Ýol hereketiniň düzgünleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, ähli ugurlarda uly ösüşlere, özgerişlere ýetilýär. Obadyr şäherlerde gurlup ulanylmaga berilýän döwrebap ulag ýollary halkymyzyň eşretli, asuda durmuşda ýaşamagy üçin edilýän taýsyz aladalaryň beýany bolýar. «Biziň ähli üstünliklerimiziň gözbaşy jemgyýetimizde asudalygyň, parahatçylygyň, abadançylygyň höküm sürýänligindedir we halkymyzyň parahat durmuşda ýaşaýanlygyndadyr» diýip belleýän mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda gün-günden ösýän, özgerýän Diýarymyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgämiziň üstünlikli amala aşýandygyny eşretli zamanamyzyň her bir gününde duýýarys.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde halkara ülňülerine laýyk gelýän häzirki zaman ulag ýollary gurlup ulanylmaga berilýär. Olaryň degişli ýol belgileri bilen, şeýle-de ösen häzirki zaman tehniki enjamlar bilen üpjün edilmegi raýatlarymyzyň howpsuz, bökdençsiz hereket etmegine uly mümkinçilikleri döredýär. Şol ýollarda döwletimiziň kada-kanunyna laýyklykda hereket etmek biziň her birimiziň borjumyzdyr. Ýol hereketleriniň düzgünlerini, kada-kanunlaryny awtoulag sürüjiler bilen bir hatarda pyýada ýolagçylar hem doly bilmelidir we ýollarymyzyň asuda bolmagy üçin gündelik durmuşymyzda ulanmagy başarmalydyr. Uly ýaşly raýatlar ýol hereketiniň kada-kanunlaryny mekdep okuwçylaryna we çagalar bagyna gatnaýan körpelere doly we dogry düşündirmelidir. Halkymyzyň bagtly, bagtyýar durmuşda ýaşamagy, asuda hem abadan durmuşynyň dowamat dowam bolmagy üçin taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli alyp barýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin!