«7/24.tm» hepdelik elektron goşundysynyň 16-njy sany okyjylara gowuşdy

    Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň «7/24.tm» atly hepdelik elektron goşundysynyň nobatdaky 16-njy sany okyjylara gowuşdy. Hepdelik elektron goşundysynyň nobatdaky sanynda-da sportuň dürli görnüşlerinden söhbet açýan gyzykly makalalardyr habarlara giňişleýin orun berildi. 
    Türkmenistanda sporty we bedenterbiýäni ösdürmek babatda alnyp barylýan işleriň hukuk esasyny kepillendirýän «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň metbugatda çap edilmegi sport ulgamynyň işgärleri üçin şatlykly waka boldy. 
    «Türkmenistanyň ähli künjeginde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» şygary bilen geçirilýän biraýlyk dowam edýär. Bu ýurt möçberli çäre 30-njy sentýabrda tamamlanar». Bu jümle «Ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygy dowam edýär» atly habardan alyndy. Bu ýurt möçberli çärä sport ulgamynyň işgärlerem işeňňir gatnaşýarlar. 
    Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Pawel Perewaruha bilen taýýarlanan söhbetdeşlik «Gandbol hakda söz açsaň» diýlip atlandyrylýar. Halypa žurnalist Gurbangeldi Mämmetsähedow ussat tälimçi bilen söhbetdeş bolup, onuň hünär ýolundaky buýsançly pursatlary täsirli beýan edipdir. 
    «Aşgabat 2017»-den galan keşpler» atly makalada žurnalist Batyr Berdiýew Aşgabat Azidasynyň geçen döwründe ýadynda galan täsirli pursatlary ýatlapdyr. 
    «Lionel Messä söz berýäris» diýen sözbaşyly söhbetdeşlik daşary ýurt saýtlarynyň birinden alnyp, terjime edilipdir. 
    Hepdelik elektron goşundumyzyň sahypalarynda ýaşlaryň döredijiliginden söhbet açýan, zehinli ýaşlar hakynda gürrüň berýän makalalary hem okap bilersiňiz.