MILLI ÝÖRELGELERIMIZIŇ YKRARNAMASY

    Şu günler başymyzyň täji bolan ýurt Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 29 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda bir-biri bilen utgaşyp gelýän buýsançly, taryhy wakalar mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň, berkarar döwletimiziň ösüşleriniň aýdyň nyşany bolup ýüreklere ornaýar. Baş baýramymyzyň öň ýanynda 
hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan we ýiti zehininden syzylyp çykan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitaby ähli watandaşlarymyz bilen birlikde, biz — harby gullukçylar üçin hem baýramçylyk sowgady 
boldy.
    Golaýda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda bu täze kitabyň çapdan çykmagy mynasybetli «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi Watany söýmekden başlanýar» ady bilen geçirilen tanyşdyrylyş dabarasy şatlyk-şowhuna beslendi. Dabaranyň dowamynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden kemala gelen «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitabyň many-mazmuny barada uly buýsanç bilen belläp, harby gullukçylara giňişleýin gürrüň berdiler.
    Hormatly Belent Serkerdebaşymyz bu ajaýyp kitabynda halkymyzyň dünýä nusgalyk asylly ýörelgeleri barada özüniň parasatly oý-pikirlerini giňden beýan etmek bilen, milli dessurlarymyza, olaryň Watanyň abadançylygyny üpjün etmekde, häzirki nesilleri terbiýelemekde eýeleýän ornuna möhüm ähmiýet beripdir. Eserde halkymyzyň milli mirasyny düýpli öwrenmek, ony aýawly saklamak, giňden wagyz etmek hem-de geljek nesillere ýetirmek bilen baglanyşykly meseleler esasy orny eýeleýär.
    Dürdänelerden düzülen täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, galamynyň ýiti bolmagyny, il-ýurt bähbitli beýik tutumly işleriniň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
                                    Remezan GULLYÝEW,
                                    Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa 
                                    gullugynyň Merkezi edarasynyň harby 
                                    gullukçysy, maýor.