Arkadagymyzyň eserleri – milletimiziň buýsanjy 

    Ýurdumyzda baş baýramymyzy – şanly Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk toýuny toýlamaga taýýarlyk görülýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi » atly täze kitabynyň çapdan çykmagy şanly baýramymyza uly zähmet ýeňişleri bilen barýan halkymyz üçin ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy. Täze şadiwanyň halkymyza gowuşmagy mynasybetli ýurdumyzyň çär künjeginde tanyşdyrylyş dabaralary geçirilip, Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp kitabynyň çuňňur many- mazmunyny açyp görkezýän çykyşlar edilýär. Çykyş edenler halkymyzyň döwletlilik ýörelgesine durmuşda hemişe eýerendiklerini we häzirki wagtda hem eýerýändigini bellediler. Bular kitapdaky gyzykly rowaýatlar arkaly subut edilýär. 
    Hormatly Prezidentimiziň 12 bölümden ybarat bu kitabynyň her bir bölümi bilen tanşanyňda halkymyzyň aňyrdan gelýän däp-dessurlarynyň, ýol-ýörelgeleriniň durmuşymyzyň içinden eriş-argaç bolup geçýändigine göz ýetirýärsiň. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi » atly kitaby halkymyzyň ýankitabyna öwrüler. Çünki bu kitapda türkmeniň döwletlilik ýörelgeleri jemlenendir. Döwlet Baştutanymyz täze eserinde taryhy çeşmeleri, toplanan maglumatlary ylmy esasda öwrenip, rejeläp, has-da kämilleşdirip, kitapda jemläpdir. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň döreden milli gymmatlyklaryna, asylly ýörelgelerine aýratyn hormat goýýandygynyň nobatdaky subutnamasy bolup durýar. Täze kitap on iki bölümden ybarat bolup, onda durmuşyň gönezligi, zeminiň abatlygy, ebedi ýaşaýşyň ugurlary, ylym-bilimiň ähmiýeti, sagdyn durmuş ýörelgeleri, zähmetsöýerlik, myhmansöýerlik, dost-doganlyk gatnaşyklary, ynsaply bolmak, agzybirlik ýaly düşünjeler barada giňişleýin gürrüň berilýär. Şeýle hem kitapda paýhasly bolmagyň zerurlygy, başyna barlan işiň rowaç bolmagy bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilýär. E serde halkymyzyň döreden rowaýatlarynyň şöhratly ata-babalarymyzyň wesýeti hökmünde köpasyrlyk durmuş paýhaslaryny özünde jemleýändigi barada aýdylýar. Milli Liderimiziň täze kitabynda tebigat we adam gatnaşyklary hakyndaky düşünje dürli wakalaryň üsti bilen giňden düşündirilýär. Şeýlelikde, kitabyň geçmiş bilen şu güni baglanyşdyrýandygyny, her bir halkyň medeniýetinde, şol sanda halkymyzyň türkmençilik ýörelgelerinde umumadamzat gymmatlyklarynyň, asylly nusgalaryň jemlenendigini görmek bolýar. Halkymyzyň döreden paýhasly jümleleri, rowaýatlary, tymsallary we nakyllary jemgyýetde ol ýa beýleki asylly ýörelgäni ornaşdyrmagyň ähmiýetli gurallary bolup durýar. Şolaryň netijeli peýdalanylmagy bolsa, eseri has-da baýlaşdyrýar. Şeýle usullaryň netijeli ulanylmagy we kämilleşdirilmegi döwlet Baştutanymyzyň edebi eserleriniň gymmatyny hem-de ähmiýetini artdyrýar. Ýokary çaphana derejesinde neşir edilen kitap giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir. Halk pähimlerini özünde jemleýän hem-de çeper beýan edýän täze kitabyň jemgyýetçilige ýetirilmegi ýaşlar üçin uly aň-bilim hem-de terbiýeçilik ähmiýetine eýe bolar. «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi » atly kitapda türkmençilik däp-dessurlary hakynda giňişleýin söhbet edilýär, rowaýatlardyr tymsallara ýüzlenilýär. Mähriban Arkadagymyz bu şadiwanynda milli mirasyň ynsan kämilliginiň gözbaşydygyny, gözelligiň hem nepisligiň altyn açarydygyny belläp geçýär. Kitapdaky: «Eger-de ýüregimizde müdimi aýdylmaly aýdymyňsetirleri ýazylan bolsa, ol diňe Watan hakynda bolmalydyr. E ýýamlar aýlansa- da, adamkärçiligiň beýik ýörelgesini dabaralandyrýan şol aýdym beýik şahsyýetleriň – Watan ogullarynyň ykbalynda ýaşaýar » diýen paýhasly setirler Watana bolan söýginiň örän mukaddesdigini aýdyňlygy bilen görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary türkmen jemgyýetiniň ähli wekilleri üçin ylham çeşmesi bolup, täze- täze sungat eserlerini döretmäge ruhlandyrýar. «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi » hem şol eserlerdendir. Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna peşgeş beren ähli ajaýyp kitaplarynyň pähim- paýhasa ýugrulandygyny, milli ýol-ýörelgelerimizi, däp-dessurlarymyzy geljekki nesillere öwretmäge gollanma bolup durýar. Şu günler ýurdumyzyň çär künjeginde geçirilen tanyşdyrylyş dabaralarynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza türkmen jemgyýetiniň ruhy- ahlak ýörelgeleriniň çuňňur öwrenilmegine, olaryň wagyz edilmegine aýratyn ähmiýet berýändigi hem-de ýurdumyzyň baş baýramy bolan mukaddes Garaşsyzlyk güni mynasybetli halkymyza eden döredijilik sowgady üçin çuňňur hoşallyk sözlerini beýan edýärler. Biz hem Gahryman Arkadagymyza şeýle ajaýyp kitaby, milli mirasymyza bagyşlanan gollanmany peşgeş berendigi üçin tüýs ýüregimizden hoşallygymyzy bildirýäris.