Garaşsyzlyk — milletiň ruhy gymmatlygy

    Türkmenistanyň Prezidenti
    Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
    ― Adamzadyň diňe parahatçylyga, agzybirlige, gadyr-gymmatlylyga, salykatlylyga gönü-gen ruhy baýlyklaryndan uly hazyna döräpdir. Şol hazynadan her kim öz paýyny alýar. Şol hazynany her kim özüniňki hasap edýär. Biziň daýanjymyz, örkümiz şonda. Şonuň üçinem Garaşsyzlyk we Bitaraplyk halkymyz üçin ata-babalarymyzyň milli ruhy taglymat gymmat-lygydyr.

    Adamzadyň aňy, ruhy, ýaşaýyş-durmuşy üznüksiz hereketde, ösüşde, kämilleşişde. Müňýyllykla-ryň dowamynda olar ösüş, kämilleşiş döwürlerini geçmek bilen taryhy döretdiler. Taryh — aňda-ky, ruhdaky, ýaşaýyş-durmuşdaky hereketiň, ösüşiň, kämilleşişiň yzygiderliligi. Şol yzygiderliligi döredýänler, bir uşlyba düzýänler — aňda, ruhda, ýaşaýyşda, durmuşda gazanylanlar, ýetilenler. Olara «Adamzadyň gazananlary» diýmek bilen, juda adalatly baha beripdirler. Diýmek, gazany-lan bolsa, onda ol gymmatlyk. Gymmatlyklaryň bolsa her biriniň taryhy gymmatlyk derejesi bar. Olaryň birini beýlekiden beýik ýa pes hasaplamak nädogrudyr.
    Ruhy gymmatlyklar diýlende, oňa, esasan, edebiýat, sungat, ylym, ahlak kadalary, adamkärçilik gatnaşyklary, däp-dessurlar, ynançlar we gaýrylar degişlidir. Dogrusy-ha, islendik maddy gym-matlygyň özen-örkünde-de ruhy gymmatlyk durandyr. Bu diýildigi, islendik maddy gymmatlyk ýaradylanda, döredilende, ýasalanda Ussadyň, döredijiniň adamlara haýyr-ýagşylyk etmek islegi-niýeti, adamlaryň durmuşyny ýeňilleşdirýän peýdaly-bähbitli zady döretmek, ýasamak maksady bardyr.
    Hormatly Prezidentimiz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» kitabynda: «Halkymyz öz garaýyşlaryny Asman — Zemin bitewüliginde beýan etmegiň usulyny özleşdirmegiň ebeteýini ta-pan halk. Şeýle diýmek bilen, men häzirki zaman dünýäsinde ynsanyýetiň asylly ýörelgelerini öz ata-babalarymyzyň döreden ruhy gymmatlyklaryndan gözlemegiň möhümdigini nygtaýaryn. Se-bäbi şeýle gymmatlyklara her bir halkyň hem ruhy mirasy juda baýdyr. Biziň her birimiziň öz ata-babalarymyzyň galdyran ýolundan şolary şuglalandyryp, döwür üçin ähmiýetlilige öwrülmegini gazanmagymyz möhümdir» diýip ýazyşy ýaly, ata-babalarymyzyň galdyran ýolundan, galdyran ruhy mirasyndan ynsanyýetiň asylly ýörelgelerini tapmagymyz — şuglalandyrmagymyz, döwür üçin ähmiýetlilige öwrülmegini gazanmagymyz perzentlik borjumyzdyr.
    Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» kitabyndan şuglalanyp, söhbedimize şamçyrag bolan dürdäne sözlerde ýol-ugur görkezilişi ýaly, biziň her birimiziň, ilkinji nobatda, ata-babalarymyzyň gursagynda, ruhunda, ganynda, emer-damarynda, ýaşaýyş terzinde göteren GARAŞSYZLYK we BITARAPLYK diýen milli ruhy taglymat gymmatlygynyň bahasyz mirasdygyna düşünmegimiz gerek. Ruhy gymmatlyklaryň daýanjymyz, örkümizdigine düşünmegimiz we olary göteriji bolmagymyz gerek. Galyberse-de, şol düşünjämiziň nesillerimiz-de çirksiz dowam etmegini, olaryň hem milli ruhy gymmatlyklary göterijiler bolmaklaryny gazan-magymyz gerek. Şahsyýetde, jemgyýetde milli ruhy taglymat gymmatlyklarymyzyň tebigy usulda ýaşaýşyny saklamagymyz möhüm. Çünki milli ruhy gymmatlyklar, Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, daýanjymyz, örkümizdir.
    Ruhy gymmatlyklar diýlen düşünjäni emele getirýän esasy düzüm bölekleriň biri-de terbiýe, terbi-ýelemek bilen bagly gazanylanlardyr. Pederlerimiziň milli terbiýe mekdebiniň nuranalygy, gözelli-gi, ähmiýetliligi adamzat ýaşaýşynyň islendik döwründe ýalkym saçyp durandyr.
    Akyldarlaryň biri: «Tebigat tertip-düzgüni däl-de, bulam-bujarlygy döredýär. Bir bölek ýeri onuň ygtyýaryna goýsaňyz, tebigat ony jeňňellige öwrer. Bagy-bossanlygy diňe adam döredip bilýär. Çagalary bütinleý tebigatyň ygtyýaryna berseňiz, ol olary nämä öwürjegini göz öňüňe getirip hem bilmersiňiz. Diňe adam olary ynsan edip ýetişdirip biler» diýipdir.
    Tebigat diýen sözüň yzyna döwür, durmuş diýen sözler hem goşulmaly. Çünki çagalary bütinleý döwrüň, durmuşyň ygtyýaryna berip goýbermek hem uly töwekgelçilikdir. Çagalary duýguly-dünýäli ynsan edip, milli ruhy göterijiler edip ýetişdirmegi diňe adam başarýandyr. Öz milletine wepaly perzendi — şahsyýeti terbiýelemegi, öz döwletine wepaly raýaty — jemgyýeti terbiýele-megi diňe adam başarýandyr.
    Munuň üçin, ilkinji nobatda, ýaşaýşa berilmeli, ýaşasyň gelmeli. Ýaşamak üçin bolsa, ilki bilen, özüňi tapmaly. Adam öz kimligini bilen pursadyndan ýaşap başlaýar. Çünki edil şol pursatda ýa-şaýşyň tagamy süýjeýär, manysy baýlaşýar, özi gözelleşýär. Adam öz şahsyna kemsiz göz ýetirdi-giçe-de ýaşaýşa höwesi artýar, ýaşaýşa berilýär, Ylham atynda çapýar, etsem-goýsamlar yzly-yzy-na döräp durýar. Şeýdibem ynsanyň ömür ymaraty gurulýar, şeýdibem adam şahsyýeti kemala getirilýär. Muny hem özüňde özüň kemala getirmeli. Nädip, näme bilen?! Ruhy gymmatlyklaryň güýji bilen — edebiýatyň, sungatyň, ylym-bilimiň, däp-dessurlaryň, ynançlaryň, adamkärçilik gat-naşyklaryň, ahlak kadalarynyň güýji bilen. Olara düşünip, olary söýüp okamak, özleşdirmek, amal etmek, özüňde toplamak ýaşaýşa berilmekdir, oňa baglanmakdyr. Ýaşaýşa berilmek bolsa mö-hümdir. Munuň üçin kämillige ymtylmaly. Kämillige ymtylmak ýaşaýşa ymtylmakdan öňde, yn-sanlyga ymtylmakdyr. Nebisden Ynsaba geçmekdir. Bu ýeňşi bolsa diňe ruhy gymmatlyklaryň güýji bilen gazanyp bolýar. Haçanda şahsyýetiň ruhunda Garaşsyzlyk, Bitaraplyk gazanylanda onuň daýanara daýanjy, ömrüniň örki bolýandyr.