«Ahalyň» derwezeçisi Batyr Babaýew: «Derwezeçä emeli diwarda durmak maslahat berilmeýär»

    Polşanyň 3-nji diwizonynda çykyş edýän «Siarka» klubynyň derwezeçisine jerime urgusy bellenen mahaly derwezeçiniň özüni alyp barşy hemmeleriň üns merkezinde jemlendi. Ol jerime urgusy ýerine ýetirilen wagty derwezesini boş goýup, emeli diwarda duran oýunçylaryň arasyna goşuldy. Dogry, onuň derwezesine garşydaşy gol salyp bilmedi, ýöne derwezeçiniň hereketi bilermenleriň arasynda çekişme döretdi. 
    Bizem bu pursaty teswirläp bermegini haýyş edip, Türkmenistanyň wise-çempiony «Ahalyň» derwezeçisi Batyr Babaýewe ýüz tutduk. 11 metrlik urgulary yzyna gaýtarmakda milli çempionatda ezberleriň biri hasaplanýan derwezeçi şeýle gürrüň berdi:
    —Şol wakany internet arkaly menem yzarladym. Dogrusy, onuň hereketinden many çykarjak bolmaly däl. Ol uly bolmadyk ýaryşda, ýagny Polşanyň çempionatynyň 3-nji diwizionynda çykyş edýär. Diýmek, özüne ünsi çekmek üçin şonuň ýaly kada gabat gelmeýän hereketi eden bolmagy mümkin. 
    Aslyýetinde derwezeçiniň özüne ynanylan ýeri – derwezäni taşlap gitmegi topara diňe zyýan berip biler. Çünki derwezeçiniň howply urgulary yzyna gaýtarmaga mümkinçiligi kän bolýar. Goragçylaryň mümkinçiligi bolsa juda çäkli, olar diňe kellesi we aýagy bilen oýnap bilýärler. Şonuň üçin internet arkaly ýaýran şol habary okan ýaş futbolçylara, has dogrusy derwezeçilere polşaly kärdeşimiň hereketini gaýtalajak bolmazlygy maslahat berýärin!
    Ýazga geçiren Hojaberdi APBAÝEW.