Geňeşli il — döwletli il

    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Watanymyzyň we halkymyzyň durmuşy ýat-dan çykmajak möhüm wakalara beslenýär. Şeýle wakalaryň biri hem her ýyl Türkmenista-nyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmegidir. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýen şygar astynda geçýän 2020-nji ýylda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynyň möhüm wakasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçiriljek güni barha ýakynlaşýar.
    Mälim bolşy ýaly, Garaşsyzlygymyzy gazananymyzdan soň bu umumymilli forumy geçirmek we onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, degişli çözgütleri ka-bul etmek asylly däbe öwrüldi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynda kabul edilýän çözgütler hem-de olaryň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmekde, halkymy-zyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolýar.
    Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşmak oňa gatnaşýanlaryň her biri üçin uly hormat-sarpadan, bildirilýän ýokary ynamdan nyşandyr. Bu umumymilli forumyň Watanymyzyň we halkymyzyň durmuşynda möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka hökmünde orun alşy ýaly, oňa gatnaşýanlaryň hakydasynda hem ýakymly ýatlama galdyrýar, olary yhlasly zähmete ruhlandyr-ýar.
    Maňa hem 2016-njy ýylda şeýle foruma gatnaşmak nesip etdi. Şonda milli Liderimiz bilen halky-myzyň birligine, jebisligine aýdyň göz ýetirdik. Munuň özi ilkinji nobatda agzybirlikden nyşan-dyr.
    Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2019-njy ýylda bolan mejlisinden bäri bir ýyla golaý wagt geçdi. Şu döwürde ýurdumyzyň, halkymyzyň durmuşynda oňyn özgertmeler amala aşyryldy, milli we pudaklaýyn Maksatnamalary durmuşa geçirmekde guwandyryjy üstünlikler gazanyldy. Muňa biz bilim ulgamynda öňde goýlan wezipeleriň ýurdumyz, şol sanda welaýatymyz, etraby-myz, mekdebimiz boýunça durmuşa geçirilişiniň we şunda gazanylan üstünlikleriň mysalynda hem göz ýetirýäris.
    Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde sözlän sözünde ýaş nesli terbiýelemäge ünsüň güýçlendirilmelidigini nygtady hem-de “Bilim, ylym we tehnika ulgamlaryn-da gazanylan üstünliklere esaslanyp, milli bilim ulgamyny ösdürmelidiris” diýip aýtdy.
    Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyna döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde ga-ramagy netijesinde bu ulgamy kämilleşdirmek we ösdürmek boýunça, şeýle hem ýaş nesle bilim-terbiýe bermekde, kämil hünärmenleri taýýarlamakda oňyn netijeler gazanyldy.
    Biziň mekdebimiz etrapda iň gowy bilim ojaklarynyň biri hasaplanýar. Häzir mekdebimizde bilim işgärleriniň 80-e golaýy zähmet çekip, olar okuwçylaryň 1681-sine bilim-terbiýe berýärler. Şu ýyl “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly ders bäsleşiginiň etrap tapgyrynda 39 sany okuwçymyz, wela-ýat tapgyrynda 6 sany okuwçymyz, döwlet tapgyrynda bolsa 2 sany okuwçymyz ýeňiji boldy.
    Mekdebimizde ýaş nesle bilim-terbiýe bermekde yhlasly zähmet çekýän mugallymlar köp. Şola-ryň hatarynda ilkinji nobatda informatikadan okadýan Ruslan Hojagulyýewi, himiýa mugallymy Gülhan Abdysalamowany, rus dili mugallymy Zamira Hudaýberdiýewany, taryh mugallymy Azamat Öräýewi atlandyrmak isleýärin.
    Nesip bolsa, 2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynyň möhüm wakasy bolar. Bu umumymil-li forumda wajyp ähmiýetli çözgütleriň kabul ediljekdigine ynanýarys. Hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ýokary guramaçylyk dereje-sinde geçirilmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.