Garaşsyzlyk — döwletlilik

Garaşsyzlyk döwletlilikdir. Garaşsyzlyk — döwletli döwranymyzyň daýanjy, bagtyýarlyk binýady hem halkymyzyň guwanjy. Garaşsyzlyk nesli — döwletli nesil.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk halkymyz üçin ata-babalarymyzyň milli ruhy taglymat gymmatlygydyr. Türkmeniň Garaşsyzlyk, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ruhy mirasyň özen-örkünden maýa alandyr. Munuň şeýledigine milli Liderimiziň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda halkymyza ajaýyp sowgady bolan, şanly ýylyň toý-dabaralaryna täze mazmun çaýan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyny okap, has aýdyň göz ýetirmek mümkin.
Eseriň başynda Garaşsyzlyk eýýamynyň, bagtyýarlyk döwrümiziň anyk mazmunynyň adam gymmatlygynda jemlenendigi, onuň maksatlarynyň hem adam gymmatlygyndadygy nygtalýar. Ajaýyp döwrümiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi we oňa laýyklykda durmuşa geçirilýän, ynsanperwerligiň belent nusgasy bolan özgertmeler, gazanylýan üstünlikler muny doly tassyklaýar.
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitabynda aýdylyşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň aýdyň ösüş ýollary dünýä ösüşlerinde öz ornuny tapmaga gönükdirilendir. Olar Garaşsyzlygyň datly miweleridir. Kitapda ýazylyşy ýaly, adam hem-de adamlar üçin iň ýokary derejeli gymmatlyk Zeminiň abadanlygydyr, sagdyn durmuşda, eşretiň hözirini görüp ýaşamakdyr.
Garaşsyzlyk süňňi ynsaplylyk ýörelgelerine ýugrulan türkmen ýoluna — türkmençilige rowaçlyk berdi. «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» eserinde şeýle bellenilýär: «Adamzat dogry ýaşamagyň tertip-düzgünlerini durmuşda giňden özleşdirip, ony kada öwürýär. Ol dürlüçe atlandyrylyp, teologiýa, filosofiýa, etika, estetika, logika we beýleki ylymlaryň kämilleşmeginde uly orny eýeläpdir. Biziň halkymyzda bolsa, şol kada-kanunlar taryhy jähetden uly döwri başdan geçirip, «türkmençilik» diýip şertli atlandyrylýan ýaşaýşyň özboluşly ýörelgeleriniň toplumynda has pugtalanypdyr».
Hormatly Prezidentimiz türkmençilikde «Dostum dogan bolsun, doganym dost bolsun!» diýen aýtgynyň bardygyny, halklaryň we döwletleriň arasyndaky dostlugyň dünýäde ynsanperwerligi ýola goýýan taglymatdygyny tekrarlaýar, dünýäde dostlugyň rowaçlanmagyny arzuw edýär: «Dostluk — adamzadyň ýakynlaşmagynyň ýoly. Dostluk — asylly ýörelgeleriň ebedi dowam etmeginiň ýoly. Häzirki wagtda halkara giňişligindäki dostlukly gatnaşyklar ösüşleri ýaýbaňlandyrmaga amatly ýagdaýy döredýär. Adamzadyň döreden beýik taglymatlaryny durmuşa ornaşdyrmagyň ýoly hem dostlukdadyr». Garaşsyzlyk baýramynyň bosagasynda, 23-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýubileý mejlisinde wideoýazgy bilen çykyş etmegi, onda durnukly ösüş, parahatçylyk maksatlaryna ýetmegiň ýollaryny salgy bermegi, halkara syýasatynda ynanyşmagy täzeden dikeltmek, özara hormat goýmak gatnaşyklarynyň medeniýetini berkarar etmek hakynda aýdanlary giň goldawa eýe boldy.
Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy bilen utgaşyp gelen Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ýokary derejede geçirilmegi aýratyn buýsandyryjydyr. Onda kabul edilen çözgütleriň, şol sanda Konstitusion kanunyň syýasy, jemgyýetçilik we taryhy ähmiýeti örän uludyr. «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitapda bellenilişi ýaly, «Türkmenistanyň Konstitusiýasy adalatly ýörelgeleriň synmaz sütünidir». Bu taryhy wakalar döwlet dolandyryş ulgamynda demokratik kadalaryň dabaralanýandygyny dünýä ýene bir ýola äşgär etdi.
Garaşsyzlygymyzyň esaslarynyň pugtalandyrylmagynda, Garaşsyzlyk nesliniň kemala gelmeginde, ilkinji nobatda, ylym-bilimiň orny uludyr. Bu barada milli Liderimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynda şeýle diýilýär: «Häzirki döwürde biz Watanymyzyň beýik üstünlikleriniň binýadyny ylym-bilimiň ösüşlerinde görýäris. Ýurdumyzyň geljegi adamlardadyr, olaryň döredijilik ukybyndadyr diýmek bilen, biz ylym-bilim ulgamyndaky netijeli işiň derwaýysdygyny nazara alýarys. Ýurduň ösüşi, ilkinji nobatda, onda ylym-bilimiň döwrebap ösüşi babatdaky döredilýän mümkinçiliklerde jemlenendir. Taryhda bina edilen kuwwatly türkmen döwletlerinde ylym-bilim ýokary derejelerde ösdürilipdir. Ylym-bilim baýlygy bolsa, edil adamy adam edýän altyn ýörelgeleriň, ynsaplylyk, adalatlylyk, lebzine wepalylyk, edermenlik, halallyk, şükürlilik, gaýratlylyk ýaly häsiýetleriň ynsan üçin umumy bolşy ýaly, adamlaryň köňlüni açyp görkezýän baýlykdyr».
Garaşsyzlyk nesli ata-babalarymyzyň watansöýüjilik ruhuny, ynsanperwerlik ýörelgelerini, asylly milli hem-de zähmet däplerini mynasyp dowam edýärler. Ýaşlar Watan öňündäki mukaddes borçlaryna wepalydyrlar. Sebäbi olar Watanyň güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi hökmünde jogapkärçiliklerine dogry düşünýärler. Garaşsyz Watanymyza bolan egsilmez söýgi milli bilimiň, terbiýäniň özenini düzýär.
Garaşsyzlygymyzyň şanly ýyllarynda «Bilimli nesil — kuwwatly Watan!», «Medeniýet halkyň kalbydyr» ýaly şygarlar bilen bir hatarda, «Il saglygy — ýurt baýlygy» ýörelgesi hem öňe sürüldi, sagdyn durmuş ýörelgeleri has-da dabaralandy. Hormatly Prezidentimiz täze eserinde: «Saglyk diýmegiň manysynda dogry ýaşamak hakyndaky düşünje bardyr. Soňky ýyllarda sagdyn ýaşaýyş diýen düşünjä has uly ähmiýet berilýär. Saglyk diýlende, adamyň synasynyň sagdynlygy barasyndaky aladalar göz öňüne gelse-de, ol pikirleriň sagdyn bolmagyny hem aňladýar. Pikirler sagdyn bolanda, syna hem sagdyn bolýar» diýmek bilen, beden we ruhy sagdynlygyň sazlaşykly bolmalydygyny ündeýär. Häzirki döwürde döwletimiziň saglygy goraýyş ulgamynda gazananlary, uly üstünlikleri dünýäde ykrar edilýär.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk baýramy gazanan üstünliklerimize buýsanç döredýän, beýik geljegimize ynamy berkidýän baýramdyr! Ata Watanymyzyň iň täze taryhy, biziň üstünliklerimiziň hem-de ösüşlerimiziň ählisi beýik Garaşsyzlykdan başlanýar. Olary has-da dabaralandyrýan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramy gutly-mübärek bolsun!
                                    Nargül ATAŞOWA,
                                    TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, 
                                    edebiýat we milli golýazmalar institutynyň aspiranty