Milli demokratiýa daýanyp

    «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylan 2020-nji ýyl ýurdumyzyň täze taryhyna möhüm wakalar bilen girýär. Ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynda kabul edilmegine garaşylýan döwletli çözgütler kanun çykaryjylyk işiniň kämilleşdirilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolar. Döwrebap özgertmeleriň çäklerinde kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaralar ulgamynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen amala aşyrylýan konstitusion özgertmeler barada taýýarlanan taslama garalar. 2019-njy ýylda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça konstitusion topary döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany kabul edildi. Permana laýyklykda döredilen Konstitusion toparyň mejlisleri geçirildi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň taslamasy taýýar edildi.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýynyň kämilleşdirilmegi bilen baglylykda Esasy Kanunymyza üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek barada öňe süren başlangyçlarynyň uly ähmiýetli taryhy ädim bolup, ýurdumyzyň häkimiýet edaralaryny, döwletiň we jemgyýetiň bitewüligini berkitmegi maksat edinýär. Ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň iki palataly Parlament ulgamyna geçmek hem-de bu işi alyp barmak bilen bagly Konstitusion topary döretmek baradaky teklibi syýasy-hukuk özgertmeleriň täze tapgyryny alamatlandyryp, ýurdumyzyň syýasy we jemgyýetçilik ulgamlarynyň öňünde uly jogapkärli wezipeleri goýýar. Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen Türkmenistanyň Konstitusion toparynyň ýanynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça gelip gowuşýan teklipleri öwrenmek hem-de umumylaşdyrmak barada iş topary döredildi. Toparyň işine Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň tejribeli hünärmenleri, bilermenleri, jemgyýetçilik birleşikleriniň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor mugallymlary gatnaşdylar. Iş topary tarapyndan ministrliklerden we pudak edaralaryndan, syýasy partiýalardan we jemgyýetçilik guramalaryndan, alymlardan, raýatlardan gelip gowuşýan teklipler öwrenildi we umumylaşdyrmak boýunça möhüm işler alnyp baryldy. Gelip gowuşan köpsanly tekliplere laýyklykda, wekilçilikli kanun çykaryjy häkimiýet bolup durýan iki palataly edaranyň bütewi ulgamyna Türkmenistanyň Halk Maslahatyny hem-de Mejlisini girizmek hakyndaky başlangyçlar gyzgyn goldaw tapdy. Hormatly Prezidentimiz Konstitusion toparyň mejlisinde Milli Parlamenti Türkmenistanyň Milli Geňeşi diýip, onuň kanun çykaryjy palatasyny — Mejlis, wekilçilikli palatasyny bolsa — Halk Maslahaty diýip atlandyrmagyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.
    Kanun çykaryjylyk bilen bir hatarda, parlament diplomatiýasynyň çäklerinde halkara tejribesini öwrenmäge, tejribeleri paýlaşmaga, hökümetiň işlerini goldajak gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilikler döredilýär. Muňa mysal hökmünde Türkmenistanyň Mejlisiniň we Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň ýolbaşçylarynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirilmegi iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ýetilen sepgitleriň has-da täze derejelere çykmagyna uly ýardam edýär. Milli Liderimiziň baştutanlygynda geçirilýän özgertmeleriň ähmiýetini jemgyýetçilige giňişleýin hem-de düýpli düşündirmek, Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýynyň, onuň wezipeleriniň we borçlarynyň hemmeler üçin aýdyň bolmagyny gazanmak esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak babatda alnyp barlan işler, şeýle hem Prezident Maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzda ýetilen sepgitler, öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek babatda Mejlisiň deputatlary, welaýat, şäher we etrap Halk Maslahatlarynyň agzalary, alymlar, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri, ýaşlar bilen bilelikde giňişleýin wagyz edilýär. Bu çäreler ýurdumyzda amal edilýän döwletli tutumlaryň uly goldawa eýe bolmagyny şertlendirýär.
    Ata Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça gazanylan üstünlikleriň gözbaşynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly döwlet syýasatynyň durýandygy biziň her birimiz üçin belent buýsançdyr. Gahryman Arkadagymyzyň beýik tutumlaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmak, amal edilýän beýik işleri wagyz etmek bolsa ählimiz üçin mukaddes borçdur. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň uly rowaçlyklara beslenmegi ata Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrdy. Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzy beýik ösüşlere besleýän hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!