Agyz-burun örtükleri

    Daşky gurşawyň zyýanly ýagdaýlarynyň adamlaryň saglygyna ýaramaz täsir etmegini azaltmak, tozan bölejikleri, howa-damja ýoly bilen geçip biläýjek ýokanç keselleriň öňüni almak üçin, jemgyýetçilik ýerlerinde agyz-burun örtüklerini dakynmak maslahat berilýär.
    Dokalmadyk (mata däl) materiallardan taýýarlanylan lukmançylyk agyz-burun örtükleri diňe bir gezek ulanmak üçin niýetlenendir. Şol sebäpli olary 2 sagatdan artyk ulanmaly däldir.
    Köp gatly matadan (trikotaždan, hasadan we dokalan matadan) tikilen agyz-burun örtüklerini birnäçe gezek ulanmak bolýar. Olary, azyndan, her 2-3 sagatdan çalyşmalydyr.
    Örtükleri dakynmazdan öň, eliňi sabyn bilen ýuwmalydyr.
    Örtügi dakynyp, onuň ýokary gyrasyndaky maýyşgak gysgyjy burnuň seňrigini berk ýapar ýaly egreltmelidir.
    Örtük dakynylandan soň, onuň daş we iç tarapyna eliňi degirmeli däldir.
    Örtügi çalyşmak gerek bolan ýagdaýynda, ilki eliňi zyýansyzlandyryjy serişde bilen arassalap, soň örtügi çalyşmalydyr.
    Örtügi gulaga geýdirilýän halkajygyndan tutup çykarmalydyr.
    Agzy we burny jebis ýapyp durmaýan örtükler ulanylmaly däldir.
    Her bir adam diňe öz agyz-burun örtüklerini ulanmalydyr. Ony başga adama ulanmak üçin bermek ýa-da çagalaryň biri-birleriniň agyz-burun örtüklerini bile ulanmaklary ýol berilmesiz ýagdaýdyr.
    Ulanylan agyz-burun örtügini agzy ýapyk gaba ýa-da jebis ýapylýan halta (polietilen haltajyklara) taşlamalydyr we eliňi sabyn bilen mazaly ýuwmalydyr.
    Gaýtadan ulanylýan mata agyz-burun örtükleri, ýuwujy serişdeleri ulanmak bilen, 15 minudyň dowamynda gaýnadylmalydyr ýa-da kir ýuwujy enjamyň 95 derejeden pes bolmadyk kadasynda ýuwulmalydyr. Gowy durlanyp guradylandan soň, iki tarapyndan hem ütügiň «pagta» kadasynda gowy ütüklenmelidir.
    Agyz-burun örtüklerini dogry ulanmak howa-damja ýoly bilen geçýän keselleriň öňüni almaga, saglygyňy gorap saklamaga ýardam eder.