Iki müň ýyly aşan humlar

    Öňňin paýtagtymyzyň çäginde sentýabr aýynyň başlarynda ýüze çykarylan arheologik tapyndylary Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine tabşyrmak dabarasy boldy. Oňa Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek barada-ky milli müdirliginiň, Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň hünärmenleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we-killeri gatnaşdylar. Täze arheologik tapyndylaryň muzeýe tabşyrylmagy mynasybetli, bu ýerde «Bagtyýarlyk döwründe milli gymmatlyklarymyzy muzeýleşdirmegiň tejribesi» atly maslahat hem geçirildi. Maslahata Ahal welaýatynyň Gökdepe milli muzeýiniň hem-de ýurdumyzyň beýleki wela-ýatlaryndaky Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýleriniň wekilleri onlaýn usulda goşuldylar.
    «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň ilkinji güýz günlerinde tapylan arheologik ta-pyndylar mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramyna barýan günlerimizde Türkmenista-nyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gymmatlyklar hazynasyndan orun aldy. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitabyny halkymyza peş-geş bermeginiň yzysüre gelip gowşan bu gymmatlyklar muzeýiň işgärleri üçin ajaýyp toý sowga-dy boldy.
    Häzirki wagtda paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň gurluşyk işleri güýçli depginler bi-len dowam edýär. Şu ýylyň 2-nji sentýabrynda bolsa Aşgabadyň demirgazyk — günbatar tara-pynda ýergurluşyk işleriniň amala aşyrylýan mahaly gadymy döwre degişli küýzegärçilik önümle-riniň üstünden baryldy. Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň hünärmenleri tarapyndan bu arheologik tapyndyla-ryň ýüze çykarylan ýeri töwerekleýin barlanyldy. Barlaglaryň netijesinde ýeriň ýüzüniň häzirki derejesinden iki metr aşakda hatara duran üç sany keramiki hununiň bardygy anyklanyldy hem-de olar arheologik usulda gazylyp alyndy. Türkmen hünärmenleri tarapyndan geçirilen ilkinji bar-laglaryň netijelerine görä, bu tapyndylaryň gadymy Parfiýa döwletiniň döwrüne degişlidigi anyk-lanyldy. Ýüze çykarylan humlaryň beýikligi 1 metre, diametri bolsa 60 santimetre barabar. Agzy-nyň giň, düýbüniň çala güberçek bolmagy, ýumurtga şekilinde ýasalandygy, erňeginiň gyrasynyň bolsa daş tarapyna biraz galňadylandygy olaryň daşky görnüşinde Parfiýa döwrüniň humlaryna mahsus bolan ähli alamatlaryň jemlenendigini görkezýär. Bular barada şu ýylyň 11-nji sentýabryn-da Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimize hasabat berildi. Şonda milli Liderimiz: «Biz taryhymyzy düýpli öwrenmelidiris, oňa sarpa goýmalydyrys, taryhy hakydany aýawly saklamalydyrys, ata-babalarymyzyň ösüp gel-ýän nesli terbiýelemekde ygtybarly ýol görkeziji bolan gymmatly mirasyny artdyrmalydyrys» di-ýip nygtady.
    Eýlenen toýun palçykdan ýasalan bu arheologik tapyndylar ýörite kürelerde bişirilipdir. «Hum» diýlip atlandyrylan şular ýaly keramiki gaplar, esasan, azyk önümlerini (bugdaý, arpa, şaly, ösüm-lik ýagy) saklamak üçin niýetlenilipdir. Olar azyk önümleri saklanylýan ýörite ammarlarda ýere gömlüp goýlupdyr. Azyk önümlerden doldurylan humlaryň agzy daşdan ýa-da keramikadan ýa-salan tegelek, uly gapaklar bilen ýapylypdyr. Gadymy döwürlerden bäri ulanylyp gelnen bu usul azyk önümleriniň uzak wagtlap zaýalanman saklanmagyna mümkinçilik beripdir.
    Alymlaryň kesgitlemegine görä, humlaryň ýüze çykarylan ýeri gadymy Parfiýa döwletiniň ilkinji paýtagty bolan Nusaý şäheriniň töweregindäki köp sanly mülkleriň biriniň ýerleşen çägine girýär. Ýaşamak üçin ähli amatly şertler döredilen, ak mermere beslenen ajaýyp şäher hökmünde dünýä ýüzünde giňden meşhur Aşgabadyň çäginden şular ýaly arheologik tapyndylaryň ýüze çykaryl-magy onuň müňýyllyklardan gözbaş alýan baý hem şöhratly taryhy barada täze maglumatlary bil-mäge mümkinçilik berýär. Gadymy türkmen topragynyň islendik künjeginiň hem taryhyň dürli gatlaklarynyň yzlaryny, ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň durmuşyndan, dünýägaraýşyn-dan söhbet açýan, binalaryň galyndylaryna, daşlara, şekillere, haly göllerine öwrülen, ýazgylara si-ňen maglumatlary, maddy we ruhy gymmatlyklary öz goýnunda saklap ýatandygyna asla şek-şübhe ýok. Şonuň üçin hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň gozgalmaýan taryhy-medeni ýadygärlikleriniň goralmagyny üpjün etmek meseleleri hakyndaky” Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň çäginde ýergurluşyk, ýer, ýol-gurluşyk, gurluşyk, melioratiw, hojalyk we beýle-ki işleri geçirmegiň taslamalaryny ylalaşmagyň tertibine» laýyklykda, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň hem-de onuň garamagyndaky Taryhy-medeni döwlet goraghanalarynyň hünärmenleri tarapyndan degişli ýer böleklerinde seljeriş işleri yzygiderli alnyp barylýar. Şu ýylyň başyndan bäri, ýurdumyzyň ähli künjekleri boýunça iki müňden gowrak ýer böleklerinde seljeriş işleri geçirildi. Täze tapyndylaryň Döwlet muzeýine tabşyrylmagy mynasybetli guralan dabarada hem-de onuň yzysüre geçirilen maslahatda şular dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Çykyş edenler muzeý gymmatlyklarynyň üstüni ýetiren täze arheologik tapyndylaryň aýratynlyklary barada-da belläp geçdiler. Döwlet mu-zeýinde geçirilen çäreleriň dowamynda olara gatnaşyjylar ýörite gurnalan monitorlarda täze ta-pyndylaryň arheologlar tarapyndan gazylyp alynýan pursatlarynyň wideoşekillerini hem synlady-lar. Olar muzeýiň sergi zallaryna-da aýlanyp gördüler.
    — Ýarym asyr mundan ozal geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda Köne Nu-saýdan tapylan keramika bölekleriniň ýüzüne ýazylan ýazgylarda töwerekdäki mülklerde ýetişdi-rilen azyk önümleriniň bir böleginiň Köne Nusaý galasyndaky ybadathana toplumynyň ammarla-ryna eltilendigi barada maglumat berilýär. Köne Nusaý galasynyň özünde bolsa şol önümleri sak-lamak üçin niýetlenilen uly humlaryň onlarçasynyň ýerleşen ammar jaýynyň galyndylarynyň üsti açyldy. Paýtagtymyzyň çäginde ýergurluşyk işleriniň alnyp barylýan ýerinde ýüze çykarylan bu arheologik gymmatlyklar haýal etmän öwrenildi, olar hiç hili şikes ýetirilmän, ýörite usulda ýer-den gazylyp alyndy. Häzirki wagtda täze ýüze çykarylan antik humlaryny böleklerini-de has içgin öwrenmek boýunça işler hünärmenlerimiz tarapyndan dowam etdirilýär. Olary arassalap, berkidip hem dikeldip bolaýjak parçalaryny dikeldip, ýurdumyzyň muzeýleriniň birine gowşurmak göz öňünde tutulýar. Taryhçylara, arheologlara, muzeý işgärlerine milli mirasymyzy öwrenmek hem dünýä ýaýmak, gorap saklamak üçin şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Preziden-timize alkyş aýdýarys — diýip, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öw-renmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň başlygy, taryh ylymlarynyň kandidaty Mu-hammetdurdy Mämmedow gürrüň berdi.