgin öwrenmäge ýardam berýär.