Güýzli pursatlar (şahyrana oýlanma)

    Her gezek maňa şo-ol ýatlamalar kölüni boýladýan, gözlerimi ýoluna dikdirýän güýz hem ahyry geldi. Men onuň gelýänini ýüzümi ýalap geçýän salkyn şemalyň alawyny öçüren şemimden, gabarasy ýagyş-ýagmyrdan doly buludy üfleý-üfleý biziň obamyza getiren däli ýelleriň deminden aňdym.  «Penjireleriňizi ýapyň, öz rahatlygyňyzy özüňiz tapyň, meniňk-ä bir duýdurmak, söz oklaýan, siz gapyň!» diýip, tüweleýläp barýan ýel, köçämizden sykylyk atyp geçip gitdi. Gür baglygyň başyny bezäp oturan, arly tomsuň jokramasyna salkyn saýany döretmek üçin gowrum-gowrum bolan ýapraklaryň meňzi saraldy. Ýuwaşlyk bilen birlän-ikilän baldagyndan tänip, özüni ýere oklan ýapraklaryň galanjasynam hälki tüweleý syryp-süpürip ýere ýazdy. Göwnüme bolmasa, şahalarynyň ýalaňaç galanyna agaçlar däl-de, ýaňaklary hurma ýaly gyzaran ýapraklar utandy.
    Açyk duran penjirämi ýapmak üçin howlukmaç äpişgäniň öňüne bardym. Emma zemine düşek bolan tyllaýy ýapraklaryň üstünden ýöremäge dözmeýän ýaly, bir oglanjyk bilen gyzjagazyň penjelerini dolduryp, ýerdäki ýapraklary çöpläp ýörendiklerini görüp, olarda nazarym eglendi. Çagalar çöplän sarymtyl, goňrumtyl reňkli ýapraklaryndan ýasan çemenlerini biri-birine görkezip, deňeşdirip görýärler. Ahyry «bogan çemenleri» gysymlaryna sygman ugran bora çemeli. Bagyň beýleräginde olary synlap, özara mesawy gürrüň edişip, oturgyçda dynç alyp oturan garry ene bilen ýaşula tarap jykyr-jykyr gülşüp ýöräp ugradylar. Oglanjyk ekabyrrak bolansoň, gyzjagazdan öňürtiledi. Bardy-da, elindäki ýapraklary garry enäniň eline tutdurdy, Enesi onuň başyndan sypap, ýaňaklaryndan taýly gezek öpdi. Gyzjagaz bolsa öz çemenini atasyna gowşurdy. Atasy agtyjagynyň beren güýz çemenini ýokary göterdi-de: «Dessegül gyzym, derman gyzym, senem ullakan gyz bolup ýetiş, balam! Me, al, menem bu çemeni özüňe sowgat edýän!» diýdi. Gyzjagaz hamana eýýäm bir gez ulalan ýaly, heýjana gelip bökjekledi...
    Bu pursat meni çagalygyma — kakaly günlerime alyp gitdi. Güýzüň ilkinji günleridi. Kakam gadymy Wasda täze açylan pagta kabul ediji kärhanasyna işe bellenensoň, maşgalamyz bilen şol ýere göçüp bardyk. Ýadyma düşýär, täzeje köçeler, täzeje mekdepdir çagalar bagy, täzeje saglyk öýüdir dükan, ýoluň ýakasynda egin-egne berip oturan, kerpiçden salnan ýaşaýyş jaýlary, umuman, ähli zatlar täzedi. Hatda, bu ýerde biz hem täze adamlardyk. Goňşy-golamlar, olaryň çagalary bilen basym öwrenişdik. Öýümiziň körpesi bolanym üçinmi, nämemi, kakamyň öýde bolýan wagtynyň azdygyny bu ýere göçüp gelenimizden soň basym duýdum. Kähalatlar kakam gijäniň ýary işden gelerdi. Daň saz berip-bermänkä-de işe giderdi. Şonuň üçin ony öýde seýrek görýärdik, köplenç agşamlyk naharyny onsuz iýmeli bolýardyk. Emma ejem «Birden kakaň geläýse...» diýip, ätiýaçlyk bilen onuň oturjak ýerini taýýarlap goýardy. Biziň hiç birimiz hem kakamyň saçagyň başyndaky oturýan ýerinde oturmazdyk, hatda ejemiň özi hem şol ýerde oturmazdy. Bu biziň öýümiziň ýazylmadyk kanuny, berk düzgün kadasydy. Kakam käte iş saparlaryna birnäçe günläp, hepdeläp gitse-de, bu kada bozulmaýardy.
    Men iki alma alsam-da, iki süýji alsam-da birini kakama goýýardym. Doganlarymyň birisi «Aýjäjek, iýmejek bolsaň maňa beräý!» diýäýse dagy, uly-ilim bilen aglardym. Meniň hem ejem ýaly kakamyň paýyny alyp goýasym gelýärdi. Çünki ejem «Işe giden adamyň paýyny köpräk goýmaly» diýip, näme nahar bişirse-de, kakamyň paýyny hemmämiziňkiden köp edip goýardy. Äwüp-säwüp, kakamyň işden ýa-da iş saparyndan dolanyp gelýändigini öýdäkilerden öň göräýdigim, ilki ylgap, şol ýygnap goýanja almadyr, süýjini salyp goýan haltajygymy alyp, onuň öňünden çykardym. «Kakam, kakam jan gelýär...» Her gezek hem ony ýitirip tapan ýaly garşylardym. Şonda kakam elindäki goşlaryny ýerde goýup, ilki bilen, meni öz boýundan hem ýokary götererdi-de, al howada pyrlardy. Bu meniň dünýädäki hiç bir gymmatly zada çalşyp bolmaýan iň arzyly pursadymdy. Şonda men hemmelerden ýokarda bolýardym. Şol wagt bütin barlyk meniňkidi, dünýäniň iň ajaýyp pursatlary meniňkidi. Sebäbi meni kakam berdaşly gollarynda göterýärdi. Dört-bäş ýaşly gyzjagaz üçin şundan uly bagt barmy näme?! Kakam diňe şondan soň ejemdir doganlarym bilen saglyk-amanlyk soraşardy. Men bolsam onuň argynlygyndan habarsyz, heniz ol jaýlaşykly oturyp-oturmanka: «Kaka, me bu seniň alma paýyň, bu seniň süýji paýyň!» diýip, oňa myssaran almamy, daşky kagyzy könelişen süýjülerimi hödürlärdim. Ol meniň raýymy ýykmazdy. Ellerine beren zadymy al howada ýokaryk göterip, «Berekella, gyzym! Ullaka-a-an bol!» diýip, ýene yzyna gaýtaryp bererdi. Şonuň üçin bolsa gerek. Her gezek al-asmanda ak durnalaryny gyrruwladyp, tyllaýy donuny egnine atynyp, bosagadan güýz gelende, üstünden otuz ýyl geçen hem bolsa, ýaňadan kakaly günlerime dolanýaryn...
                            Aýnabat ATAÝEWA,
                            “Bereketli toprak” gazetiniň baş redaktorynyň orunbasary.