Talyp ýaşlar siziň bilen, Gahryman Arkadagymyz!

    Düýn ýurdumyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçy düzümleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleridir talyp ýaşlar gatnaşdylar. Göni wideoaragatnaşyk arkaly geçen maslahata paýtagtymyzdan we ýurdumyzyň welaýatlaryndan dürli pudaklarda zähmet çekýän raýatlarymyz degişli nokatlarda onlaýn usulda gatnaşdylar. Jemgyýetçilik ähmiýetli çäräniň dowamynda ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak, döwlet dolandyryşynyň işiniň netijeliligini artdyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk hem gowulandyrmak boýunça döwletli çözgütler kabul edildi. Biz hem Türkmenistanyň Halk Maslahatyna gatnaşan talyp ýaşlaryň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

    Döwletgeldi HOJAMBERDIÝEW,
    Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby:
    — Türkmenistanyň Halk Maslahatynda türkmen ýaşlarynyň adyndan çykyş etmek meniň üçin tapylgysyz bagt. Gahryman Arkadagymyz bilen didarlaşmak, Watanymyzyň geljekki ösüş ýoluny kesgitlejek maslahata gatnaşmak kalbymda gaýtalanmajak duýgulary oýardy.
    Gahryman Arkadagymyz ýaşlaryň medeni-köpçülik çärelerine gatnaşmaklary, zehin-başarnyklaryny kämilleşdirmekleri üçin elmydama atalyk aladalaryny edýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlaryň döwletiň we jemgyýetiň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna doly hukukly gatnaşmaklary ýurduň geljekki ösüş ugruny kesgitleýär. Türkmen ýaşlary yhlasly okamakda, erjel zähmet çekmekde, hünär öwrenmekde, sport bilen meşgullanmakda, ýaşuly nesillere sylag-sarpa goýmakda hormatly Prezidentimiziň nusgalyk göreldesine eýerýärler. Gahryman Arkadagymyzyň paýhasy bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan işleriň düýp özeninde bagtyýar ýaş nesillerimiziň abadan şu güni, röwşen geljegi babatdaky aladalar durandyr.
    Häzirki beýik taryhy döwürde dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolan ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmekde, Garaşsyz Diýarymyzyň, mähriban halkymyzyň her bir gününi ýeňişlere beslemekde ýaşlaryň hem öz mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna ynandyrmak isleýärin. Biz — ýaşlara sowulmaz döwrany peşgeş beren hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! Mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyna gönükdirilen hukuk özgertmeleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin! Pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzy, agzybir halkymyzy ýetip gelen Garaşsyzlyk baýramy bilen gutlaýaryn! Sözümiň ahyryny Halk Maslahatyndaky çykyşymda aýdan setirlerim bilen jemläsim gelýär.
    Arkadag hem Watan — goşa ganatym,
    Arkadaga şöhrat! Watana şöhrat!

    Mekan ANNAMYRADOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby:
    — Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagy, halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy babatda taýsyz tagallalary edýär. Amala aşyrylýan özgertmeler durmuşyň ähli ulgamlaryny gurşap alýar. Şol işleriň hatarynda Garaşsyz Watanymyzyň kanunçylyk binýadyny berkitmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň dowamynda hem halkyň bähbidine gönükdirilen teklipler orta atyldy we oňyn çözgütleriň birnäçesi kabul edildi.
    Watanymyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Esasy Kanunymyzyň kämilleşdirilmegi hem-de üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi, kanun çykaryjy häkimiýetiň iki palataly ulgama geçmegi, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň bilelikde wekilçilikli edaralar ulgamyny emele getirmegi we milli Geňeş diýlip atlandyrylmagy ýurdumyzyň dolandyryş binýadynyň barha kuwwatlanýandygyny alamatlandyrýar. Bu başlangyçlar Garaşsyz Türkmenistan Watanymyzyň geosyýasy giňişlikde ornuny pugtalandyrmakda, milli demokratiýanyň hem-de halk häkimiýetiniň dabaralanmagyny gazanmakda, her bir adamyň syýasy, ykdysady, jemgyýetçilik, ruhy-medeni hukuklaryny, azatlyklaryny durmuşa geçirmekde we goramakda uly ähmiýete eýe bolar. Şeýle döwletli işlere badalga berlen jemgyýetçilik çäresine gatnaşmaga şert döredýän Gahryman Arkadagymyza bimöçber hoşallygymyzy bildirýäris. Hormatly Prezidentimizi, mähriban halkymyzy şanly Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

    Aýna GOÇOWA,
    Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby:
    — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halk hojalygynyň ähli pudaklary bilen birlikde, ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamlarynda hem milli maksatnamalar, konsepsiýalar yzygiderli kabul edilýär, ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary üçin toplumlaýyn özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynda eden taryhy çykyşynda: “Biziň beýik geljegimiz ýaşlaryň bagtyýarlygy, kadaly ösüşi bilen berk baglydyr. Ýaşlar Watanymyzyň güýç-kuwwaty we abraý-mertebesidir” diýip bellemegi ylym-bilime teşne bolan biz — talyp ýaşlary has hem guwandyrýar, ýurdumyzyň şan-şöhratyny dünýä ýüzünde dabaralandyrjak kämil hünärmenler bolup ýetişmäge ruhlandyrýar.
    Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaşlaryň döwletiň we jemgyýetiň ösüş-özgerişlerine doly hukukly gatnaşmagy, şeýle hem ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny kemala getirmek, olary watançylyga, ynsanperwerlige we zähmetsöýerlige mahsus ruhda terbiýelemek üçin mundan beýläk-de örän oňaýly şertleriň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Ýaşlaryň jemgyýetde mynasyp orny eýelemegi, köpçülikleýin çärelere işjeň gatnaşmagy we saýlap alan ugry boýunça kämilleşmekleri ugrunda alnyp barylýan Ýaşlar syýasatynyň ähmiýeti diýseň uly. Türkmenistanyň Halk Maslahatyna gatnaşmak bagtyna eýe bolmagymyz hem muny aýdyňlygy bilen subut edýär. Bize bu bagtyň eýesi bolmaga mümkinçilik döredip beren hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys!

    Rahymberdi TÄÇMUHAMMEDOW,
    Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby:
    — Şeýle döwlet ähmiýetli syýasy çärä gatnaşýan talyplaryň hatarynda bolanlygym üçin diýseň begenýärin. Türkmenistanyň Halk Maslahatynda döwlet möçberinde çözgütleriň kabul edilmeginde öz ornumyzyň bardygyny bilmek, ýurdumyzda alnyp barylýan uly tutumlara işjeň gatnaşmagymyz üçin döredilip berilýän mümkinçilikler hormatly Prezidentimiziň biz — ýaşlara bildirýän ynamyny äşgär edýär. Bu bolsa talyplary kämil şahsyýetler bolup ýetişmäge ruhlandyrýar, ýüregimizdäki watançylyk duýgusyny artdyrýar.
    Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynda eden çuňňur mazmunly taryhy çykyşyny, beýan eden paýhasly pikirlerini, öňde goýan aýdyň wezipelerini uly tolgunma bilen diňledik. Durmuşyň ähli ugurlary boýunça ösüşleri nazarlaýan bu başlangyçlaryň Watanymyzyň halkara abraýyny Ýer ýüzünde has-da dabaralandyrjakdygyna berk ynanýarys. Durmuşa geçirilýän Konstitusion özgertmeler bizi has-da buýsandyrýar. Bu özgertmeler halkymyzyň şu günki bagtyýar durmuşynyň kanuny goraglylygyny hem-de geljekki nesilleriň eşretli ýaşamagynyň sarsmaz binýadyny pugtalandyrýar. Biz — ýaşlar hem öz gezegimizde Esasy Kanunymyzy kämilleşdirmek barada hormatly Prezidentimiziň ykbal kesgitleýji başlangyçlaryny, öňe süren döwletli tekliplerini doly goldaýarys. Okuwymyzy tamamlap, ussat hünärmenler bolup ýetişip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda güýç-gaýratymyzy gaýgyrmarys. Ýaşlar hakyndaky aladany döwlet derejesine çykaran Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! Alyp barýan döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! Ýetip gelen mukaddes şanly Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk toýy gutly bolsun!
                                    Dawut ASGAROW,
                                    Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby, «Nesil».