Goşa gawunyň çekilişi

    Türkmenler Pendi ýaýlasynyň sonarly meýdanlarynda erkana agyp-dönüp ýören süri-süri mallaryndan başga-da özüniň ýokary hasyl berýän boz toprakly ekin meýdanlary bilen hem giňden tanalypdyr. Ata-babalarymyz gujurly gollaryň zory bilen mes toprakly ýerden bol hasyl almagy başarypdyrlar. Elbetde, ýere yhlas etseň, ol hem saňa bol hasylyny eçilýär. Ýerli bakja ekinleriniň içinde gawunyň goşa görnüşli, ýagny iki gawunyň birleşip, ulalan ýagdaýynda pendili daýhanlaryň şu goşa gawun bilen baglanyşykly edim-gylymlary barada kelam agyz belläp geçesim gelýär.
    Gawunyň goşa görnüşine geçip başlanyny duýan ekin eýesi onuň töweregini ýandak bölekleri bilen ýapyp, ony şagal we şuňa meňzeş jandarlardan goramak üçin tasarlaşdyrýar. Sebäbi «gawunyň ösýän wagty köpçülikleýin gözegçilikde bolsa, ösüşi yzyna gaýdyp ýitip gitmäge getirýär» diýen ynanç hem bar. Ine, şu ýerden hem ekin eýesi üçin esasy jogapkärli döwür başlanýar. Sebäbi gaty uly ekiniň içinde gawuny üzülýän döwrüne çenli saklamak o diýen ýeňil iş däl. Goşa gawunyň ekinde bardygyny beýleki maşgala agzalary bilseler-de, bu barada dil ýarmaýarlar.
    Ynha, gawun bişip, ony ýolmaly wagty golaýlaberende agşamlyk çaý başynda maşgala başy goşa gawunyň ýetişip üzmeli pursadynyň ýakynlaşýandygyny we ony kime çekmelidigini, ýagny kime gowşurmalydygyny maşgala agzalaryna sala salýar. Sebäbi muny obada iň hormatlanýan, sylaglanýan adamlaryň birine, maşgalanyň gowy gatnaşykda bolýan ýerine maslahatlaşyp, gowşurmaga «gawun çekmek» däbi diýilýär we sähetli günleriň birinde bir eşek ýüki gawun (gawunyň sany 12-den az bolmazlyk şerti bilen), gapdalynda-da aýratyn bir gapda goşa gawuny alyp, şol öýüň gapysyndan ätleýärler.
    Olar hem öňden uzak-gulakdan gawunyň geljekdiginden habarly bolansoňlar, goňşy-golamlary bilen gawuny garşy almaga bir tamdyr çörek ýapyp, taýýarlykda bolýarlar. Ynha, garaşylýan «Goşa gawun» hem gelip ýetýär. Muny goňşy-golamlar, ýaşulular, oglan-uşaklar bilen bilelikde aýratyn uly hormat bilen kabul edip, märekä ýyljak nan bilen goşa gawunyň ýany bilen gelen gawundan käseläp goýup, hödür edýärler. Goşa gawuny bolsa, ýaşulular geljek ýyllaryň hasylynyň has hem baý, bereketli bolmagyny arzuw-dileg edip, gezekli-gezegine ýüze sylyp, öýüň töründe ýörite taýýarlanan tor bilen asyp goýýarlar. Gawuny getiren daýhany bolsa, bir goýun bilen ýa-da şoňa deňeçer gymmat bahaly sowgat bilen halat-serpaýlap hormat bilen ugradýarlar.
    Ynha, gyş günleriniň birinde öý eýesi agşamara adamlar öý-hojalyk işlerinden boşandan soňra, goňşy-golamlary öýüne çagyryp, hälki asylgy duran ýerden goşa gawuny almagy ýetginjekleriň birine tabşyrýar. Ol gawuny ýere düşürdenden soňra, ýene-de bir ekabyrraklaryň birine inçeden dilimläp, gelenleriň hemmesine ýeter ýaly kesmek tabşyrylýar. Gawun uly joşgun bilen iýlip bolnandan soňra, ýaşulularyň birine Babadaýhanyň ýoluna töwir etdirip, geljek ýyllarda hasylyň mundan-da bitginli bolmagy arzuw edilýär. Şeýle hem bu hasyly ýetişdirene hem-de ony şu güne çenli gowy saklana berk jan saglyk, işlerinde uly üstünlikler arzuw etmek bilen jemlenilýär.
    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda biziň gadymy däp-dessurlarymyzyň dikeldilmegine giň ýol açyldy. Bize şeýle mümkinçilikleri döredip beren hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, il bähbitli, ýurt ähmiýetli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýäris.