Atalaryň pendi — ogullara ýörelge

Hormatly Prezidentimiziň eserleriniň her birinde eziz Watanymyza, mähriban halkymyza söýgi, ata-babalarymyzdan gelýän asylly däplere, milli mirasymyza çuňňur sarpa, ýurdumyzy we jemgyýetimizi ösdürmegiň özboluşlylygy aýdyň beýanyny tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda geçmiş bilen şu günüň baglanyşygyny, türkmençilik ýörelgelerinde umumadamzat gymmatlyklarynyň asylly nusgalarynyň jemlenendigini görmek bolýar. Döwlet Baştutanymyz täze eserinde taryhy çeşmeleri, toplanan maglumatlary has-da kämilleşdirip, özboluşly jemleýär. Bu eser milli mirasymyzyň tutuş adamzadyň durmuş tejribesi bilen baglanyşyklydygy hakda söz açýar. Eserdäki dürli rowaýatlaryň zähmete bolan söýgini döretmekdäki ähmiýetini aýratyn bellemegimiz gerek. Milli Liderimiz, esasan-da, ýaş nesilde zähmete söýgini döretmek jemgyýetimiziň möhüm wezipesidigini belläp geçýär.
Gahryman Arkadagymyzyň täze eserinde agzybirlik hakynda hem giňişleýin gürrüň edilýär. Agzybirlik il-ulsumyzyň bir supranyň başyna jem bolmagydyr, agzybirlik «Ýagşy niýet — ýarym döwlet» diýen ynama ygrarlylykdyr. Ata-babalarymyzyň agzybirlik baradaky pentleri asyrlary külterläp, gadymyýetiň gatlaryndan bäri dowam edip gelýär. Oguz han atamyzyň öz ogullaryna agzybirligi pent edişi barada beýan edilmegi kitabyň gymmatyny has-da artdyrýar.
Lukman Arkadagymyz öz eserleriniň ählisinde diýen ýaly, adamyň saglygy baradaky aladanyň ýurdumyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belläp geçýär. Saglyk baradaky alada ömrüň baradaky aladadyr. Türkmençilikde salamlaşylanda hem, ilkinji nobatda, saglyk-amanlyk soraşylýar. Irden görşülende hem birek-birege «Sag-aman ördüňizmi?» diýilýär. «Saglyk» diýmegiň manysynda dogry ýaşamak hakyndaky düşünje bardyr. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, sagdynlyk, abadanlyk, jebislik ýörelgeleriniň amala aşyrylmagy adamlaryň ykbalyndaky täze döwürdir, adamyň barha gymmaty artýan derwaýys durmuş endikleriniň we ýaşaýşa ynamynyň subut edilen durmuş sahypasydyr. Sagdyn ýaşamaklygyň tymsalynyň mazmuny sportda jemlenýär. Sport — saglyk, rowaçlyk. Bular bolsa maksadyň we yhlasyň bitewüleşmeginde hasyl bolýan arzyly maksadymyzdyr.
Eserde halkymyzyň milli mirasyny düýpli öwrenmek, ony aýawly saklamak, giňden wagyz etmek, nesillere ýetirmek bilen baglanyşykly gymmatly pikirlere uly orun berilýär. Mähriban Arkadagymyzyň täze kitaby ýaş nesil üçin terbiýe mekdebidir.