Garaşsyzlygyň beren bagt şuglasy — halk alnyndan ak Gün bolup dogmasy

    Tyllaýy güýz paslynda daýhan ýylboýy çeken zähmetiniň miwesini görýär. Alyn derini siňdirip ýetişdiren ekinleriniň bol hasylyny ýygnaýar. Sahawatly topragymyzyň bolluk bilen eçilýän, ta-gamy baldan datly gök-bakja önümleri, ir-iýmişleri desterhanlarymyzy bezeýär.
    «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň altyn güýzünde hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen başlanan güýzlük bugdaýyň ekişi, pagta ýygymy giňden ýaýbaňlanyp, gyzga-laňly alnyp barylýar. Hawa, berekediň, bagtyň mukamy çalnyp, bagta ýarlygyň toýy toýlanýar. Şeýle berekediň, rysgal-döwletiň goýnunda Gahryman Arkadagymyzyň daşyna jebis bolup, eş-retli, abadan durmuşda ýaşaýan halkymyzyň ýüregi diňe «Watan» diýip urýar. Mundan uly bagt bolup bilermi, eýsem?! Bagtly günlerde eziz Diýarymyzyň ýeten sepgitleri, gazanan üstün-likleri hakynda söhbet etmek juda ýakymly.
    Ynsan göwni hemişe beýiklige, belentlige, kämillige, ösüşe ýetmegi küýseýär. Şol ýetilen beýik-lik, ösüşler bolsa ynsan ömrüni nurlandyrýar.
    1991-nji ýylyň güýzünde eziz Watanymyz ösüşleriň, belent sepgitleriň ilkinji ädimini ätdi. Ykbal-lara nur çaýan, köňüllere bagt şuglasyny bagyş eden ýurt Garaşsyzlygyny, özbaşdaklygyny ga-zandy. Garaşsyzlyk ýyllarynda Diýarymyzda durmuşyň ähli ulgamlarynda özgerişler gazanylyp, belentden belent sepgitlere ýetildi. Garaşsyzlyk halkymyzyň alnyndan ak Gün bolup dogdy. Ha-wa, şol nurly Kuýaşyň doganyna indi 29 ýyl dolýar. Bu taryhyň ölçegi bilen alnanda örän gysga wagt hem bolsa, bu döwürde beýik işler bitirildi. Ýetilen belent sepgitleriň, gazanylan üstünlikle-riň aňyrsynda bolsa, ýurdumyzy bagtyýarlygyň, rowaçlygyň mesgenine öwürmek ýaly beýik we-zipe dur. Bu bagtyýarlygy, eşreti halkymyz her bir ädimde duýýar.
    Häzirki wagtda paýtagtymyz Aşgabat şäherini, obadyr şäherçelerimizi, Gahryman Arkadagymy-zyň başda durmagynda ýurt Garaşsyzlygynyň peşgeşi bolan şäher bilen bäsleşýän täze obalary-myzy görmäge göz gerek, taryp etmäge söz. Eşretli zamanamyzda Garaşsyz ýurdumyzyň beýik şan-şöhraty, parahatçylygyň we sagdynlygyň ýurdy hökmünde halkara abraýy barha artmak bi-len.
    Milli Liderimiziň sahawatyndan, Garaşsyzlygymyzyň beren bagt nurundan zähmet joşýar, köňüllere ylham dolýar, ömürlere ömür goşulýar. Topraga sepen her bir dänäň müň bolup gaýdyp gelýär. Şeýle bolansoň, daýhanlarymyz ekinlerinden ýylyň-ýylyna bitginli hasyl ýygnaýarlar. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň edermen gallaçylary 1 million 400 müň tonnadan gowrak guşgursak ak bugdaý hasylyny ýygnap, Watan harmanyna tabşyrdy-lar. Daýhanlarymyzyň gazanan bu uly zähmet ýeňşi Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramçylygyna toý sowgadydyr. Mähriban Prezidentimiziň parasatly başlangyjy bilen, daýhanlarymyzyň ýerden bol hasyl almaklary üçin täze, döwrebap tehnikalaryň satyn alnyp, oba hojalyk ulgamyna çekilme-gi, birnäçe ýyldan bäri bolsa, ýerleriň 99 ýyl möhlet bilen kärendesine berilmegi, suw, dökün, to-hum bilen ýeňillikli bahadan üpjün edilmegi ýurt Garaşsyzlygynyň oba hojalygyny özgertmekde eçilen peşgeşleriniň biridir.
    Halkymyzyň milli buýsanjy bolan — Garaşsyzlygymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döw-rüniň mizemezliginiň, il-günümiziň agzybirliginiň, bagtyýar durmuşynyň özenidir.
    Garaşsyzlyk ýyllary içinde hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda halkymyzyň däp-dessur-laryny, milli gymmatlyklarymyzy dikeltmäge, ruhy taýdan galkyndyrmaga gönükdirilen işler bu günki gün öz miwelerini berdi. Eziz Diýarymyzda milli gymmatlyklarymyz bolan ahalteke be-dewlerimiziň, türkmen alabaýynyň şan-şöhraty dünýä ýaýylýar. Bu babatda ýurdumyzda ençeme işler durmuşa geçirildi.
    2010-njy ýylda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi, onuň ştab-kwartirasynyň bolsa, türkmen paýtagtynda ýerleşmegi, ahalteke bedewini dünýä beren ýurt hökmündäki amala aşyrylan işleriň biridir. Häzirki döwürde dünýäniň 34 döwletinden ýuridik we fiziki şahslaryň 155-si bu guramanyň agzasy bolup durýar. Munuň özi dünýäde ahalteke bedewleriniň baş sany-nyň we muşdaklarynyň artmagyna oňyn täsirini ýetirýär.
    Milli gymmatlyklarymyza sarpa goýýan ýurt Baştutanymyzyň başlangyjy bilen 2019-njy ýylyň sentýabrynda açylan «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetiniň binalar toplumynda alnyp ba-rylýan işler hem türkmen alabaýlarynyň arassa ganly tohumlaryny gorap saklamakdan we geljekki nesillere ýetirmekden ugur alýar. Golaýda Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasy döredildi. Bu täze döredilen assosiasiýanyň öňünde türkmen alabaýlarynyň gymmatly häsiýetlerini gorap saklamak, dünýä ýaýmak we ösdürmek ýaly wezipeler durýar. Şeýle hem Änew şäherinde weteri-nariýa bejerişhanasynyň we öý haýwanlary saklanýan toplumyň açylmagy hem milli gymmatlygy-myz bolan alabaýlaryň geljekde has-da mynasyp derejede taýýarlanylmagyna, olaryň dünýä dere-jesinde şan-şöhratyny artdyrmaga uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň güwäsidir.
    Gahryman Arkadagymyzyň Garaşsyzlygymyzyň şanly 29 ýyllyk baýramçylygynyň öň ýanynda asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlarymyz, pederlerimiziň döreden milli ýörelgelerine bagyşlanan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitabyny sowgat bermegi bagtyýar halkymyza täze ylham joşgunyny, buýsançdan pürepür duýgyny bagyş etdi.
    Golaýda, ýagny 19 — 20-nji sentýabrda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň Türkmenista-nyň Garaşsyzlyk gününiň 29 ýyllyk baýramyna bagyşlanan sergisi geçirildi. Mukaddes Garaşsyz-lygymyzyň baýramy mynasybetli geçirilen bu sergide berkarar döwletimiziň milli ykdysadyýe-tiniň dürli pudaklarynda gazanan üstünlikleri, guwandyryjy sepgitleri öz beýanyny tapdy.
    Şu pursatda hormatly Prezidentimizi, bagtyýar halkymyzy ýurdumyzyň baş baýramy — Garaş-syzlygymyzyň şanly 29 ýyllyk toýy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Garaşsyz döwletimizde mäh-riban Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli, bütin adamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri mundan beý-läk hem üstünliklere ýar bolsun!