Döwletlilik taglymaty

    Şanly Garaşsyzlygymyzyň baýramynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň agzybir halky-myza peşgeş beren «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby adamzadyň durmuş tejribesine kämil garaýyş baradaky söhbediň beýanydyr. Adamzat ykbaly hakyndaky bu söhbet türkmeniň ýaşaýyş-durmuş ýörelgesi, däp-dessurlary, durmuş adatlary arkaly açylyp görkezilýär. Çünki türkmeniň ýaşamak sungaty gadym döwürlerden gözbaş alyp, heňňamlaryň syntgylan, saýlan tejribesinden geçip biziň günlerimize ýetdi. Häzirki wagtda milli Liderimiziň pähim-parasaty, be-ýik göreldesi bilen bu ýörelge has-da dabaralanýar.
    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň milli ýörelgelerini dünýä ýaý-makda, halkymyzyň gymmatlyklaryny dabaralandyrmakda örän ähmiýetli bolan bu ajaýyp eser inçe mazmuna beslenen türkmençilik taglymatyny öz içine alýar. Pelsepewi pikirlere, adam ömrü-niň her pursadynyň ähmiýetli aýratynlyklaryna, edebi beýan etmelere, tymsallara, rowaýatlara baý bolan bu eser her bir türkmen üçin bahasyz baýlykdyr. Çünki onda türkmeniň geçmişi, şu güni, geljegi görünýär. Türkmendigiňe, onda-da şu milletiň neslidigiňe bolan buýsanjyňy goşalandyr-ýan, mertebäňi beýgeldýän bu kitapda teswirlenýän pikirleri seriňde aýlanyňda Gahryman Arka-dagymyzyň milli ýol-ýörelgelerimize belent sarpa goýýandygyny, milli däp-dessurlarymyza inçe-den beletdigini duýýarsyň. Bu eser hormatly Prezidentimiziň durmuş hakda ýazan taglymatydyr, hakyky adam bolup ýaşamagyň sapagydyr, nesilleriň terbiýesine täsir etjek watançylyk mekdebi-dir.
    Bu eser adam ömrüni, ýaşaýşyny düzýän ylym-bilim, saglyk, zähmetsöýerlik, myhmansöýerlik, dostluk, ynsaplylyk, agzybirlik we beýleki durmuş kadalary hakyndaky ýörelgeleri özünde jem-läp, ömri mana beslemegiň sapagyny öwredýär. Kitabyň ahyrky sahypalarynda manysyny okyjy-lara tirmegi goýlan rowaýatlar bolsa, gysga gürrüňler arkaly seniň üçin dünýäniň manysyny açýar. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň öz halkynyň pähim-paýhasyny çuňlaşdyrmak, ýaşaýşa my-nasyp göz bilen garamagyny gazanmak babatdaky amallarynyň beýanydyr.
    Şeýle hem terbiýe meselesinde gymmatly çeşme bolan bu eser ýaş nesliň sowatlylygyny, düşünje-lerini artdyrmakda, pederlerimiziň durmuş endiklerini sapak edinmekde, milli ýörelge arkaly men-zil aşmakda ýol görkezijidir.
    Esasan hem, kitabyň süňňünden eriş-argaç bolup geçýän watançylyk duýgusy bilen bagly wesýet-ler, tymsallar hem rowaýatlar, nakyllardyr atalar sözleri, şahyrana setirler, ylmy-filosofik maglu-matlar, edebi mysal getirmeler hormatly Prezidentimiziň watançylyk taglymatynyň nobatdaky ýü-ze çykmasydyr. Kitabyň köpöwüşginli aýratynlyklary, Ýer ýüzünde adam bilen bagly öňe sürül-ýän meseleleriň çözgüdi bilen dahylly filosofik pikir-garaýyşlara baýlygy, hakyky adam bolup ýa-şamagyň ugur-ýörelgesine degişli türkmen şahsyýetleriniň görkezen durmuş mekdebi babatdaky söhbetler kitabyň umumadamzat jemgyýetindäki gymmatyny şöhlelendirýär.
    Baý medeni mirasymyzy, ýagşy dessurlarymyzy dünýä ýaýmakda, geçmiş bilen şu güni we gelje-gi birleşdirmekde gymmatly çeşmä öwrülen şeýle ajaýyp eserleri öz halkyna bagyş eden Gahry-man Arkadagymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys. Goý, türkmeniň ýagşy hem ýagty ýörelgesini dünýä ýaýýan hormatly Prezidentimiziň döwletlilik taglymaty asyrlara ýaň salsyn!