Arassaçylyk düzgünlerini berjaý edeliň

Bagtyýar, parahat durmuşyň eşretini görüp ýaşaýan eziz halkymyzyň saglygynyň tagallasyny edip, aýdyň geljege tarap öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan işleriň netijeliligi has-da ýokarlanýar.
Ähli şertler döredilen döwrebap saglyk öýlerinde zähmet çekýän maşgala lukmanlary edara-kär-hanalarda we orta mekdeplerde sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmaklygyň saglyga ýetirýän oňaýly täsirleri barada wagyz-nesihat işlerini geçirýärler. Arassaçylyk kadalaryny berjaý etmekli-giň ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almakda uly ähmiýetiniň bardygy hemmämize mälim-dir.
Ýylyň dowamynda pasyllaryň çalyşmagy adam bedenine belli bir derejede täsir edýär. Hünär-menleriň tassyklamagyna görä, häzirki wagtda howanyň düzüminde zyýanly tozanjyklar agdyk-lyk edýär. Bu bolsa adamyň saglygy üçin, aýratyn-da, dem alyş ulgamy üçin oňaýsyzdyr. Howa-nyň düzüminiň üýtgemegi we düzümindäki maddalaryň kadadan ýokary bolmagy bilen baglany-şykly tebigy ekzogen täsirini peseltmek we howa şertleriniň adam bedenine ýetirýän oňaýsyz tä-sirleriniň öňüni almak we degişli çäreleri güýçlendirmek maksady bilen, raýatlarymyz dem alyş ýollary üçin niýetlenen şahsy goranyş serişdelerini, ýagny, agyz-burun örtüklerini hökman ulan-malydyrlar. Şeýle-de, allergiýa we dowamly keselleri bolan adamlara hem öňüni alyş serişdeleri ulanmaklyk maslahat berilýär. Dürli ýokanç keselleriň öňüni almak üçin her bir adam, ylaýta-da, çagalar şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk düzgünlerini doly we dogry berjaý etmeli.
Esasan uly ýaşly adamlaryň özleri arassaçylyk kadalaryny berjaý edip, çagalaryna we kiçi ýaşly geljekki nesillerimize görelde bolmaly. Öý bikeleri öýüň arassaçylygyna esewan edip, çygly aras-salaýyş işlerini geçirip durmaly, penjireleri açyp, otagyň içini ýelejiretmeli, ýorgan-düşekleri arassa saklamaly. Günüň dowamynda birnäçe gezek elleriňizi sabynlap ýuwmagy endik edinmeli, üst-başyňy, eşigiňi arassa saklamaly we möwsüme görä geýinmeli.
Günüň dowamynda ertirlik, günortanlyk we agşamlyk naharlary wagtly-wagtyna edinmegi ýat-dan çykarmaly däl. Iýmitde gök önümler, miweler agdyklyk etmeli. Gök önümleri, miweleri iý-mezden öň akar suwda birnäçe gezek ýuwmaly. Günüň dowamynda 2 — 3 litre golaý arassa agyz suwuny ýa-da gaýnadylyp sowadylan suwy içmeli. Çagalaryň ýanynda arassa agyz suwuň ýa-da gaýnadylyp sowadylan suwuň hökman bolmagyny ene-atalar üpjün etmeli. Kadaly iýmit-lenmegi fiziki işjeňlik bilen utgaşdyrmaly. Irdenki maşklary ýerine ýetirmeklik işdäniň açylmagy-na, şähdaçyk, işjeň bolmagyňa getirýär. Eziz ildeşler, elleriňizi arassa saklasaňyz, agyz-burun ör-tüklerini peýdalansaňyz, howpsuz araçägi berjaý etseňiz sagdynlyk siziň hemraňyz bolar.