Türkmenistanyň milli ýygyndysy FIFA-nyň reýtingindäki ornuny saklap galdy

    Futbol boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary ýakynda täzelenen FIFA-nyň (Halkara Futbol federasiýasy) sanawynda eýeleýän ornuny saklap galdy diýlip, bu guramanyň resmi saýtynda habar berilýär.
    Umumylykda 1107 utugy bolan ýygyndy toparymyz sanawda 129-njy orny eýeleýär. Ýygyndy toparymyzyň sanawdaky ornuny 2019-njy ýylyň noýabryndan bäri saklap gelýändigini ýatladýarys.
    Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň dünýä çempionaty – 2022-niň hem-de Aziýa Kubogy 2023-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary aşakdaky orunlary eýeleýärler: Koreýa Respublikasy – 39-njy orun, Liwan – 90-njy orun, Koreýa Halk Demokratik Respublikasy – 115-nji orun, Şri-Lanka – 206-njy orun.
    Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň ýygyndy topary dünýä çempionaty – 2022-niň hem-de Aziýa Kubogy – 2023-iň saýlama tapgyryndaky çykyş edýän toparçasynda toplan 9 utugy bilen birinji orny eýeleýär.
    Sanawyň başyny Belgiýanyň milli ýygyndysynyň çekýändigini ýatladýarys (1773 utuk – 1-nji orun). 1744 utugy bolan soňky dünýä çempiony Fransiýanyň ýygyndysy ikinji, 1712 utuk toplan Braziliýanyň milli ýygyndysy üçünji orunlary eýeleýärler.
    FIFA-nyň nobatdaky sanawy 22-nji oktýabrda çap ediler.
    Çeşme: http://tff.com.tm