Türkmençilikdäki geňeş däbi

    Halkymyzyň gadymdan gelýän il-halk bilen geňeşmek, maslahatlaşmak ýaly däpleriniň häzirki zaman nusgasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi milli demokratiýany we döwletlilik ýörelgelerimizi dabaralandyrmakda, döwlet durmuşynyň derwaýys meseleleri boýunça täze çözgütleri kabul etmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Konstitusiýamyza giriziljek üýtgetmeler we goşmaçalar bolsa Esasy Kanunymyzy has-da kämilleşdirmäge, dürli ulgamlarda hereket edýän kanunlaryň döwrebaplaşdyrylmagyna mümkinçilik berer.

    Milli terbiýedäki mertebelilik
    Hormatly Prezidentimiziň halkymyza ýüzlenip aýdýan şeýle ajaýyp sözleri bar: «Mähriban il-halkym! Bir hakykaty size aýratyn nygtaýaryn: iň uly mertebe özüň bolmakdadyr, dünýä hem özüň bolup çykmakdyr. Sebäbi, bu hakykata gulak goý, özüň bolmak dünýä bolmakdyr. Şonuň üçinem medeni miras düşünjesi adamzat gymmatlygynyň beýikligindedir». Bu nygtalýan gymmatly pikirler halkymyzyň ir döwürlerden bäri dowam edip gelýän geňeş däbi esasynda hem aýdyň ýüze çykýar: türkmen halkynyň geňeş däbi, ilkinji nobatda, milli terbiýedäki mertebelilikdir.
    Biziň halkymyzyň örän möhüm meseleleri tejribeli adamlar, at-abraýly ildeşlerimiz bilen geňeşip, aç-açanlykda maslahatlaşyp çözmek ýaly gowy däbiniň bardygyny belleýän alym Arkadagymyz sala salmak, geňeşmek, maslahatlaşmak, biragyzdan goldanylan pikiri köpçülik bolup unamak baradaky pikir-garaýyşlara terbiýeçilik mekdebiniň, bitewülik maksadynyň, hormat-sylaglylyk edebiniň ýörelgesi hökmünde ýokary baha berýär. Ýurdumyzyň gülläp ösüşlerini gazanmakda, durmuş meseleleriniň anyk çözgütlerini tapmakda ata-babalarymyzyň bu asylly däbine eýermegiň möhümdigini nygtaýan hormatly Prezidentimiziň peşgeş beren kitaplarynda halkyň asyrlaryň dowamynda bitewülik, agzybirlik, jebislik ugrundaky arzuw-isleglerinden, maksadyndan kemala gelen geňeş däbi hakyndaky maglumatlara giňden orun berilýär. Türkmençilikde köp işleriň başynyň geňeş bilen tutulyşy, geňeşe ýolbaşçylyk — kethudalyk etmegiň hukugy bolan adamlar, geňeşde garalan meseleler, göwnüňe geňeşmegiň ähmiýeti hakynda söhbet edilýär. Şeýle hem ykbal çözgüdine garalýan geňeşlerde meseläniň orta atylyşy, iliň pikirini jemlemek, pikir köpdürlüligi ýüze çykan ýagdaýynda oňyn tarapy saýlap almak ýaly usullaryň ulanylyşy babatda birin-birin durup geçýär.

    «Geňeşene giň dünýä»
    Türkmen halkynyň taryhynda medeni-ruhy durmuşyň möhüm meselelerine bagyşlanyp geçirilen halk ýygnaklary — geňeşleri ara alyp maslahatlaşmak arkaly karar kabul etmek hukugyna eýe bolupdyr. Türkmen diplomatiýasynyň taryhynda geçirilip durlan şeýle maslahatlar durmuşyň ähli meselesini öz içine alypdyr.
    Edebiýatyň taryhynda türkmenleriň geçiren halk maslahatlary we onuň häsiýetli aýratynlyklary barada ençeme maglumat bar. Ýazyjy ogly Alynyň «Seljuk türkmenleriniň taryhy» atly kitabyndaky: «Her döwürde bu ýigrimi dört boýuň hanlarynyň nesillerinden bir uly we kuwwatly patyşa ýüze çykyp, kän müddetler patyşalyk olaryň neberesinde galmyşdyr... Onsoň begler, ulular we kethudalar gurultaý we ýygnak edip, geňeşip, töre soraşdylar we maslahat etdiler» diýlip bellenilýär. Kitapdaky: «Döwlet emeldarlary we ýurt bossanyny goraýjylar maslahatlaşmak üçin gurultaý geçirdiler», «...Serkerdeler we alymlar maslahat etdiler. Gurultaý gurup, sag gol we sol gol begleri üýşüp: «Ýurt tagtyna we soltanlyk täjine kimi saýlamaly, şa Kowus ýerine seljuklylardan haýsysyny raýat eýesi etmeli» diýşip geňeşdiler» diýen ýaly setirler türkmenleriň häzirki Halk Maslahatynyň orta asyrlardaky taryhyndan habar berýär.
    «Geňeşene giň dünýä» diýen pähimden ugur alýan halkymyzda sala salmak, geňeş etmek ynsanperwerlikden, ýagşy gylyklylykdan, il bähbidini aramakdan, bitewi halk bolup maksatly menzile tarap ugur almakdan nyşandyr. Şonuň üçin halk arasynda «Är ýagşysy ile geňeşer» diýipdirler.

    «Ýaşulular geňeş etse»
    Türkmen halkynyň gadymdan gelýän geňeş medeniýeti babatdaky maglumatlary ýüze çykarýan edebi ýadygärliklerimiziň biri hem «Gorkut ata» şadessanydyr. Eserde tutuş halk tarapyndan hormatlanylýan, sözi sarpalanylýan, halk pähim-paýhasyny wagyz-nesihat ediji Gorkut ata il ýaşulusydyr, danasydyr.
    «Kitaby Dädem Gorkut» atly kitapda: «Kowumly kowumy ile geňeşdimi?», «Maslahat gördüler ki: «Däde Gorkut warsun» diýdiler», «Nije maslahat görerlerse, aňa görä iş idelim» diýen ýaly halkyň geňeş däbinden söz açýan jümleler bar. Külli oguz iliniň maslahatçysy, parasatly ýaşulusy hökmünde geňeşdaryň, kethudanyň wezipesinde çykyş edýän Gorkut atanyň her bir waka bilen baglanyşykly berýän maslahaty halkyň durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolan milli ýörelgäniň — geňeş däbiniň şöhlelendirilmesidir. Gorkut atanyň edep-ekramlylyk, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik hakyndaky parasatly, çuň manyly sözleri türkmen halkynyň ynsan mertebesi babatdaky pelsepesiniň özenidir.
    Türkmen halkynyň «Görogly» şadessanynda hem halkyň geňeş däbi uly orna eýedir. Şadessandaky paýhasly goja Jygaly begiň öz agtygyna eden ilkinji sargydy:
    — Gyraty besle jul bilen,
    Oturşgyn ähli il bilen...
    Şat bol il-halkyň görende,
    Sözün al geňeş berende —
    diýen ýaly setirler arkaly il-halka ýakyn bolmak, ýaşuly nesliň geňeşine, pendi-nesihatyna uýmak, ýerlikli aýdylan söze gulak salmak ýaly öwüt-ündewlerden başlaýar. Bu ýagdaý, ilkinji nobatda, halk arasynda ýaşuly nesliň belent mertebeliligine yşaratdyr. Şeýle hem bu ýerde geňeş däbi esasynda ýaşulularyň maslahatlaşyp, «ýagşy-ýamana göz ýetmegi» — durmuş meselelerine serenjam bermegiň, halk bähbitli işlerde jebisligiň, köpüň unan ugruny goldamagyň esasy ýörelgesi hökmünde hereket edýär:
    Ýaşulular geňeş etse,
    Ýagşy-ýamana göz ýetse,
    Il-halkyň bir iş tutsa,
    Sen ondan galyjy bolma!
    
    Il biläni
    Türkmençilikde geňeş bilen bagly meselelerde danalaryň — ylymly-bilimli adamlaryň, şahyrlaryň pikirine hormat goýmak ir döwürlerden bäri dowam edip gelýän ýörelgeleriň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly kitabynda türkmeniň beýik şahyry Magtymgulynyň ynsan ruhuna ganat beriji şygyr setirlerine ýokary baha berýän: «Il ykbaly — seniň ykbalyň. Magtymguly akyldaryň «Her iş gelse, il biläni» diýen setirleri seniň üçin başarjaňlygy, ugurtapyjylygy, töwekgelligi ündeýän dana kelamydyr» diýen sözleri türkmen halkynyň ynsanperwerlik, watansöýüjilik, yşk-gözellik hakdaky pelsepewi oý-pikirlerini äleme ýaýan şahyrlarynyň pähim-paýhasyna, ahlak-edep ýörelgelerine hormat goýmak edähediniň dowamydyr.
    Reşideddin Watwatyň «Resmi hatlar» atly kitabynda: «Islendik döwürde hem alymlar hökümdarlaryň maslahatçysy, döwletiň daýanjy we musulmanlaryň buýsanjy boldular. Ýurtda olara hökümdarlardan soňky mertebäni berdiler. Döwlet işinde olaryň peýdaly nesihatyny diňläp, olaryň maslahatyna gulak goýanyňda, döwletiň işi gülläp öser we onuň abraý-derejesi galar» diýlip bellenilýär. Şeýle pikirlerden ugur alnansoň, türkmen taryhynyň şöhratyny äleme ýaýan soltan ogullaryň döreden döwletlerinde alymlar, şahyrlar hökümdarlaryň ýakyn maslahatçysy bolupdyr.

    Geňeşde zenanyň orny
    Hormatly Prezidentimiz «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly kitabynda: «Türkmen zenanlarynyň bir täsin tarapy bar: ol hem olaryň doga zehinliliklerinde! Agaýunusyň Görogla geňeşdar bolmagy şunuň asylky nusgalygy diýýärin. Şu dogrusynda «Arşyň nepisligi» atly kitabymda hem ýazypdym. Zenan maşgalalar, ata-babalarymyzyň sözi bilen aýtsak, «dört tärimden başga ýeri» gören hem däldir. Ýöne han-beglere, gahryman batyrlara öz maslahatlary bilen kömek edýärler. Mähriban käbämiň hemişe el işine gümra bolup oturýandygy göz öňüme gelýär. Ýöne maşgalamyzyň meselesine gezek gelende, onuň kyblam bilen maslahatlaşyp, ony hemişe goldaýandygyna düşünýärdim» diýip, türkmen jemgyýetiniň geňeş däbinde enäniň, gelin-gyzlaryň belent ornunyň bardygyny buýsanç bilen nygtaýar.
    Taryhyň dürli döwürlerinde soltanlaryň ejeleriniň, aýallarynyň, aýal doganlarynyň öz maslahatlary bilen mertebeli orna eýe bolandyklary hakynda ençeme maglumat bar. «Gorkut ata» dessanynda Derse han öz aýalynyň: «Içoguzyň, taşoguzyň beglerin üstüňe ýygnak itgil. Aç görseň doýurgyl, ýalançak görseň don atgyl, borçluýy borjundan gutargyl... Uly toý eýle, hajat dile» diýen sözüni, maslahatyny diňläp, uly toý edip maksadyna ýetýär. Seljuk türkmenleriniň soltany Togrul begiň aýaly Altynjan hatyn hem türkmen ilinde ýanýoldaşyny degerli maslahatlary bilen goldan zenan şahsyýetlerimiziň biridir. Soltan Sanjaryň öz ejesine juda hormat goýandygy we hemişe onuň maslahatyny diňländigi bellenilýär. Akgoýunly türkmenleriniň hökümdary Uzyn Hasanyň ejesi Saraý hatyn hem soltan ogluna öz maslahatlary bilen ýakyndan ýardam beren türkmen eneleriniň biridir.
    Türkmen zenanlary hakyndaky maglumatlar şu günki nesliň milli buýsanjydyr. Taryhdaky zenan şahsyýetlerimiziň jemgyýetdäki şeýle belent orny Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem öz beýanyny tapýar. «Zenanlar biziň Watanymyzyň buýsanjydyr» atly kitapda beýan edilişi ýaly: «Häzirki döwürde türkmen zenanlary — jemgyýetiň doly hukukly agzalary, olar ýurduň ykdysady, syýasy we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlaryna giňden wekilçilik edýärler. Häzirki günde türkmen zenanlarynyň Türkmenistanyň Mejlisinde we Hökümetinde esasy wezipeleri eýelemekleriniň, saglygy goraýyş, bilim, ylym, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň edaralaryna ýolbaşçylyk etmekleriniň mysaly türkmen jemgyýetinde zenanlaryň ýokary durmuş derejesini tassyklaýar».
    
    «Uly jemagatlar, uly geňeşler»
    Türkmen edebiýatynyň nusgawy wekilleri hem türkmeniň geňeş däbiniň durmuş ähmiýetlidigini şygyr setirlerine salyp wasp edipdirler. Bu ýagdaý Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde has aýdyň ýüze çykýar. Şahyr öz şygyrlarynda türkmeniň geňeş däbiniň göwün geňeşi, il-halk geňeşi, ýaşulular geňeşi, deňiň-duşuň geňeşi, ärleriň geňeşi diýen ýaly görnüşleri öz içine alýandygy baradaky pikiri orta atypdyr.
    Har geçmez her kimi mydam islese,
    Takdyrdan daş çykmaz geňeş taslasa,
    Bürgüdi alardy laçyn beslese,
    Şir alardy bazy Döwletalynyň —
    diýen ýaly setirleri arkaly geňeşmegiň, maslahatlaşmagyň tarapdary bolup çykyş eden şahyryň döredijiliginde geňeşiň durmuş ähmiýetini ündeýän nesihatlaryny yzarlamak bolýar.
    Akyldar şahyr «Gel, köňlüm, geňeş edeli», «Eger geňeş salsam ýada, bilişe», «Uly jemagatlar, uly geňeşler», «Geňeş bergil deňe-duşa», «Beglermiz kylar geňeşi», «Ýagşylar geňeşin tutan» diýen ýaly setirlerinde geňeş däbini döwlet gurmak, bitewülik, agzybirlik we jebislik sazlaşygyny döretmegiň ilkinji şertleriniň biri hökmünde ykrar edipdir. Magtymguly Pyragy «Türkmenler baglasa bir ýere bili» diýen arzuwly setirinde hem halkyň gadymdan gelýän ýörelge-ýoluna — geňeş däbine eýermegiň möhümdigini ündäpdir:
    — Beg, töre, aksakgal — ýurduň eýesi,
    Küren tutar gözel ili türkmeniň.
    Halkymyzyň il-ýurt bähbitli meseleleri geňeşip çözmek ýörelgesi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen işi täzeden ýola goýlan Halk Maslahaty ýaly döwletli maslahatlarda öz beýanyny tapdy.