Wagt bir guşdur... 

    («Heňňam hekaýatlary» toplumyndan)
    Wagtyň gymmaty hakynda aýdylan zatlar, edilen öwüt-pentler az däl. Owaly-ebedi akyldarlaryň biriniň aýdyşy ýaly, wagt — gyzyldan-tylladan has gymmat, bihuda uçurdygyň, yzyna alyp bolmaýan, diňe ahmyr etdirýän iň gymmatly baýlyk. Wagtyň gadyry, ylaýta-da, ykbalyny ylma baglan alym, döredijilige ulaşan ýazyjy-şahyr üçin has arzyly. Ýöne ony aýtsaň, daýhançylyk, çarwaçylyk babatda-da wagtyň gadyry, ony ýele bermezlik hakda aýdylyp gidilen pähimdir tymsallary, nakyllary näçe diýseň susup alybermeli. Diňe ýekejesini agzaýalyň!
    ...Seretan tomus gelip, oraga başlananda atyzyň ortarasynda birje düýp bugdaý çala bişenini bildirip otyrmyş. Daýhan juda jepakeş hemem ekiniň, ýeriň, suwuň diline düşünýän dana eken.
    — Ala-böle beýle bolmagynyň sebäbini bilmedik-le?
    — Wah, ýere tohum taşlanyňyzda men topraga göni düşmedim-de, kündäniň azalyna degip, soň gaçdym. Ine, şojagaz mütdetiň ýetiren zeperi.
    Men gatyny açan kitaplarymyň sahypalaryndan wagta degişli, ony tygşytlamak bilen bagly käbir zatlary «Heňňam hekaýatlaryna» goşmagy makul gördüm. Sebäbi biziň pikir tizligindenem çalt hereketdäki zamanamyzda ýaşaýan ýaşlaryň wagty bisarpa tutmazlygy, bu günki işi ertä goýmazlygy, has dogrusy-ha, her minuty «işletmegi» ömür endigine öwürmegi möhümdir. Sebäbi danalaryň aýdyp gidişi ýaly, puly tapyp bolýar, kisäňde saklap bolýar, emma wagty sypdyrsaň, tapybam, tutubam bolanok.
    Geliň onda, uzyn gepiň gysgasy ýagşy edeliň! Ýatda galan zatlary, belli şahsyýetleriň ýatlamalaryny, «Wagt» diýlen gymmatlygyň gadyr-gymmaty hakda okanlarymy, eşidenlerimi, görenlerimi siziň bilen paýlaşaýyn!
                                            * * *
    Türkmeniň adyny Äleme tanadan belli alym, akademik, çölleri öwrenmekde dünýäde ykrar edilen Agajan Geldiýewiç Babaýew hakynda ilki çaklaňja oçerk ýazypdym. Ýöne äpet Garagumy ädimme-ädim söken, şonuň bilen birlikde Älem üstündäki ähli çölleri — arid zonasyny aýlanyp çykan alymyň bitiren işleri ol çygra sygman, soň, «Akmaýanyň ýoly» atly poweste öwrüldi. Ine, şol eserden bir parça:
    ...Wagt Garagumuň ýel degen çägeleri ýaly akyp dur. Wagty bihuda tutmaýan alym institutyň işini dutar düzülen ýaly etmek üçin gije-gündiz ylgaýardy. 1964-nji ýylda Ylymlar akademiýasynyň prezidiumy täze gurlan bina göçdi-de, karkasdan salnan öňki jaýlary instituta berildi. Bu degşip aýdylaýan ozalky «garyp oňşukdan» has gowudy. Barlaghanalaryň hersine aýratyn otag ýetipdi, ýonujy hem abatlaýjy stanoklar özbaşyna ýerleşdirildi, bölümler üçin giňişgenlik döredi. Aýdylýan stanoklar institutyň öňünde goýlan esasy wezipäni — Gün hem ýel arkaly işledilýän, ykjam hem göçürilmäge amatly suw süýjediji enjamy döretmek üçin tüýs gerekdi.
    Şondan uzak wagt geçmänkä bolsa, institutyň direktory «Türkmenistanyň oazis çägeleri hem-de olary özleşdirmegiň usullary» atly temadan doktorlyk işini gorady.
    Ine, güýzüň ortaky aýynda Agajan Geldiýewiç Daşkentde geçýän halkara derejeli maslahatyň işi bilen mübtelady. Daşky gurşawy goramak baradaky halkara guramasynyň, ýagny ÝUNEP-iň çäklerinde guralýan mejlis arid zonasyndaky ýerleriň tebigatyny goramak meselesine bagyşlanýardy. Türkmen alymy Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite düzüminiň — ESKATO-nyň, başgaça aýdanda, Aziýa hem-de Ýuwaş ummany sebitleriniň ykdysady we sosial meseleler boýunça toparynyň garaşsyz bilermeni hökmünde çagyrylypdy.
    Mejlisiň üçülenji güni myhmanlary daň-säher bilen Daşkendiň golaýyndaky oba hojalygy bilen meşgullanýan hojalyga aýladylar. Şondan dolanyp, myhmanhana girse, ynha, ildeşi hem köne dosty Kakajan Muhammetberdiýew dur. Eýýäm tanalyp ugran taryhçy alym gara-gadyr salamlaşyp, Orta Aziýa döwlet uniwersitetiniň çakylygy boýunça gelendigini, aslyýetinde-hä, bu ýere işe çagyrylýandygyny aýdyp, birdenem şapba ýapyşdy:
    — Gel, akademik Massonyň ýanyna gideli-le. Ol geçen gezek baramda seniň adyňy tutup, edýän işleriň bilen içgin gyzyklanypdy.
    Ýolda barýarkalar Kakajan Mihail Ýewgenýewiçiň baştutanlygynda Günorta Türkmenistana toplumlaýyn arheologik ekspedisiýa gidişleri, tapan tapyndylary hakynda gyzygyp gürrüň berdi. Şeýdip sagat 11-lerde üç gatly jaýyň iň aşagyndaky gapylaryň biriniň Kakajan jaňyny basdy. Işigi akademigiň özi açdy. Haýran galmaly, berlen salama-da dodak gymyldatman, ol yzyna öwrüldi-de, «Şu ýere geçiberiň!» diýen manyda giň myhman otagyna el salgap, özi ýene içerik sümüldi. Oňaýsyz ýagdaýa düşen myhmanlar hödür edilen ýere geçip, 15 — 20 minut garaşdylar. Gelýän-gidýän ýok. Alynmadyk myhmana dönüp oturmagam birhili.
    — Bu ne beýle, sen akademik bilen has şepe ýalydyň-la, ýa...
    Kakajan müýnli ýaly egnini gysdy:
    — Men-ä bilmedim-aý, ne döw urduka bu garra?!
    Şeýdip ýarym sagat çemesi geçdi. Ine-de giňden serpilen gapydan giren öý eýesi indi hakyt başga adam. Ýüzi-gözi gülüp dur. «Şägirt neneň?» diýip Kakajany gujaklap, Agajany: «Eşitdim, doktorlyk dissertasiýaňy üstünlikli gorapsyň, Garaguma ýapyşsaň edil gyzylly hum tapan ýaly baý bolarsyň» diýip, degşip, olary ellerinden tutup diýen ýaly iş otagyna äkitdi. Basyrylyp goýlan uly hum çäýnekden her kime bir käse gök çaý uzatdy. Birdenem agras keşbe girip Kakajandan sorady:
    — Ikimiz sagat näçede duşuşmagy wadalaşypdyk?
    Kakajan sagadyna seretdi:
    — Gündiz 12-de diýşipdik.
    — A siz näçede geldiňiz, bilýäňizmi?
    — 11-den ýarym sagat geçende.
    Akademik ellerini serip goýberdi:
    — Kakajan, gadyrdan, ýat haltaňa berkden-berk düwüp goý. Wagt diýleni gyzyldanam gymmatlydyr, ylaýta-da, ylym, döredijilik adamlary üçin. Laýyk bellenilen wagtdan ýeke minut öňem, soňam gelme! Işiň bitensoňam eglenme. Meniň sizi ýarym sagat garaşdyrmagym şol säwligiňize özboluşly jezadyr. Garry jöhidiň sapagy hemişelik ýadyňyzda bolsun!
    Soňra taryh ylymlarynyň doktory bolan, professorlyk derejesine ýeten Kakajan bu wakany hemişe ýatlar ýörerdi.
                                            * * *
    Aýdyşlaryna görä, uly söz ussatlary Berdi Kerbabaýew 20 sagatlap, Beki Seýtäkow 17-18 sagatlap, taryh ylymlarynyň doktory, akademik Gaýyp Nepesow 15 sagatlap basa oturyp işläp bilýän ekenler.
    Kerim Gurbannepesowyň bagyşlama goşgularynyň birinde şeýle setirler bar:
    Roman yzyndan täze roman,
    Hekaýa yzyndan täze hekaýa...
    Iller iki ýylda bir powest ýazsa,
    Sen her haýsyn ýetireňok iki aýa,
    Şonda-da eliňden çykan keşdeler
    Gyzlary hem haýran edýär Beki aga.
    Sebäbi näçe köp işlese-de, ussat ýazyjynyň haty juda sünnäli, diýseň owadan eken.
                                            * * *
    Öňräk elime akademik Pygam Azymowyň «Ömür menzilleri» (Aşgabat, «Ylym», 1987) atly awtobiografik powesti hem ýatlamalar kitaby düşdi. Heýem, beýle kitabyň sahypalaryny howlukmaçlyk hem ýitigiňi tapan deýin begenç bilen agdaryp ugramazmyň?! Ine, şonda aşakdaky ýatlamanyň üstünden bardym:
    ...1948-nji ýylyň martynda Moskwada görnükli edebiýatçy, Gündogar edebiýaty boýunça uly alym, türkmen edebiýaty öwreniş ylmynda önjeýli yz galdyran Ýewgeniý Eduardowiç Bertels bilen bolan söhbet ýadyma düşýär. Aramyzda takmynan şeýleräk gürrüň boldy:
    — Ýewgeniý Eduardowiç, göwnüme bolmasa, goşgudyr hekaýa, poema, romandyr powest ýazýan köpelen ýaly?
    — Dünýä ýazyjy köp inýär. Emma olardan edebiýat taryhyna girýänleri welin onçakly köp däldir. Geçen asyrlarda türkmenlerden onlarça ajaýyp talantly şahyrlar çykdy. Azady, Magtymguly, Magrupy, Şabende, Seýdi, Zelili, Mollanepes, Kemine... Emma weli şolardan Magtymguly Pyragy dünýä halklarynyň medeni taryhynda ebedi saklanjak şahyrdyr.
    — Häzirki türkmen edebiýatynda?
    — Häzirki zaman türkmen edebiýaty talantlara baý, döwre laýyk hereket edýär. Berdi Kerbabaýew edebiýat taryhyna müdimilik girdi. Ol ähli sowet edebiýatynyň guwanjy.
    Men şonda Berdi Myradowiçiň wagty bihuda tutman işleýändigi hakda oýlandym. Sebäbi munuň şeýledigine özüm ençeme gezek şaýat bolupdym.
                                            * * *
    Ýokarda agzalan kitapdan, ynha, siziň üçin ýene-de birje bölek:
    ...Men tomus kanikulynda birnäçe gezek oba gitmän, Aşgabatda galdym. (Gürrüň geçen asyryň 40-njy ýyllary hakda barýar — G.O) Ine şonda, tomsuň yssy günleriniň birinde, Gogoldan Mopra köçesine dolanyp, Köşä tarap ugradym. Köçe çarkandak, çaň, maşyn diýlen zadyň bardygyndanam habarymyz ýok. Paýtuna müneýin diýseň, student kisesi-dä. Pul ýok, bolaýanda-da paýtuny nireden tapjak. Pedinstitut hem uzak. Garaz, neneňsi-de bolsa, ýetmeli-dä diýen pikir bilen barýardym. Menden has öňräkden barýan pyýadanyň ýöreýşine seredeniňde, onuň menden hem ýadandygy äşgär bildirip durdy. Uzaklaşdyrman, onuň yzyndan ýetip:
    — Salawmaleýkim, ýoldaş mugallym! — diýdim. Ol bir tisginen ýaly etdi-de:
    — Waleýkim! — diýip, salamymy aldy.
    — Hany, welosipediňizi münmediňizmi? — diýip soradym.
    — Aý, köçe çarkandak, çaň, welosipedli hem pyýadaçylykdan aňsat däl — diýip, Hydyr Derýaýew ýadawlyk bilen çalarak ýylgyrdy.
    Men ondan:
    — Hany, rugsada gitmediňizmi? — diýip soradym.
    — Ýok! — diýip, ol ýeke agyz jogap berdi.
    — Başga mugallymlarymyz-a gitdi.
    — Başga mugallymlaryňyz bagtly...
    — Sizem bagtlysyňyz, ýoldaş mugallym...
    — Menem bagtymdan zeýrenemok, ýöne görýärmiň, olaryň hemmesi rugsada çykyp gitdiler, men bolsam galyberdim...
    — Näme üçin?
    — Oba mugallymlarynyň okuw merkezini açypdyrlar, şonda «Türkmen dilini okatmaly» diýýärler.
    Men onçakly düşünmämsoň:
    — Ýoldaş mugallym, okuw merkezini Aşgabatda açandan, Mary, Çärjew, Daşhowuz (häzirki Daşoguz) ýaly şäherlerde açaýsalar bolmaýarmyka? — diýip soradym.
    Hydyr Derýaýew ep-esli salym oýlanyp, howlukman jogap bermäge başlady:
    — Özüňe-de mälimdir, soňky ýyllara çenli bizde doly däl orta we orta mekdepler gaty azdy. Olar üçin degerli programmalar-da, okuw kitaplary-da bolmandy. Indi bolsa kolhozlarda doly däl orta, käýerlerde-de orta mekdepler açyldy. Olary programmalar, okuw kitaplary bilen üpjün etmeli. Ol zatlar näme «häh» diýlende, «mäh» diýiläýýän zat däl-dä. Olary taýyn etmek üçin wagt gerek. Oturmaly. Oýlanmaly. Ýazmaly. Ara alyp maslahatlaşmaly. Tassyk etmeli. Soňra-da çykarmaly. Şol zatlar entek ýetişmänsoň, orta mekdepleriň mugallymlary üçin okuw merkezini Aşgabatda açýarlar. Menem Magaryf halk komissarlygyna çagyryp: «Okat» diýýärler. Men: «Kanikul wagtym, rugsada gitjek» diýsem-de: «Onda ýeriňe adam görkez» diýýärler. Men Gurban Sopyýewi görkezsem: «Onuň orta bilimi bar, bolanok» diýýärler. Hojamyrat Baýlyýewi görkezsem: «Onuňam ýokary mekdebi gutaran diplomy ýok» diýýärler. Garaz, şeýle-dä. Özüň bilýärsiň, olar şeý diýip duransoň, «Etjek däl» diýip, aýagyňy depip durmak hem ýagşy däl. Senem, ynha, ýokary okuw jaýyny gutaryp, diplom alarsyň weli, şular ýaly iş buýraýsalar, «Etjek däl» diýip aýagyňy depip durmagyn — diýip, Hydyr Derýaýew ýüzüme bakyp, ýadawsy ýylgyrdy. Ep-esli ýöredik. Soňra ol ýene-de gürrüňini dowam etdirip:
    — Dogry, Magaryf halk komissarlygy meniň hem ýagdaýymy nazarda tutýar. Ynha, häzir okuwdan çykyp gaýdyşym. Okuw merkeziniň açylan jaýynda bir ullakan otag bar. Şoňa üç klasyň okuwçysyny ýygnap, her günde alty sagat okadýaryn. Şeýle ýagdaýda göni bir aý okatsam, programmany doly ýerine ýetirýärin. Ondan soňra iki aý rugsat alyp, göni Kawkaza gidäýjekdirin — diýip, Hydyr Derýaýew ýylgyrdy.
    Ep-esli wagt dymyşyp gidenimizden soňra:
    — Magaryfyň işi köp. Ynha, kanikuldan geleris weli: «Bujagaz zady oka, pikiriňi aýt, ýazyp ber, ýygnaga gel» diýip, ýüz iş taparlar. Ynha, sizem ýokary bilim alarsyňyz, onsoň biziňem işimiz birneme ýeňlär — diýen Hydyr Derýaýew öýüniň duşuna geldi-de, sakga durdy. Meni çaýa çagyrdy. Men çaý, çörek içip, pedinstituta tarap ugradym. Ýolda: «Mugallymçylyk, ýygnaklara gatnaşmak, okuw kitaplarydyr programmalar düzmek, usuly görkezmeler döretmek, üstesine-de, roman ýazmak... Bu adam wagty nireden tapýarka?! Ýa-da gijeler-de ýatman, birsyhly işläp otyrmyka?!» diýen pikir bilen studentleriň umumyýaşaýyş jaýyna baranymy-da duýman galypdyryn.
    Dogrudan-da, adam öz wagtyny biderek zatlara sarp etmän, hemmesini peýdaly tarapa gönükdirmegi başarsa, onuň köp işler edip biljekdigine men şübhesiz ynandym.
                                            * * *
    Akademik Pygam Azymowyň kitabyndaky ýatlamalaryň ýene-de biri:
    ...Şu ýerde Hojageldi Aşyrowyň ol günlere degişli ýatlamasyny getiresim gelýär. «...1925-nji ýylyň sentýabr aýynda ilkinji gezek biz pionerler — men, Ata Durdyýew, Abdylla Ýusubow, Kemal Işanow, Kutum Jumanyýazow, Täjibaý Abdyllaýew, Gurbanbaý Mädeminow dagymyz Daşkent, Çärjew we Aşgabat şäherlerine okuwa gaýtdyk. Şol ýyllarda ol ýerlere okuwa gitmek aňsat däldi. Çünki döwür bilen bagly dürli hereketler, iň esasam, açlyk-horluk okuwa gitmegi kynlaşdyrýardy. Üçünjiden bolsa, ýol ýagdaýlary örän agyrdy. Türkmenistanyň derýalarynda entek tehniki güýç bilen ýöreýän suw ulagy pes derejede bolup, bar bolan kiçiräk parahodlar hem ýük daşaýardy. Dürli sebäplere görä, olar demirgazyk tarapa örän seýrek gatnaýardy. Köneürgençden okuwa gitjek okuwçylar Daşhowuza (häzirki Daşoguz) iki gije-gündizde gelýärdiler. Şondan hem hepdede bir gezek Daşhowuzdan (häzirki Daşoguz) Köneürgenje mata, çaý, gant, un, ýag ýaly harytlary getirýän kerwenleri ýörite goraýan otrýadlara goşulyp gitmeli bolýardy. Olar, köplenç, gijelerine gatnaýardylar, çünki ýollarda galtamanlar ýygy-ýygydan duşup durýardy. Ýollar gaty ýaramazdy. Asfalt ýollaryň ady hem ýokdy. Şonuň üçin şeýle ulag bilen bir gijede Köneürgençden Porsa (häzirki Boldumsaz etraby) baryp, ertesi gije-de Daşhowuza (häzirki Daşoguz) ugramaly bolardy. Daşhowuzdan (häzirki Daşoguz) Täzeürgenjiň (Özbegistan Respublikasynyň Horezm oblastynyň merkezi) üsti bilen Amyderýanyň kenaryna iki gije-gündizde barlardy. Ol ýerden belli bir günlerde Çärjewe iýdilip ýöredilýän gämilere münüp gaýtmaly bolardy. Ol gämileri 30 — 40 daýaw adam uzyn ýüp dakyp, derýanyň kenary bilen iýdip gaýdardylar. Derýanyň akymynyň garşysyna tarap agyr ýükli gämini iýdip gaýtmak aňsat iş däldi. Kähalatlarda dargalar ellerinden ýüplerini gaçyryp, ençeme wagt gämini tutup bilmezdiler. Ýolda okuwçylaryň azyklary gutaryp, juda horlanýan wagtlary-da bolýardy. Aýratyn ýagdaýlarda gämileri saklap, gijeler ýakynrak obalara ýa-da çopanlaryň goşuna baryp, un, et, we çörek satyn alardyk. Şeýlelikde, Köneürgençden Çärjewe barmak üçin 30 — 35 gün gerek bolýardy. Eger-de ýüküň bolmasa, Çärjewe pyýada tiz barmak bolýardy. Şol ýagdaýlary şu günki ýaşlar göz öňüne getirip görsediler! Geçmişi gowy bilsediler! Onda olar okuwyň, häzirki bagtly, bolelin ýaşaýşyň gadyryny has gowy bilerdiler! Gynansak-da, käbirleri geçmişiň agyr günlerini ýada salman, hemişe häzirki ýaly bolandyr öýdýärler...»
                                            * * *
    Ýene-de «Ömür menzilleri» kitabyndan Pygam Azymowyň ýatlamalarynyň biri:
    ...Aleksandr Petrowiç Poseluýewskiý öz mugallymy Wladimir Aleksandrowiçiň biçak talapkärdigini, tertip-düzgüni diýseň halaýandygyny, işjeňi, işe ukyplyny öz perzendi kimin gowy görýändigini, ony atalyk aladasy bilen gurşap alýandygyny, ýalta, düzgün-tertibi bozýany weli berk ýazgarýandygyny maňa duýdurypdy. Mugallymymyň bu duýduryşlarynyň ýerliklidigini Moskwada işe başlan günümden duýdum.
    Wladimir Aleksandrowiç bilen onuň öýünde ir sagat 10-da duşuşmalydyk. Dekabryň aňzagy, ýeriň doňaklygy, şäher bilen nätanyşlyk, näçe ir çykan-da bolsam, bellenilen wagtdan birneme gijä galmaga sebäp boldy. Gapyny kakdym, ony Wladimir Aleksandrowiçiň özi açdy we meniň salamymy alandan soň elindäki sagadyna seredip:
    — Siziň bilen sagat näçä belleşipdik?
    — 10-a.
    — Häzir näçe? On sagat dokuz minut, men indi başga işe başladym — diýip, ol gapysyny ýapdy.
    Näme etjegimi bilmän, gapynyň agzynda dört-bäş minut duranymdan soň pyýadalap, Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasyna — Moskwada ýaşaýan ýerime tarap ugradym. Meniň ýagdaýymy bir göz öňüne getirip görüň! Nätmeli?! Aşgabada gaýdybermelimi?! Ýok, bu bolup bilmez! Doktorantura girmäge rugsat aňsatlyk bilen alynmady ahyryn! Jaýa barýançam, birneme köşeşdim. Iki günden soň W.A.Gordlewskä jaň etdim. Ol ýene ertir sagat 10-a duşuşyk belledi. Sagadymy poçtamt sagady bilen barlap gördüm. Indi weli gijä galmajagym çynym! Wagtyndan öň gapynyň agzynda taýýar boldum. On bolmaga birnäçe sekunt galanda gapyny kakdym. Güler ýüz bilen gapyny açan Wladimir Aleksandrowiç: «Giriň!» diýip, meni içeri çagyrdy, giren ýerimdäki geýim asgyjy görkezdi. Paltomydyr gulakjynymy asgyçdan asýançam, ýanymda garaşyp durdy, soň kabinetine alyp bardy. Iki sagada golaý gürleşdik. Nähili mylaýym, ýakymly adam!
    Sagat 12-lerde onuň aýaly Warwara Aleksandrowna kabinete girdi. Men ýerimden turdum. Salamlaşdyk. Ol maňa ýüzlenip:
    — Oturyň, oturyň! — diýeninden soň, men oturdym. Soň Warwara Aleksandrowna:
    — Wolodýa, işläniňiz besdir, dynç almagam gerek — diýip, adamsyna ýüzlendi. Wladimir Aleksandrowiç oňa mylaýym jogap berdi:
    — Ýogsam-da, Warýa, biz Gündogar myhmançylygyny unudyp barýarys, myhmanyň öňüne çaý, ir-iýmiş goýmaly, dogrusyny aýtsak, biz bir naharlyk işledikmikäk diýýärin.
    Warwara Aleksandrowna:
    — Hemmesi taýýar, o otaga geçiberiň! — diýen «buýrugy» berdi.
    Çaý içdik, garbandyk. Öňki gezekki duşuşyk hakynda söz açylmady. Soňra bu mähriban adamlar bilen hoşlaşyp, jaýyma ugradym.
    Keýpim kök! Duşuşykdan diýseň hoşal! Wekilhana barýarkam, Aleksandr Petrowiç Poseluýewskiniň: «Işe, ýygnaga 10 — 15 minut öň, duşuşyga, myhmançylyga edil wagtynda bar» diýip, birwagtky beren maslahaty ýadyma düşdi. Onuň özi bolsa bu düzgüni berk saklaýardy. Bir gün A.P.Poseluýewskiden «Näme üçin beýle etmeli?» diýip soranymda, ol: «Bellenilen iş sagadyny öndürijilikli peýdalanmak üçin, ýygnaga senden başga-da adam geler, olaryň içinde tanyş-bilşiň bolar. Ýygnak başlanmanka, olar bilen salamlaşmak, saglyk-amanlyk soraşmak gerek. Ýygnak wagtynda bolsa ähli ünsüňi seredilýän meselä jemlemek zerur. Öz işini meýilleşdirip, özüni gurap bilýän her bir kişiniň etsem-petsemi bar. Duşuşyk-da göz öňünde tutulandyr, belki. Ol edil wagtynda başlanmalydyr, garaşmakdan erbet zat ýok. Meselem, seni sagat 7-ä myhmançylyga çagyrdylar. Sen bolsa öň ýa giç geldiň. Öý eýesiniň ýagdaýyny bir göz öňüne getirip görüň. Ol heniz myhman kabul etmäge taýýar däl. «Wah, myhmanlar geldi, men heniz taýýarlap ýetişmedim» diýip, ol alňasap başlar. Ýa siz çakylyga ýarym sagat giç geldiňiz. Öý bikesi ýene-de käýinip başlaýar: «Sen ýoguňy bar edip, ony hormatlap, myhmançylyga çagyrýarsyň, ol bolsa heniz-de gelenok. Wah, taýýarlan zatlarym bir zaýalanmasady» diýip, adamsyna iňirdäp ugraýar. Iň gowusy, sen çagyrylan ýere öň-de barma, gijä-de galma» diýip jogap beripdi. Aleksandr Petrowiç bu tarapdan-da biziň ählimize nusgady. Onuň sözi bilen hereketi hemişe deň gelerdi.
    Biz Aleksandr Petrowiç bilen baryş-gelişlidik. Eger ir geläýse, jaýa girmän, onuň töwereginde gezmeläp ýörerdi. Onuň öňünden çykyp, öýe çagyrsaň, Aleksandr Petrowiç sagadyna sereder (ol hemişe jübi sagat götererdi), «Ýene pylança minut bar» diýer-de, bellenilen wagta garaşar. Göni wagtynda öýe girerdi.
    Ol wagt tygşytlylygyna uly üns bererdi. Özi-de welosipedli gezerdi. Biz diýseň daýaw, ýognas pyýadany welosiped neneň göterýärkä diýerdik. Şol wagtlar student, häzir filologik ylymlarynyň kandidaty, ylym we tehnika boýunça TSSR-iň Döwlet baýragynyň laureaty Wahyt Mesgudowyň ondan: «Siz näme üçin hemişe welosipedli gelýärsiňiz?» diýen soragyna Aleksandr Petrowiçiň: «Wagtymy tygşytlamak üçin. Soň-da welosipedli gezmek — sportuň bir görnüşi. Oňat guralan sport bolsa saglygyň girewidir, öndürijilikli zähmetiň açarydyr» diýeni ýadyma düşýär.
    Mugallymymyň göreldesi meniň üçin hemişe nusga bolup gelýär. Aleksandr Petrowiç Gordlewskiniň-de 9 minut gijä galyp baranym üçin meni kabul etmändigi maňa uly sapak boldy. Wagty tygşytly peýdalanmaga gönükdirdi, onuň gymmatyny hiç wagt unutmazlygy beýnime guýdy. Men munuň üçin-de Wladimir Aleksandrowiçi uly minnetdarlyk bilen mydama ýatlap ýörün.
                                            * * *
    Ine, ýokarky ýazgylar, ýatlamalar «Wagt» diýlen gymmatlygyň nähili uçursyz arzylydygy hakda ýene bir öwre pikir etdirer. Diňe pikir etdirmek däl, eýsem, wagty nähili peýdalanmalydygy, ony bihuda duşuňdan geçirmegiň ötülmejek hata bolup, soň puşmana öwrüljekdigini hemişe ýatladar durar. Galamasam, özüňize, bu endigi terbiýeläp bilşiňize bagly.
    Danalaryň aýdyşy ýaly, wagt bir guşdur.
                                            Gurbannazar ORAZGULYÝEW,
                                            ýazyjy.