Hakyky esger

Çagyrylyş boýunça harby gullugy geçýän gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden boşatmak hakyndaky Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyny eşidip, dessine telewizoryň sesini gataldyp, maşgala bolup diňläp ugradyk. Aý-günleriň suw ýaly geçäýşini diýsene!.. Ýaňy ýalydy onuň esger kasamyny diňläp, guwanyp gaýdanymyz. Eýýäm alty aý geçäýipdir. Şonda men onuň tegelek ýüzüne gelşip duran esger lybasyna guwanyp, il hatarynda Watan gullugyna gidenine buýsanyp: «Balam, esger eşikleriňem, esger durmuşyňam gutly bolsun! Bu döwrem edil mekdep, talyplyk ýyllaryň ýaly ýaşlygyň ajaýyp möwsümleriniň biri. Gullukdaşlaryň bilen agzybirje boluň, dost-dogan ýaly biri-biriňizi sylaň! «Aradan ýyllar geçip gitse-de, bir döwüm çöregi paýlaşyp iýen gullukdaşlarym hiç ýadymdan çykmaýar» diýerdi daýylaryň. Ol döwürler-ä daşary ýurtlarda gulluk edilerdi. Indi bolsa, tüweleme, uçaryň ganatyna gonup bilseň, aňyrsy bir sagatdan görşüp bolýar» diýdim. Şonda ol esgerlere mahsus hereketler bilen bilindäki kemerini düzedip, eşiklerini çekişdirip durşuna: «Eje, entek biz taplanmaly. Düzgün-tertibe girmeli. Artykmaç agramdan, biweç endiklerden saplanmaly. Şeýdip doly esger durmuşyna girýänçäk, alty aý gerek. Ana, onsoň bize hakyky esger diýseňiz bolar» diýdi. Ine, bu gün onuň şol diýýän pursady ýetip gelipdir. Ol indi alty aý gulluk eden hakyky esger ogul.
Esgerlige bolan höwes onda we dostlarynda talyplyk ýyllarynda başlanypdy. Moskwanyň etegindäki şäherleriň birinde okap ýörkä, bir gün onuň tolgunyp jaň edeni ýadymda: «Eje, şu gün türkmen oglanlary bolup derýanyň çep kenarynda ýerleşýän «Lewbereg» diýip atlandyrylýan ýere gezelenje gitdik. Ol ýerde açyk asmanyň astyndaky taryhy muzeýi görüp haýran galdyk. Uruş ýyllarynda (1941 — 1945-nji ýyllaryň) aç-açan söweşe giren tanklaryň, pulemýotlaryň birnäçesi seteran dur. Hersiniň ýanynda hem näçenji ýylda, haýsy söweşe gatnaşandygy ýazylgy. Tanklary görüp, taryh sapagy ýadyma düşdi. Mugallymymyz bize Türkmenistanyň gelin-gyzlarynyň fronta kömek üçin tabşyran altyn-kümüş şaý-sepleriniň hasabyna birnäçe söweşjeň tanklaryň ýasalandygyny aýdypdy. Lallyk Hanow diýen ildeşimiz bolsa hut öz harajadynyň hasabyna tank ýasadyp, söweşe ugradylmagyny haýyş edip, fronta kömek beripdir. Belki, şu duran tanklar şolaryň biridir. Ýa-da türkmen ýigitleriniň biri bu «polat atlara» atlanyp, gahrymanlarça söweşendirler. Watan goragy mukaddes zat, eje! Nesip bolsa, okuwymyzy gutaryp baranymyzdan soň, öýlenmänkäk, dessine gulluga gitmegi oglanlar bilen karar etdik» diýipdi. Onuň bu sözleri meniň ýüregimiň jümmüşinde gizlinje duran arzuwlarymy oýaryp goýberipdi. Sebäbi ejem janyň her gezek ogullaryny gulluga iberende hudaýýoly paýlap ýörşüne: «Nurym gulluga gitdi. Hudaýa şükür, alty oglumyzyň altysam gulluk etdiler. Gulluk oglanlary taplaýar. ata-enesiniň gadyryny, çöregiň, Watanyň gymmatyny bilmekde gullugyň belli bahasy ýok. Size-de nesip etsin, meň ýaly körpe ogluňyzam gulluga iberip, hudaýýoly paýlamak» diýerdi. Özem geň ýeri, şeýle ýüregi ýuka, rehimli aýaldyram weli, hiç aglamazdy pahyr. Ogullaryny ýola salyp, arkaýynlaşansoň welin gözüne ýaş aýlap, «Wah, men ene bolup, ejizläp dursam, olaryň hem göwni bozulmagy mümkin. Allajan aglamaly etmäwersin, ýurt parahatçylygy bolsun! Iki ýyl diýeniň hä diýmäni geçer gider» diýerdi. Käbämiň şol häsiýeti maňa-da geçen bolmaly. Oglumyň gulluga ugrap barýanyny eşidibem, eger-eger gözüme hatda ýaş aýlabam görmedim. Esgeriň ejesi şeýle-de bolmalydyr. Onsoňam, oglum okuwyny tamamlap, ýurdumyza gadam basan gününden başlap özi bilen birlikde menem esgeriň ejesi bolmaga taýýarlan ekeni. Onuň ýigit ýetenden soň, her bir hereketine, aýdan sözlerine syn edip ýörşüme, begençli günlerimiň sany artyp barýardy. Daşary ýurtda okap gelen talyplardan edilýän talaba görä, ol diplomyny tassyklatmak üçin bileje okan deň-duşlary bilen goşmaça okuwa gatnap ugrady. Bir günem: «Şu gün synag güni. Eje, maňa ak pata ber!» diýip ýylgyryp dur. Ony jogap ýylgyryşly süýji sözlerim bilen ganatlandyrdym. «Oglum, kakaň sargaýşy ýaly, özüňe ynamyň ýoldaş bolsun! Üstünlik hemraň, ruhuň belent bolsun! Synaglardan sag-aman geçip, işe başlamak nesip etsin!» diýdim. «Ýene-de bir zady üstüne goşmagy ýatdan çykardyň, eje jan!» diýip ol eňejigini ýokary galdyryp, göreçlerime seredip, «Hany oýlan!» diýýän ýaly bolup dur. «Bir wepaly ýar ýoldaşyň bolsun!» diýip goýberdim welin, kanagatlanmady öýdýän. Esgerlere öýkünip, sag elini maňlaýynyň sag tarapyna degrip, çagalygyny ýatlap: «Haýt bir, haýt iki» diýip, iki ýana ýöräp başlady. Maňlaýyndan ogşap, «Meniň arzuwly, maksatly balam, şeýle bolsun, esger bolmagam, gelinli-göweçli, kärli-hünärli bolmagam nesip etsin!» diýsem, gujagyna pugta gysyp, «Ana, indi kabul, käbäm» diýdi-de, içi ak ýektaýly, kitap-depderli ýantorbasyny göterip, howlukmaç çykyp gitdi. «Ene dilegi emin, perzent dilegi güman» diýselerem, şol gezek ikimiziň arzuwlarymyzy eşiden perişdeler dessine «Omyn!» diýen bolmaly. Tüweleme, synagdan geçip diplomyny tassyklatmagam, egnine lukman eşigini geýip, ökde hirurglar bilen işlemegem, iň esasy, özüniň arzuw edişi ýaly, Watan gullugyna gitmegem oňa nesip etdi.
Türkmeniň düşünjesinde Watan goragy birinji orunda. Oňa öňde-soňda iň mert, batyr, gorkmazak ýigitler saýlanyp alnypdyr. Watanyň başyna iş düşende olar her bir ädim ýeri jany-teni, gyzyldan gymmatly seri bilen gorapdyrlar. Görogly, Jelaleddin, Keýmir serdar... ýaly är ýigitler ýöne ýere, arzuw bilen dörän gahrymanlar däl. Olar hakykatda ýaşap, şu eziz topragy, türkmen ilini kükrek gerip goran merdi-merdanalar. Ine, şular ýaly batyr ýigitleriň arkasyndan türkmeniň mertlik, gaýduwsyzlyk, watansöýüjilik ýaly kämil häsiýetleri kemala gelipdir. Watanyň gymmaty, öý-ojagyň mukaddesligi aňrybaş derejä ýetipdir. Şeýle gözsüz batyrlaryň, şir ýigitleriň bardygyny eşidip, daşky duşman mydam eýmenip gezipdir.
Hudaýa şükür, bagtyýar zamanamyzda ýurdumyz parahat, ilimiz abat. Agzybirligi, jebisligi şygar edinip ýaşaýan ýurdumyzda esger bolmagyň lezzeti bolsa bir başga. Esgerlik — ýaşlyk döwrüniň bir ajaýyp pasly. Özem şol pasylda jany tut ýaly sag, fiziki tarapdan kemçiliksiz, ruhy tarapdan kämil ýaşlar düşläp geçmäge mynasyp görülýär. Sebäbi olara Watanyň ykbaly ynanylýar. Sadagasy boldugym, bu eziz Watana gulluk etmek bolsa, her bir ýaş ýigidiň, hakyky esgeriň jana-jan borjudyr.
                                            Ogulbeg JUMAÝEWA,
                                            «Nesil».