Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Garaşsyzlyk berkarar döwletimiziň synmaz binýady, bagtyýar durmuşymyzyň mizemez esasydyr!

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli dabaralar
Aşgabat, 27-nji sentýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döredijilik, ösüş we abadançylyk ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň taryhynda şanly sene — Garaşsyzlyk güni giňden bellenilýär.
«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary bilen geçýän şu ýylda bu giň gerimli hem-de şatlykly baýramçylyk biziň ählimiz üçin aýratyn many-mazmuna eýe bolup, hakykatdan-da, taryhy ähmiýetli wakalary özünde jemleýär. «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanun ählihalk ara alnyp maslahatlaşylmadan soňra 25-nji sentýabrda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edildi, bu resminama laýyklykda, ýurdumyzda iki palatadan — Mejlisden we Halk Maslahatyndan ybarat bolan Milli Geňeş döredildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumymilli forumda eden maksatnamalaýyn çykyşynda belleýşi ýaly, şu gezekki konstitusion özgertmeler Garaşsyz ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň hukuk binýadyny berkitmek we döwlet häkimiýet edarasynyň işiniň netijeli bolmagyny ýokarlandyrmak üçin oňaýly şertleri döreder.
Türkmenistan döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolmagynyň 29 ýyllyk şanly senesini ägirt uly üstünlikler bilen garşylaýar, bu ýetilen sepgitler geljekki üstünlikleriň hem-de täze zähmet ýeňişleriniň ygtybarly binýadyny emele getirýär.
Ähli ýerlerde giň gerimli gurluşyk işleri ýaýbaňlandyrylyp, köp sanly häzirki zaman desgalary, nebitgaz we himiýa senagatynyň, energetika toplumynyň, oba hojalyk, ulag we kommunikasiýa, söwda we hyzmatlar ulgamynyň desgalary gurlup, ulanylmaga berilýär. Türkmen halkynyň durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar, obalarda we şäherlerde halkara ölçeglere laýyk gelýän zerur düzümler kemala gelýär.
Türkmenistanyň esasy ugurlary beýleki döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak, iri halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen ýygjam gatnaşyk etmek bolup durýan oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasy strategiýasy hem aýdyň miwelerini berýär.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge, energetika howpsuzlygy üpjün etmäge, halkara ulag geçelgelerini kemala getirmäge, daşky gurşawy goramaga, döwrüň beýleki wajyp meseleleriniň sazlaşykly çözgüdini işläp taýýarlamaga gönükdirilen netijeli başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna we ykrarnamasyna mynasyp boldy.
Şu ýylyň möhüm wakalarynyň hatarynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň baýram edilmegini bellemek gerek. Şu şanly sene mynasybetli Diýarymyzda we daşary ýurtlarda dürli çäreler geçirilýär. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýakynda açylan 75-nji mejlisiniň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanylmagy Watanymyzyň belent halkara abraýynyň ýene-de bir ajaýyp subutnamasyna öwrüldi.
...Asylly däbe görä, Garaşsyzlyk güni mynasybetli esasy dabaralar Aşgabatda, ýurdumyzyň Baş meýdançasynda ýaýbaňlandyryldy.
Münberde Hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, hormatly ýaşulular ýygnandylar.
Garaşsyzlyk meýdanynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goşunlarynyň harby gullukçylary nyzama düzüldiler. Sagat 10:00. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Göreldeli harby orkestri dabaraly sazy çalýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet münberine çykýar. Ýygnananlar milli Liderimizi ruhubelentlik bilen mübärekleýärler.
Baýramçylyk, däp bolşy ýaly, harby ýörişden başlanýar. Ol mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň, mähriban topragymyzyň parahatçylygynyň we asudalygynyň, halkymyzyň abadan durmuşynyň goragynda duran türkmen esgerleriniň ýokary hünär ussatlygyny nobatdaky gezek görkezdi.
Goranmak ministri B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli ata Watanymyzyň goranyş kuwwatynyň gözden geçirilişine taýýarlyk barada hasabat berýär.
Döwlet Baştutanymyz ýörişi başlamaga rugsat berýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe harby gullukçylarymyzyň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertleri has-da gowulandyryldy. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleri iň döwrebap tehnikalar, ýaraglar, sanly tehnologiýalar bilen yzygiderli üpjün edilýär.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümi döwletimiziň hemişelik aladasyna mynasyp jogap bermek bilen, iň täze harby tehnikalara we ýaraglara erk etmegiň ussatlygyny, söweşjeň taýýarlygyň ýokary derejesini görkezýärler.
Olar öz borçlaryny ýerine ýetirenlerinde Diýarymyzyň howpsuzlygyny we serhetleriniň bitewüligini üpjün etmegiň harby-syýasy, harby-ykdysady hem-de harby-strategik esaslaryny kesgitleýän goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň düzgünlerinden, maksatlaryndan we wezipelerinden ugur alýarlar. Esgerler we serkerdeler Watanymyzyň hem-de dünýäniň taryhynda öçmejek yz goýan beýik türkmen ogullarynyň mynasyp nesilleri bolup durýar.
...Goranmak ministri awtoulag bilen dabaraly harby ýörişe gatnaşýan şahsy düzümleriň öňünden geçip, olary gutlaýar. Şahsy düzümleriň hatarynda harby gullukçylar hem-de ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary, Milli Goşunymyzyň esgerleri hem-de serkerdeleri egin-egne berip durlar.
Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy dabaraly ýagdaýda galdyrylýar. Bu görnüş şu ýere ýygnananlaryň gülläp ösýän eziz Watanyna bolan buýsanjyny artdyrýar.
Mukaddes Tugumyz türkmen halkynyň hakyky watançylygyny hem-de Watana bolan çäksiz söýgüsini, belent döredijilik ruhuny alamatlandyrýar. Geçen ýigrimi dokuz ýylyň dowamynda ýurdumyz Döwlet baýdagynyň astynda öz täze taryhyny döredip, ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen öňe barýar, belent sepgitlere ýetip, dünýä giňişliginde garaşsyz ösüşiniň özboluşly nusgasyna eýe bolan döwlet hökmünde berkarar bolýar.
...Meýdanda nyzama düzülen türkmen harbylary ata Watanymyza, mähriban halkymyza, hormatly Prezidentimize wepalylyk kasamyny aýdýarlar.
Milli Goşunymyzyň harby gullukçylary asyrlaryň dowamynda toplanan hem-de şu güne ýetirilen şöhratly däplerimizi aýawly saklamak bilen çäklenmän, eýsem, ata-babalarymyzyň wesýetlerine wepalylygyny iş ýüzünde tassyklaýarlar.
Baýramçylyk ýörişini baýdak göterijiler topary açýar. Esgerler dabaraly sazyň astynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny hem-de Ýaragly Güýçlerimiziň goşun kysymlarynyň söweşjeň baýdaklaryny alyp geçýärler.
Söweşjeň baýdaklar hemişe harby esger mertebesiniň, edermenligiň we şöhratyň, goşunyň buýsanjynyň nyşany bolup geldi. Mukaddeslik hökmünde garalýan söweşjeň baýdagyň öňünde Watana wepaly gulluk etmek hakynda kasam edýärler. Watana we öz halkyňa birkemsiz gulluk etmek ähli döwürlerde türkmen üçin uly hormat hasaplanypdyr. Munuň şeýledigini halkyň şöhratly taryhy hem tassyklaýar.
Soňra dabaraly harby ýöriş bilen Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby okuwçylary geçýärler.
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ähli kysymlarynyň ýaş esgerleri we şahsy düzümi gaýduwsyz esger, milli Liderimiziň atasy Berdimuhamet Annaýewden görelde alýarlar. Türkmen topragynyň şöhratly oglunyň, edermen esgeriň hem-de guýmagursak mugallymyň durmuş ýoly ýaşlar üçin hakyky watançylygyň nusgasydyr.
Watanyň ilkinji ýaňy boýunça urşa gitmek bilen, ol 1943-nji ýylyň sentýabrynda 2-nji ukrain frontunyň 748-nji atyjylyk polkunyň düzüminde ilkinjileriň hatarynda Dnepr derýasyndan geçýär. Şol agyr söweşde polkuň söweşjeň baýdagy uly derýadan geçen esgerleriň deňsiz-taýsyz edermenliginiň we gaýduwsyzlygynyň baş nyşanyna öwrüldi.
Berdimuhamet Annaýew Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, Watany goramakda we harby borjy ýerine ýetirmekde görkezen şahsy edermenligi, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda görkezen batyrlygy hem-de gaýduwsyzlygy üçin Russiýa Federasiýasynyň ýokary döwlet sylagy — “Edermenligi üçin” diýen medal bilen sylaglanyldy.
9-njy maýda, XX asyryň gazaply we gandöküşikli urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygynyň baýram edilen güni Russiýa Federasiýasynyň goranmak ministriniň orunbasary, general-polkownik Aleksandr Fominiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyza hormatly wezipäni ýerine ýetirmek üçin gelip, türkmen tarapyna 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunyň söweşjeň baýdagyny gowşurdy.
Şu ýylyň 13-nji maýynda bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebine ussat mugallym, edermen esger Berdimuhamet Annaýewiň harby gulluk resminamalaryny gowşurdy. Munuň özi ykballaryny Watan goragyna baglan geljekki Watan goragçylary bolan harby okuwçylar üçin ähmiýetli waka öwrüldi.
...Münberiň öňünden Milli Goşunymyzyň serkerdeler batalýony — söweşjeň taýýarlygyň ussatlary geçýärler. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň ähli goşunlarynyň wekilleri şöhratly ata-babalarymyzyň däplerini mynasyp dowam edip, öz harby we raýatlyk borçlaryny abraý bilen berjaý edýärler.
Olaryň yzysüre geçen motoatyjy esgerler batalýonynyň ýokary tälimi hem-de ussatlygy ýurdumyzyň howpsuzlygynyň ygtybarly kepili bolup hyzmat edýär.
Motoatyjylaryň yz ýany eziz Watanymyzyň asuda asmanyny ygtybarly goraýan Harby-howa güýçleriniň uçarmanlary geçýärler.
Baýramçylyk ýörişine gatnaşyjylaryň hatarynda deňiz-pyýada batalýonynyň harby gullukçylary hem bar. Döwletimiziň Harby-deňiz güýçlerine üns bermegi netijesinde, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde, harby flotuň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar.
Ýaş esgerleri ata Watanymyza wepalylyk ruhunda terbiýelemek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmen ýaşlary hünär derejeli harby gullukçylary taýýarlaýan okuw mekdeplerine girmäge uly isleg bildirýärler, Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň hem-de halkymyzyň asuda durmuşynyň goragynda durýan edermen serkerdeleriň hatarynda bolmagy arzuw edýärler.
Häzir Türkmenistanda harby ýokary okuw mekdepleri hereket edip, şolaryň öňünde milli harby işgärleriň täze neslini kemala getirmek wezipesi durýar. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlislerinde edýän çykyşlarynda bilim bermegiň hiline we netijeliligine, hünär ussatlyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, döwrebap tehnikalary hem-de enjamlary dolandyrmagyň endiklerini kämilleşdirmäge üns bermegiň zerurdygyny aýratyn belleýär.
Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň işi hem öňde goýlan maksatlara ýetmäge gönükdirilendir. Şu ýerde döwrüň talaplaryna kybap gelýän bilim almak üçin ähli şertler döredildi. Bu ýokary okuw mekdebiniň talyplary hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň nobatdaky senesiniň hormatyna geçirilýän ýörişe gatnaşýarlar.
Watanymyzyň deňiz çäklerini ygtybarly goramak hem-de ýurdumyzyň Goranmak ministrliginiň we Döwlet serhet gullugynyň gämileri üçin derejeli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz instituty açyldy, bu günki baýramçylyk ýörişinde onuň talyplaryny hem görmek bolýar.
Olaryň yzysüre münberiň öňünden Milli howpsuzlyk institutynyň, Içeri işler ministrliginiň institutynyň hem-de Serhet institutynyň talyplary geçýärler. Şol ýokary okuw mekdeplerindäki okuw-terbiýeçilik işi häzirki döwrüň talaplaryna doly kybap gelýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen “Türkmen edermen” diýlip atlandyrylan ýörite maksatly batalýonyň esgerleri batly gadam urup geçýärler.
Bu bölümiň harby gullukçylarynyň esasy aýratynlygy söweşjeň, amaly we beden taýýarlygynyň ýokary derejesinden ybaratdyr. Bu düzümiň nyşanynda alabaýyň şekiliniň bolmagy tötänden däldir. Çünki onda şol häsiýetleriň hemmesi jemlenendir. Toparyň ykjamlygy olaryň öňünde durýan söweşjeň wezipeleri takyk we dessin çözmäge mümkinçilik berýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy hem-de goldawy bilen döredilen Ýaragly Güýçlerimiziň we Içeri işler ministrliginiň atçylyk bölümleriniň ýörişi baýramçylygyň hakyky bezegine öwrüldi.
Türkmen halkynyň buýsanjy we baýlygy bolup durýan behişdi bedewlerimiz, milli taryhymyzyň hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň janly nyşanlary, ösüşiň we rowaçlygyň täze belentliklerine tarap okgunlylygyň beýanydyr.
Köp asyrlaryň dowamynda ahalteke bedewleri gaýduwsyz ýigitlerimiziň wepaly ýoldaşy, baýramçylyklarda bolsa olaryň ýakyn dosty bolupdyr. Häzirki döwürde ahalteke bedewleri Watan goragçylarynyň ýakyn kömekçilerine öwrüldiler.
Soňky ýyllarda harby edaralara gelip gowşan döwrebap harby tehnikalaryň ýörişi häzirki döwrüň wehimlerine hem-de howplaryna garşy durmaga ukyply bolan döwletimiziň goranyş ukyplylygynyň ýokary derejesini görkezýär.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen bu ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň esasy ugurlaryna laýyklykda, Milli Goşunymyzyň kuwwatyny artdyrmak, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berilýär.
Ýaragly Güýçlerimiziň şahsy düzüminiň hünär taýýarlygy, hususan-da, ýaraglara we harby tehnikalara erk etmek, bölümleriň düzüminde özara gatnaşyklary kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler amala aşyrylýar.
Täze tehnologiýalar harby we hukuk goraýjy edaralaryň gündelik işlerinde netijeli ulanylýar. Şunda serkerdeler we esgerler öz öňlerinde goýlan jogapkärli wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirýärler.
...Baş meýdandan Milli Goşunymyzyň dürli kysymlarynyň mehanizirlenen kerwenleri yzly-yzyna geçýär. Kerweniň ýöriş hatarynyň öňüni «Combat Guard» kysymly harby awtoulaglar çekýär.
Onuň yzysüre Milli Goşunymyzyň ygtyýaryna gelip gowşan motoulag serişdelerini dolandyrýan harby gullukçylar geçýärler. Bu tehnikalar ýörite maksatly bölümler tarapyndan söweşjeň wezipeleri çalt hem-de bökdençsiz ýerine ýetirmäge niýetlenendir. Şolarda ornaşdyrylan döwrebap tehniki serişdeler islendik şertlerde söweşjeň wezipeleri ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Soňra meýdança ýörite işleri geçirmek üçin niýetlenen «MRZR-D2», «MRZR-D4», «DAGOR», «AJBAN» kysymly harby awtoulaglar çykýar. Bu ykjam we şol bir wagtyň özünde kuwwatly taktiki ulag serişdeleri barmasy kyn ýerlerde jogapkärli wezipeleri üstünlikli çözmäge kömek berýär hem-de “Türkmen edermen” ýörite maksatly toparyň harby gullukçylarynyň işinde ulanylýar.
Häzirki wagtda «Land Rover», «NIMR» kysymly sowutlanan awtoulaglar ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň düzümine kabul edilen kämil tehnikalardyr. Bu döwrebap harby awtoulaglaryň üstünde söweş alyp barmak üçin tanka garşy raketalar, taktiki uçarmansyz tehnikalar, minamýotlar hem-de pulemýotlar bar.
«Al SHIBL 2» kysymly sowutlanan ýeňil awtoulaglar göni hatarlarda geçýärler, olar Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň üstüni ýetirdi. Şolar «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparyň harby gullukçylary tarapyndan peýdalanylýar we olara söweşjeň wezipeleri ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Harby tehnikanyň gözden geçirilmegini «KARAKAL» kysymly özi ýöreýän tanka garşy raketaly toplumlaryň ýörişi dowam edýär.
Soňra meýdança «BTR-80A» kysymly sowutlanan ulaglar çykýar, şolaryň üstünde desantçylar topary hem-de göçme zenit-raketa toplumlary bar. Bu döwrebap tehnika özüniň ygtybarlylygy hem-de ýokary söweşjeň häsiýetnamalary bilen tapawutlanýar.
Ýörite maksatly toparlar üçin niýetlenen «Kirpi» kysymly sowutlanan harby awtoulaglar hem münberiň öňünden nyzamly düzümde geçýärler. Ikinji mehanizirlenen kerweniň düzüminde «Rode Schwarz» kysymly häzirki zamanyň döwrebap harby aragatnaşyk enjamlary ýerleşdirilen «Land Rover» kysymly söweşjeň awtomobil bar.
Onuň yzy bilen «FM-90» hem-de «Печора-2BM» kysymly asmana atyjy raketa toplumlary hereket edip, şolar ýerüsti we suwastyndaky nyşanlary urmak üçin ulanylýar.
Üçünji mehanizirlenen kerweniň düzüminde Döwlet serhet gullugynyň ýöriteleşdirilen ulag serişdeleri — «PMV-SURVIVOR-II», «Toyota HILUX», «COBRA» bolup, olar eziz Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak üçin niýetlenendir. Bu ulaglar kuwwatlylygy, tizlik häsiýetleri hem-de ýokary geçijiligi bilen tapawutlanýarlar.
Soňra münberiň öňünden «IVECO» kysymly awtoulaglar geçýär, şolarda oturdylan «ZU-23» kysymly asmana atyjy raketa toplumlary pes belentlikde uçýan uçarlary ýok etmek üçin niýetlenendir.
Dördünji mehanizirlenen kerweniň nobaty gelip ýetýär. Goşunlaryň ähli kysymlary ýaly, içeri işler edaralary hem täze tehnikalar we enjamlar bilen üpjün edilýär, maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär. Şu günki ýörişe bu edaranyň ygtyýarynda bolan «OTOKAR», «PMV-SURVIVOR-II», «TOYOTA TUNDRA», «GMS Sierra» hem-de «FORD» kysymly ýeňil sowutlanan awtoulaglar gatnaşýar. Olar jemgyýetçilik tertibini saklamak üçin hyzmat edýär.
Baýramçylyk ýörişi howada dowam edýär. Döwrebap uçarlary ýokary uçuş ussatlygyny görkezýän türkmen uçarmanlary dolandyrýarlar. Ýurdumyzyň Harby-howa güýçleriniň dikuçarlary ata Watanymyzyň howpsuzlygyny, halkymyzyň asuda durmuşyny üpjün etmek işinde uly orun eýeleýär.
Asmanda «Mi-17» we «Mi-24» kysymly dikuçarlar peýda bolýar. Olaryň yzysüre howa giňişliginde ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň «Eurocopter-145» hem-de Milli howpsuzlyk ministrliginiň «Eurocopter-365», Döwlet serhet gullugynyň «Agusta-109» kysymly dikuçarlary uçup geçýär.
Soňra Baş meýdanyň ýokarsyndan «Diamond-42» kysymly ýörite uçar uçup geçýär. Onuň tehniki häsiýetnamalary aňtawçylyk uçuşlaryny geçirmäge hem-de aero-foto we wideo arkaly suratlary almaga mümkinçilik berýär. Soňra asmanda «SU-25» kysymly söweşjeň uçarlary peýda bolýar.
Umuman, harby ýörişe gatnaşan kuwwatly häzirki zaman ýerüsti hem-de howa tehnikalarynyň ählisi döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, milli Ýaragly Güýçleri döwrebaplaşdyrmak, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini kämilleşdirmek meselelerine yzygiderli üns berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysynyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan harby özgertmeleriň esasy wezipesi ykjam, goranyşa ýokary derejede taýýarlykly hem-de göwnejaý enjamlaşdyrylan goşuny döretmekden ybaratdyr. Häzirki wagtda bu wezipe üstünlikli çözülýär, şu günki geçirilen dabaraly ýöriş täze söweşjeň tehnikalar we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrmagyň hasabyna Ýaragly Güýçleriň goşunlarynyň ähli görnüşleriniň kuwwatynyň has-da artandygyny görkezýär.
Baýramçylyk ýörişi ýurdumyzyň Baş meýdançasynda dowam edýär. Döwlet münberiniň öňünde Goranmak ministrliginiň aýratyn Hormat garawuly batalýonynyň harby gullukçylary peýda bolýarlar, esgerler ýaraglary bilen hatarlaýyn emelleri ýerine ýetirmekde ýokary ussatlygyny görkezýärler.
Meýdanda Türkmenistanyň kartasynyň hem-de parahatçylygyň nyşany bolan kepderiniň şekilini we şanly senäni alamatlandyrýan 29 sany emele getirýärler. Soňra aýratyn Hormat garawuly batalýonynyň şahsy düzümi münberiň öňünde Garaşsyzlyk binasyny şekillendirýär.
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň birleşen harby orkestriniň eziz Diýarymyzyň baş baýramy mynasybetli taýýarlan sazly çykyşy belent ruhubelentlikde ýerine ýetirmegi dabaraly harby ýörişiň ajaýyp jemlenmesi boldy.
...Münberiň öňündäki meýdança ahalteke bedewi çykarylýar, onuň baýramçylyk görnüşindäki bezegi gözelligini has-da artdyrýar. Ajaýyp bedew ýokary derejede başarnygyny hem-de nepisligini äşgär edýär.
Watanymyzyň, tutuş türkmen halkynyň abadançylygy we bagtyýarlygy ugrunda ýadawsyz zähmetine çuňňur hoşallygyň nyşany hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa egindeşleriniň adyndan Buýsançly diýen altynsow reňkli ajaýyp bedew sowgat berilýär.
2018-nji ýylda doglan ahalteke bedewi Edep we Gabakly diýen naýbaşy ahalteke bedewleriniň nesillerine degişlidir, öz gezeginde, olar şöhratly Gyrsakaryň neslindendir.
Gadymyýetde bolşy ýaly, häzirki wagtda hem ahalteke bedewleri ýurdumyzda geçirilýän milli baýramçylyklara gatnaşdyrylyp, dabaralaryň bezegine öwrülýär, olar halkymyzyň wepaly ýoldaşydyr, Watanymyzyň taryhynyň hem-de iň täze eýýamynyň üznüksiz dowamatlylygynyň aýdyň nyşanydyr.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli geçirilýän uly dabarada bütin dünýäde şöhrat gazanan ezber jigitler görkezme maksatnamasy bilen çykyş edýärler. Bütindünýä festiwallarynyň we halkara bäsleşikleriň ençeme gezek ýeňijisi bolan Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary ýene-de tomaşaçylaryň öňünde at üstünde çylşyrymly tilsimleri ýerine ýetirmekde ýokary ussatlyk görkezdi.
Atlylar toparynyň ýolbaşçysy Akhan diýen bedewde çapyksuwarlaryň hatarynyň öňüni çekdi. Bu bedew milli mukam astynda tansy ýerine ýetirdi. Şeýle hem 2018-nji ýylda Akhanyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigini ýatladýarys. Bu atyň iki aýagynda 10 metr aralygy 4,19 sekuntda geçip, görkezen täsin hereketi resmi taýdan bellige alyndy, şu görkeziji bilen ahalteke bedewi ozalky dünýä rekordyny täzeläp, özüniň ozal görkezen iň gowy netijesini iki esse gowulandyrdy.
Akhany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň seýisläp, tälim öwredendigi nazara alnanda, bu ajaýyp görkeziji kanunalaýykdyr. Döwlet Baştutanymyz ussat çapyksuwar hem-de atşynaslyk sungatyna sarpa goýmak bilen, tälim berýän ahalteke bedewleriniň häsiýetlerini oňat bilýär, olaryň her birine aýratyn çemeleşmegiň usulyny tapýar. Bedewler hem öz gezeginde şeýle alada çäksiz ynam we wepadarlyk, berilýän buýruklary birkemsiz berjaý etmek bilen jogap berýärler.
Akhanyň gazanan bu üstünligi türkmen bedewiniň şan-şöhratyny has-da artdyryp, gadymy asyrlarda kemala gelen hem-de tutuş dünýä at-owazasy ýaýran bedewlerimiziň hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz aladalary bilen täze derejede öwşün atýan göwher gaşy kimin gaýtadan şöhratlanýandygynyň ýene-de bir subutnamasydyr.
Bedew bady berkarar Watanymyzyň taryhynyň, häzirki döwrüniň hem-de geljeginiň ajaýyp alamatlaryna öwrüldi. Şunda öz mirasyny gözüniň göreji ýaly gorap saklamagy hem-de oňa sarpa goýmagy, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda şu günki ajaýyp durmuşyny gurmagy we nurana geljege tarap ýol açmagy başarýan halkymyzyň beýik ykbaly öz beýanyny tapýar. Täsin bedewlerimiziň ajaýyp gözelligine tutuş dünýä haýran galýar hem-de milli atçylyk sportumyzyň we sirk sungatymyzyň dünýä derejesinde geçirilýän bäsleşiklerde mynasyp wekilçilik etjekdigine ynanmak üçin ähli esaslar bar.
Akhan iki aýagyna galyp, ýene-de özüniň täsin başarnygyny görkezdi.
Dabaralar «Küştdepdi» tansy bilen tamamlandy. Tansyň ýerine ýetirilmeginiň dowamynda howa şarlary bilen birlikde, parahatçylygyň we bagtyýarlygyň, hoşniýetli arzuwlaryň hem-de nurana umytlaryň nyşany hökmündäki arzuwlary özünde jemleýän ak kepderiler asmana uçuryldy.