Amyderýanyň suwy

Mele suwuň Balkan welaýatynyň çäklerine baryp ýetmegi bilen, şu günki günde bu suw bilen suwarylýan ekerançylyk meýdanlary bir million gektara ýetip barýar. Geljekde ol ýene-de artar. Sebäbi Garagum derýasynyň suw geçirijilik ukybyny artdyrmak boýunça ýörite döwlet maksatnamasy durmuşa geçirilýär.
Geçmişde Oks, Oguz derýasy atlary bilen tanalan we häzirki wagtda bolsa Jeýhun, Amyderýa diýen atlar bilen tanalýan bu derýanyň özboluşly aýratynlyklary bar. Bu derýanyň dünýäde iň çalt akýan derýadygyny bellemek gerek. Ikinjiden bolsa, onuň suwunyň läbiklik derejesi örän ýokary. Muny derýanyň kenaryna gelip, towlanjyrap akyp ýatan mele suwy synlan adam bada-bat duýar. Geçen asyryň başlarynda Halaç etrabynda doglup, özüniň ýaşlyk ýyllaryny Amyderýanyň kenarynda mal bakyp geçiren şahyr Rehmet Seýidow hem bu ýagdaýy öz synçy nazary bilen synlap, şeýle setirleri döredipdir:
— Amyderýaň läbik suwna,
Ak diýip ýol beren Lebap.
Şondan bärem akyp ýatyr,
Mele suwlar towlanjyrap.
Hawa, şahyryň belleýşi ýaly, Amyderýanyň mele suwy, gör, indi näçe asyrlardan bäri akyp ýatyr. Onuň biziň ýurdumyzyň çägine aralaşýan ýeri bolan Köýtendag etrabynyň Kelif şäherçesiniň deňinden tä Gazojak şäheriniň deňine çenli bolan aralykda birnäçe suw akabalary ondan gözbaş alyp, ýurdumyzyň jümmüşine tarap uzap gidýär. Netijede, şol akabalaryň kömegi bilen ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynyň 80 göterimine golaýy Amyderýanyň süýji suwundan gandyrylýar. Şu ýerde biziň suwarylýar diýmän gandyrylýar diýmegimiziň özboluşly sebäbi bar. Derýanyň läbik suwundan içen ekin gününi sanap, dessine parlap ösüberýär. Hasyllylygy-da ýokary bolýar. Munuň sebäbi bilen gyzyklanyp, Halaç etrabynyň «Çohpetde» daýhan birleşiginiň topar ýolbaşçysy, tejribeli ekerançy Rozygeldi Akyýewe ýüz tutanymyzda, ol şeýle diýdi:
— Amyderýanyň läbik suwunyň içinde fosfor, kaliý, hek ýaly ekine zerur bolan elementler bar. Suw bilen akyp gelýän gyrmançany eliňize alyp, syn etseňiz, oňa bada-bat göz ýetirersiňiz. Derýanyň suwundan ganan ekiniň hasyllylygy ep-esli ýokary bolýar. Şonuň üçin Amyderýanyň läbik suwuna aýratyn gadyr goýulýar. Dogry, suwuň içinde gyrmança köp bolansoň, akabalaryň çalt gömülmegine sebäp bolýar, emma peýdasy welin ägirt uly...
Tejribeli daýhanyň ýüreginden syzdyryp aýdan bu sözlerini diňläp, biz soňra käbir ylmy çeşmelere ýüzlendik. Hünärmenler ýörite ölçeg işlerini geçirenden soňra, Amyderýanyň suwunyň her bir kub metrinde 3,5 kilograma çenli gyrmançanyň bardygyny anyklapdyrlar. Ony derýanyň suwunyň möçberine köpeltmek bilen, bir ýylyň dowamynda suw bilen gelýän gyrmançanyň 243 million tonna barabardygyny kesgitläpdirler. Bu gyrmançalaryň suwuň haýal akýan ýerine köp çökýändigi hakykat. Şonuň üçin welaýatyň öňdebaryjy hojalyklary bu ýagdaýdan özboluşly çykalga tapdylar. Olar öz girdejileriniň hasabyna ýörite ýer gazýan tehnikalary satyn alyp başladylar. Kerki etrabynyň Osman Söhbedow adyndaky daýhan birleşigi etrapda ilkinjileriň biri bolup, Ýaponiýada öndürilýän «Komatsu» kysymly ekskawatory satyn aldy we suw akabalary entek gömlüp ýetişmänkä, olary arassalap başlady. Netijede, bu hojalyk ähli içerki suw akabalarynda derýanyň läbik suwunyň bol bolmagyny gazandy. Hut şonuň üçin-de, bu hojalygyň hasyllylyk babatda gazanýan netijeleri mydama ýokary.
1954-nji ýylda Kerki etrabynyň Başsaka şäherçesiniň deňinden Amyderýadan gözbaş alan Garagum derýasy-da özüniň gyrmançaly suwuny 1962-nji ýylyň 12-nji maýynda ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherine çenli alyp bardy. Şonda döwlet derejesinde alada edilip, Garagum derýasynyň suwundaky gyrmançanyň belli bir bölegi Çeskak kölleri diýlip atlandyrylýan çöketliklerde çökdürilip, soňra Garagum derýasyna akdyrylyp başlandy. Munuň üçin Garagum derýasynda ýörite bent-gatla gurlup, şol ýerden hem suwuň akdyrylyşyna gözegçilik ýola goýuldy. Soňra wagtyň geçmegi bilen, Çeskak kölleri gyrmançadan dolup ugraýar we täze köl döretmek wezipesi ýüze çykýar. Munuň üçin şol ýerdäki Zeýit çöketligi saýlanyp alynýar. Türkmenistanyň kartasynda Zeýit çöketligi diýlip bellenen ýerde, şeýlelik bilen, uly suw howdany döreýär. Häzirki wagtda «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» diýlip atlandyrylýan bu uly suw howdany iki wezipäni ýerine ýetirýär. Ol hem-ä Amyderýanyň läbik suwunyň düzümindäki gyrmançany özüne çökdürýär, hem-de Garagum derýasyna akdyrylýan suwy rejeläp durmaga kömek edýär. Sebäbi Amyderýada suw tomus aýlary köp bolsa-da, güýz-gyş aýlarynda azalýar. Şol döwürde hem Garagum derýasyna howdandan akýan suwuň möçberi köpeldilýär. Dogry, wagtyň geçmegi bilen, howdan gyrmançadan dolar. Şundan soň bu howdanyň ýerine ýetirýän wezipesini Ýedi şor diýlip atlandyrylýan täze çöketlikde guruljak täze howdan ýerine ýetirmeli bolar. Gyrmançadan dolan howdan bolsa ekerançylyk meýdanyna öwrüler. Sebäbi şol gyrmançalaryň düzümindäki minerallar soňra suw bilen birigip, islendik ekine-de özüniň peýdaly täsirini ýetirýär. Muny eýýäm Çeskak kölleriniň mysalynda görmek bolýar. Gyrmançadan dolan bu kölleri birleşdirip, häzirki wagtda oňa ekin ekýän Kerki etrabynyň Osman Söhbedow adyndaky daýhan birleşiginiň ekerançylary bu ýeri «Hydyr çopan» ýaýlasy diýip atlandyrdylar. Sebäbi daýhanyň ekini göwnündäkisinden hem zyýat bolanda, oňa «Hydyr gören ýaly» diýilýär. Bu ýaýlada ekin ekip, hasyl alan daýhanlaryň ýetişdiren önümi, hakykatdan-da, Hydyr görene meňzeýär. Ine, şeýle bol hasylyň emele gelmegine sebäp bolýan zat hem läbik suwuň içindäki gyrmançadyr. Garagum sährasynyň eteginden özüne berlen şahsy mellek ýeriniň gumuna şol gyrmançany garyp, ekin ekýän we gowy hasyl alýan adamlaryň sany hem barha artýar.
Hünärmenler gyrmançanyň näme üçin derýanyň öz içinde çökmeýändiginiň sebäbini onuň suwunyň örän çalt akýandygy bilen düşündirýärler. Hakykatdan-da, gyş aýlarynda derýanyň suwunyň azalýan wagty onuň hanasyna syn etseň, gyrmança gözüň düşmez, haçan-da Amyderýadan gözbaş alýan suw akabalarynyň içine göz aýlasaň, gatlak-gatlak bolup ýatan gyrmançalary görersiň. Diýmek, suwuň akyş tizligi peselýän ýerde onuň içindäki gyrmançalar çöküp başlaýar we ol iň soňunda atyzyň içinde ösüp oturan ekiniň düýbünde çöküp gutarýar. Şeýlelikde, läbik suw bilen suwarylýan ekin, suw bilen birlikde birnäçe minerallary-da dökün hökmünde kabul edýär. Ine, şonuň üçin-de, bu suwa tenekar ýaly diýilýär.
Mele suwuň Balkan welaýatynyň çäklerine baryp ýetmegi bilen, şu günki günde bu suw bilen suwarylýan ekerançylyk meýdanlary bir million gektara ýetip barýar. Geljekde ol ýene-de artar. Sebäbi Garagum derýasynyň suw geçirijilik ukybyny artdyrmak boýunça ýörite döwlet maksatnamasy durmuşa geçirilýär. 2015-nji ýylyň ýanwar aýynda kabul edilen «Türkmenistanda suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak we Garagum derýasynyň suw geçirijiligini ýokarlandyrmak boýunça geçirilmeli işleriň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» anyk wezipeler öňde goýuldy. Şondan bäri geçen ýyllaryň dowamynda bu Maksatnama boýunça köp işler ýerine ýetirildi. Garagum derýasynyň suwundaky gyrmançanyň iň köp çökýän aralygy bolan Başsakadan tä Niçge şäherçesiniň deňine çenli bolan aralyga Gollandiýa döwletinden satyn alnan «Beaver» kysymly läbik sorujylaryň 49-sy goýberildi. Bu kuwwatly läbik sorujylar her sagatda 2 müň kub metr gyrmançany suw bilen sorup, derýanyň hanasyndan çykarmaga ukyply. Hut şonuň üçin-de, Garagum derýasynyň suw geçirijilik ukyby sähelçe-de peselenok. Onuň iki kenarynda bolsa hut şol çykarylýan gyrmançalaryň hasabyna gür tokaý zolaklary emele geldi. Dürli çöl ösümliklerinden ybarat bu ýaşyl zolak derýanyň gaçysynyň berkligini-de üpjün edýär. Her ýylda suw bilen olaryň düýbüne barýan gyrmançalar dürli çöl ösümliklerine dökün bolup hyzmat edýär. Şonuň üçin derýanyň iki kenaryndaky çöl ösümlikleri beýleki ýerlerdäkä garanyňda, hem-ä bitginli, hem-de ösgün. Şeýlelikde, öz gözbaşyny Pamir daglaryndaky buzluklardan alyp gaýdýan we müňlerçe kilometr geçip, özüniň süýji we gyrmançaly suwuny ülkämize getirýän we tomusda iki kenaryna çyrpynyp, «Jeýhun» adyna eýe bolan Amyderýanyň suwy-da, onuň içindäki gyrmançasy-da egsilmez baýlyk. Häzirki wagtda ýerli hünärmenler, degişli alymlaryň ünsüni çekmek bilen, suw akabalarynyň gyrasyna çykarylan şol gyrmançalaryň düzümini käbir elementler bilen baýlaşdyryp, ony dökün hökmünde ulanmagyň ýollaryny gözleýärler. Sebäbi bu gyrmançanyň düzüminde, başda belleýşimiz ýaly, eýýäm fosfor, kaliý, magniý ýaly ösümlik üçin derwaýys elementler bar. Käbir daýhanlar bolsa eýýäm ony ders bilen garyp, öz mellek ýerlerinde ulanyp başladylar.
Tebigatda artykmaç zadyň bolmaýşy ýaly, Amyderýanyň läbik suwundan emele gelýän gyrmançalaryň hem arzyly önüme öwrüljek wagty indi uzakda däl bolsa gerek.