«Altyn Asyr» toparynyň oýunçysy Merkezi Aziýada iň netijeli hüjümçi

    Paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” toparynyň hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýew häzirki wagt dowam edýän Merkezi Aziýanyň futbol çempionatlarynyň içinde iň köp gol geçiren oýunçylaryň arasynda öňdeligi eýeleýär diýip “Sport.kg” saýtyna salgylanan “turkmenportal.com” saýty habar berýär.
    Türkmenistan
    Türkmenistanyň futbol çempionatynda geçirilen 14 tapgyrdan soň  27 ýaşly Altymyrat Annadurdyýew 16 topy (3-si 11 metrlik urgularyndan) garşydaşlarynyň derwezesinden geçirmegi başardy. Ol geçirilen duşuşyklarda 13 oýna gatnaşyp, meýdanda 1170 minut wagt çykyş etdi. Bu sanawda ikinji ikinji orny 8 topy (4-si 11 metrlik urgularyndan) bilen “Ahalyň” ýarym goragçysy Elman Tagaýew eýeleýär.
    Ýeri gelende bellesek, paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” topary 33 utuk toplap çempionatymyzyň birinji ýarymynyň öňdäki hatarda tamamlady. Ikinji, üçünji orunlary degişlilikde “Ahal” (33 utuk) hem-de “Şagadam” (22 utuk) toparlary eýeleýärler.
    Özbegistan
    Özbegistanyň futbol çempionatynda oýunçylaryň ikisi – Daşkendiň “Pahtakorynyň” oýunçylary Dragan Çerdan (15 top) bilen Igor Sergeýew (12 top) iň köp top geçiren oýunçylaryň sanawynda ilkinji iki orny eýeleýärler.
    Daşkendiň “Bunýodkorynyň” düzüminde çykyş edýän türkmenistanly futbolçy Selim Nurmyradowyň geçiren 11 duşuşygynda netijeli urgularyň ikisini geçirendigini bellemek gerek.
    Özbegistanyň futbol çempionatynyň 14 tapgyry yzda galyp, 15-nji tapgyryň duşuşyklary 15-17-nji sentýabrda geçiriler. Ýaryş tertibinde 41 utuk toplan “Pahtakor” öňdeligi eýeleýär.
    Täjigistan
    Täjigistanyň futbol çempionatynda geçirilen 14 tapgyrdan soň ýaryş tertibiniň öňbaşçysy Duşenbe şäheriniň “Istiklol” toparynyň oýunçylary Manuçehr Jalilow (13 top), Alişer Jalilow (12 top) hem-de Şeriddin Boboýew (10 top) öňdeligi eýeleýärler.
    “Istiklolyň” düzüminde milli ýygyndymyzyň hüjümçisi Wahyt Orazsähedowyň çykyş edýändigini ýatladýarys. Türkmenistanly futbolçy geçirilen duşuşyklarda 4 topy derwezelerden geçirmegi başardy.
    Täjigistanyň futbol çempionatynda nobatdaky tapgyryň duşuşyklary 19-njy hem-de 20-nji sentýabrda geçiriler.
    Gyrgyz Respublikasy
    Gyrgyz Respublikasynyň futbol çempionatynda toparlaryň hersi 9 duşuşykdan geçirdi. Bu duşuşyklarda 4 topdan geçiren “Abdyş-Ata” toparyndan Maksat Alygulow hem-de “Dordoýyň” oýunçylary Mirlan Murzaýew bilen Bekjan Sagynbaýew öňdeligi saklaýarlar.
    Gyrgyz Respublikasynyň futbol çempionatynyň 10-njy tapgyrynyň duşuşyklary 16-njy sentýabrda geçiriler.
    Gazagystan
    UEFA-nyň agzasy bolan Gazagystanyň futbol çempionatynda geçirilen 7 tapgyrdan soň 18 utuk toplan “Kaýrat” topary ýaryş tertibinde birinji basgançagy eýeleýär. Iň köp top geçirenleriň sanawynda bolsa derwezelere geçiren 5 topy bilen “Astana” toparynyň islandiýaly hüjümçisi Runar Mar Siguronsson öňde barýar.
    Iň köp top geçiren oýunçylaryň sanawy:
    Türkmenistanyň çempionaty (14 tapgyr):
    Altymyrat Annadurdyýew («Altyn Asyr») — 16 top.
    Elman Tagaýew («Ahal») — 8.
    Hemra Amanmämmedow we Yhlas Magtymow (ikisi-de — «Şagadam») — 6.
    Özbegistanyň Superligasy (14 tapgyr):
    Dragan Çeran («Pahtakor») — 15 top
    Igor Sergeýew («Pahtakor») — 12
    Bobir Abdiholikow («Nasaf») — 8
    Täjigistanyň Ýokary ligasy (14 tapgyr):
    Manuçehr Jalilow («Istiklol») — 13 top
    Alişer Jalilow («Istiklol») — 12
    Şeriddin Boboýew («Istiklol») — 10
    Gyrgyz Respublikasynyň Premýer-ligasy (9 tapgyr):
    Maksat Alygulow («Abdyş-Ata») — 4 top
    Mirlan Murzaýew, Bekjan Sagynbaýew (ikisi-de — «Dordoý») — 4
    Gazagystanyň Professional futbol ligasy (8 tapgyr):
    Runar Mar Siguronsson  («Astana») — 5 top
    Çeşme: http://tff.com.tm