Resmi habarlar

    TürkmenistanyňHowa kodeksine, TürkmenistanyňSöwda deňiz gatnawynyňkodeksine, “Awtomobil ulagy hakyndaky”, “Demir ýol ulagy hakyndaky” we “Ätiýaçlandyryş hakyndaky” TürkmenistanyňKanunlaryna laýyklykda, hökmany döwlet ätiýaçlandyryş işini kämilleşdirmek hem-de ulaglaryňähli görnüşleriniňýolagçylaryny, howa, deňiz, derýa, awtomobil ulaglarynyňekipaž agzalaryny we demir ýol ulaglarynyňişgärlerini ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün etmek maksady bilen, TürkmenistanyňPrezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ulaglaryňähli görnüşleriniňýolagçylarynyň, howa, deňiz, derýa, awtomobil ulaglarynyňekipaž agzalarynyňwe demir ýol ulaglarynyňişgärleriniňhökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy hakynda Düzgünnama tassyklanyldy. 
    Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy bilen ylalaşyp, Ulaglaryňähli görnüşleriniňýolagçylarynyň, howa, deňiz, derýa, awtomobil ulaglarynyňekipaž agzalarynyňwe demir ýol ulaglarynyňişgärleriniňhökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy boýunça ätiýaçlyk gorlaryny emele getirmegiňwe harçlamagyňtertibini bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy. 
                                            * * * 
    “Türkmenistanyňnebitgaz senagatyny ösdürmegiň2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyna” laýyklykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyňöňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem zawodlar toplumynyňmaddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, TürkmenistanyňPrezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna önümçilikde zerur bolan sorujy enjamy we dürli görnüşli sorujy enjamlaryňätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak barada Hytaý Halk Respublikasynyň“Helensville Group Limited” kompaniýasy bilen şertnamany öz serişdeleriniňhasabyna