Gawuny säher iý...

    Tesbi düwmeleri ýaly, hatar gurap geçen ýyllaryň ýygyrtlarynyň arasynda bolan ahwalatlar, galaba, nägümana, aňşyrylmaýan salgyma ulaşýar. Gowy işler, halka haýyr beren zatlar sarymtyl salgymda mesaňa saýlanýar. Behişdi nygmat bolan türkmen gawuny asyrlarda azaşmady: geçmişiň çuňluklarynyň gurumly çaňyna çolaşman, şu günlere geldi. Munuň özi onuň deňine deňleşip bolmaýan taýsyz tagamdygyny, datly nygmatdygyny subut edýär.
    Beýik rus alymy Ýewgeniý Bertels: «Tejeniň waharman gawunyny iýip otyrkam, onuň süýjüliginden ýaňa, tereň derýanyň çuňňur düýbüne taşlasalar-da duýmazdym» diýip, ýürek sözüni aýdypdyr. Başga bir ýewropaly akademik bolsa: «Waharman gawunynyň tagamy bütin Gündogary ýatladýar» diýip, kärdeşiniň aýdanyny berçinleýär.
    ...Moskwa şäherinde rus halkynyň ruhy sütünleriniň biri bolan, nusgawy şahyr A.S.Puşkiniň şygryýet baýramçylygy dowam edýär. Onuň heýkeliniň degresi şygyr muşdaklarynyň mähellesinden hyň berýär. Dabaranyň dowamynda baýramçylyk saçagy giňden ýazyldy. Şatlykly şowhuna goşulýanlar sahawatly toý saçagyna eçilenlerini seçdiler. Naz-nygmatlaryň arasyna dilimlenen waharman gawuny goşuldy. Desse gülleriňki bilen utgaşan dürli tagamlaryň ýakymly ysy bark urýar, supra başyna çagyrýar. Gawuny dadanlar: «Puşkiniň şygyrlary ýaly şirin» diýip, onuň Alyhezretleri beýik poeziýanyň derejesine deňleşdirdiler. Waharman barada hoş sözlere halys höwrügen höwesli kalbym bu baha begenmek begendi.
                                    * * *
    Jennetiň jemalyny gören gawuny ýetişdirýänleriň sany köpeldi. Babadaýhan etrabynyň Akwekil obasyndan Abdyresul hajy daýhançylyk işiniň ussady. Gawun ekip, bol hasyl alyp, onuň hözirini görmegi başarýar. Tebigatyň täsinliklerini öwrenip, olary bakjaçylykda peýdalanmaga paýhasly hereket edýär. Toplan tejribesini gawun ýetişdirmekde ökdelik bilen ulanýar. Gürlese, külterlenen kendir ýaly tirkeş-tirkeş gyzykly gürrüňleri many saçýar. Syr saklaýan mähek daşyň altyny aýan edişi ýaly, gawuna dahylly gürrüňler aýdyňlygy bilen anyk bolýar.
    Möwsüm başlanda endik eden edebini gün yrman gaýtalar. Guşlardan ir oýanar. Ekinzarlyga aýlanar, mallaryny iýmlär. Säherdäki aladalaryny birýan ýüzli edensoň, öz owkat aladasy bilen bolar. Tüňçe otda goýlar. Ýüzüni dogup gelýän Günüň al şapagyna öwrer. Ak gaýmagy syrylyp barýan gündogara höwesli garar. Gülli keçäniň üstünde aýbogdaşy gurap jaýlaşar. Öňündäki waharmany taýly käselär. «Bir guş tutdum jany ýok, kellesini kesdim gany ýok, içinde üç ýumurtga, jüýjesiniň sany ýok» diýen tapmaçanyň ýordumy Abdyresul aganyň öňünde taýýar. Gyrgyç bilen gyrlyp alnan gawun eti käsäni ýarpylar, şeker şiresi ýaly ýakymly suwy bolsa käsäniň içinde kenar ýasar. Işdämenlik bilen ertirlik edinýän Abdyresul mähir-muhabbetli kalp kelamyny aýdar: «Suwunyň süýjüligi mukaddes Käbedäki aby-zemzem suwunyň, eti Medinäniň hurmasynyň tagamyndan pes däl». Gulak gerip diňleseň, söhbedi şaha nabatly çaý içen ýaly ýakymly. Manyly maslahatlaryny, nepagaly nesihatlaryny al-da, horjunyňa at, barýaka pul ýaly peýdasy deger! «Gawuny säher iý, säher iýmeseň, sähel iý» diýilmeginiň haýyrly hikmedi bar. Saba-säherde sapagyndan tändirilip alnan gawun gije aýazy uransoň sowuk bolýar. Salkyn derejede iýlen gawun — saglygyň sütüni. Bedeniňi berdaşly edýär. Göwnüňi galkyndyrýar, keýpiňi terlendirýär. Tomsuň yssy günleri gawuny sowuk saklamagyň syrlary bar. Bir metr inedördül giňlikde, dyzboýy çukur gazmaly. Aşagyna öl ot düşäp, gawunlary goýmaly. Üstüni akbaş, gamyş bilen galyň basyrmaly. Wagtal-wagtal suw sepeläp, çygyny ýetirseň, salkynlygy saklaýar. Gawun ýarmagyň, iýmegiň hem öz medeniýeti bar. Ýarmazdan öňürti sapak ýerini kesmeli. Soň çigidini, ýüzüniň gylawuny aýyrmaly. Gyzyl reňkli gylawy adatdan daşary süýji bolany üçin agzy, dodagy tyg degen ýaly kesýär. «Gawun gylawy — tyg ýaragy», «Eti asyl — gylawy asal» diýlip aýdylýar.
                                    * * *
    Talyp toparyndan saýlanan Rejepmyrat zähmet ýoluna önümçilikden başlady. Oňa waharman ylmy-tejribe hojalygynyň tehnikalarynyň ykbaly ynanyldy. Hojalygyň alnynda galanyň diwary ýaly galyň garşylyk garaşýar. Hojalyk öňde bellenen önümçilik tabşyryklaryny amal etmeli. Bakja önümleriniň bolçulygyny döretmeli. Wezipe — täzeçe çözgütleri tejribeler bilen sepleşdirmeli. Her bir ulgamda bolşy ýaly, täzeligi önümçilige ornaşdyrmak üçin işgärleriň aňynda özgerişe bolan ynamy döretmeli. Öňdebaryjy önümçiligiň täleýi tehnikalaryň guratlygyna bagly. Olaryň synalaryny seljerip seýiklemeli. Ökdeden öwrenmek, bilýäne boýun synmak — maksadyna maýyl bolýanyň özüne döredýän mümkinçilikleri. Kynçylyk kyýamat bilen kentdeş. Köw-söw edip, onuň arkasyndan aýlanmaly däl. Göni baryp, darkaş gurmaly, ýeňmeli. Öwrenmeli, öňe gitmeli. Bilmeli, beýiklere deňleşmeli. Önümçilikdäki howuňy basýan çylşyrymly işler, ýeter-ýetmezçilikler, käbir işgärleriň buz üstünde tozan aramagy, gurulýan darkaşlar syçrap duran ýaş ýigidiň topugyndanam bolmady. Kösençlikler bilenem kämillik ýoluna düşdi. Ylmy barlaglar bilen çyr-çytyr işleýşine, işi ökdelik bilen guraýşyna, guramaçylyk ukybyna syny oturan halypa ekerançy maslahat berdi. «Hojalykda edýän işleriňi ylym bilen esaslandyr, utgaşdyr!».
    Makullanan maslahat ýaş ýigidi aspirantura imrindirdi. Ymyzganmaga pursat bermeýän ýigitlik arzuwy uzaklara atardy. Russiýa Federasiýasynyň Wolgograd şäherindäki Bütinsoýuz bakjaçylyk ylmy akademiýasyna eltdi. Tanyşlyk üçin ýazylan saçakdaky dilimlenen, käselenen waharman gawunyndan dadan alymlar Rejepmyrada bilesigelijilikli sowaly berdiler:
    — Ylmy işler edip, gawunyň süýjüligini asylkysyndan artdyryp bilermiň?
    — Elbetde, mundan süýji hem bolup biler.
    Alymlyga dalaşgär ýaş ýigidiň söýgetli sözlerini, güwälik gürrüňlerini, düme ekini ýaly dokmaňyz pikirini ylmy mejlise gatnaşýan alym-danyşmentler köňül kaýyllygy bilen makulladylar. Saçy selçeňlän, gyrçuw, mäşbürünç sakgally professoryň aýdanlary aýgytlaýjy boldy: «Diýenleriň diliňde, etjek işleriň alnyňda. Ylmy işiň mowzugy makul. Galan işler gaýratyňa bagly!».
    Gawunyň biýarasy ýaýbaň, garpyzyň, kädiniň pazyly bolsa ýaýrawdan uzyn. Takyk tohum taşlaýan ekiş gurallary bilen ekmek, olaryň ujuny çyrpmak, şol bir wagtda hatararasyny bejermek arkaly agrotehnikanyň talaplary esasynda hyzmat edilip, toplanan tejribe netijesini berdi. Başy asmanda howalanýan keremli dagyň kemerine ýetmek üçin ilki depä dyrmaşmaly, soňra baýra baryp, sagrysynda säpjemeli. Aýlanyp geçmeli ýollardan ýortup, kertlerini kertip, ala garly daglaryň ýasy ýagyrnysyna gowuşmaly. Ylmy iş boýunça geçirilen birnäçe tejribeler Aşgabatda, Moskwada, Merkezi Aziýa respublikalarynda oýlap tapyjylaryň arasynda geçirilen seljeriş sergilerinde derejeli, baýrakly ýerleri eýeläp begendirdi. Bular tutumly ylmy işiň netijeli boljakdygyna ilkinji buşlukçy güwänamalarydy. Başlangyjy begendiren işleriň ahyry hem allanäme boldy. «Bakja önümlerini ösdürip ýetişdirmekde, ýokary hilli önüm almakda agrotehnikanyň talaby boýunça biýaralaryň ujuny çyrpmaklygyň ähmiýetli aýratynlygy» diýen mowzukdaky ylmy dissertasiýa biragyzdan tassyklandy. Ýaş ýigide tehniki ylymlaryň kandidaty diýen ylmy dereje berildi. Kireňsiz kalp bilen döwlet ähmiýetli, halk bähbitli işi amal etseň, täze üstünlikleriň gapysy giňden açylýar. Ol bakjaçylykda bitirýän işi üçin Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi boldy. «Türkmenistanyň at gazanan oba hojalyk işgäri» diýen hormatly at bilen sylaglanan ýigidiň hyruçly kalby ynjaldy.
    Gawun gawundan reňk alýar, täsirlenýär. Hoş ýakýan häsiýetleri ýakynlara geçýär. Behişdi bezän nygmat azyk üçin amatly: ondan kak, sök, iýjan, bal önümleri taýýarlanýar. Hojalykda hurşa ýarpy, syrkaw-sökelligiň dermany. Datly tagamyň täsiriniň ýeten ýeri aňy arassalaýar, kalby päkizeleýär. Çökgün ruh per açyp, ganat ýaýýar. Jenneti tagama takdyryny baglanlaryň rysgaly açylýar. Gazanç çeşmesiniň gaznasy galňaýar. Ynsan ýaşaýşynyň gadymylyklarynda dörän manysy maňyzly gürrüňiň ýyllaryň geçmegi bilen ýüzi täzelenýär. Täzeçe edim-gylymlar bilen berkidilýär.
                                    * * *
    Gadymdan gelýän ganatly hekaýat henizlerem dilden düşmeýär. Gawun ýükli kerwene ýumuşçy bolup goşulan ýigit hyzmatyny gaýgyrmandyr. Şöwür çekenlere höwür bolýar. Ýeňil gopup, ýumuşlara ýüwrüpdir. Aňy arassa, kalby kazy bolupdyr. Işe ilgezikligi, dogum donuna dolanmagy hemmelere ýarapdyr. Ýüregi pägiň — ýoly ak. Jokrama yssyda dynç alyp, gije salkynda menzil aşan kerwen Horezme barýar. Ýükler ýazdyrylýar, goşlar düşürilýär. Bazaryň bakgallary gyzyl el bolup, harytlara hyrydar boldular. Jarçynyň batly sesi gowur berýän galmagaly böwsüp, töwerege ýaýraýar. Ol hanyň körpe gyzy Gülçehräniň durmuşa çykmakçydygyny, üç şerti berjaý edip bilen ýigidiň han hezretleriniň giýewsi bolup biljekdigini aýan edýär. Şertiň talaby — han gyzy bir apbasa bir görnüşli nygmat alyp, öz göwnüni awlamaly, goçuny iýmlemeli, totuguşuna tagam hödürlemeli. Şerte şärik bolup, berjaý etmeseň, soňunyň gowulyk bilen gutarmajakdygy hem öňünden duýdurylýar. Ysy bark urýan Gün reňkli, torly waharmany elinde ykjamlan ýigit bagta töwekgellik edýär. Gülçehräniň huzurynda häzir bolýar. Eli gawunly, göwşüllän geýimli ýigidi görende, Gülçehräniň gaşlary bürjeşdi, ýüzi çytyldy. Ýigit çalasynlyk bilen gawuny kesdi. Tylla tabaga salyp, gyza hödür etdi. Paçagy ownuk dograp, buýnuzy burum-burum goçuň öňünde goýdy, çigitleri totusynyň gutusyna saldy. Birsalymdan soňra bolan ýagdaýa üns beriň! Han gyzynyň oturan otagyny göwün göteriji ys bilen şatlyk gurşady. Gaşlar gerildi, ýaňaklar ýazyldy, gyz ýüzi täze haly ýaly lowurdady. Ýalmanýan goç ýene-de hödüre garaşýar. Toty çokmaga isleginiň bardygyny gepläp duýdurýar. Gülap suwy sepilen ýaly owadan Gülçehre gözlerini güldürip, şadyýanlyk bilen gürledi: «Toý sähedini belläberiň!».
    Derýa AŞYR,
    žurnalist, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy.