Messiniň garşysyna oýnan goragçy

    Elbetde, bu sözbaşyny «Anriniň, Puýolyň, Inýestanyň, Eto`onyň, Hawiniň garşysyna oýnan, Riwaldo bilen bir toparda çykyş eden, Zikonyň hem-de Skolariniň şägirdi bolan» diýen ýaly jümleler bilen has-da uzaldyp bolardy. Ýöne gep onda däl, esasy gep şol aýdylýanlaryň ählisiniň hakykatlygynda. Hawa, Goçguly Goçgulyýewiň ady türkmen futboly, esasan-da, Garaşsyzlyk ýyllarynyň türkmen futboly bilen gyzyklanýan her bir janköýere ýakyndan tanyş bolsa gerek. Sebäbi birnäçe ýyllap milli ýygyndymyzda, ýurdumyzyň we goňşy döwletleriň iň güýçli toparlarynda çykyş eden balkanabatly futbolçy döwründe iň tejribeli goragçy hökmünde uly at-abraýa eýe bolupdy. Onuň dünýä belli futbolçylar bilen bir toparda çykyş etmegi, olaryň garşysyna oýnamagy, Ýer ýüzüniň tanymal tälimçileriniň elinde türgenleşmegi şol at-abraýy has-da artdyrypdy. Bu günki söhbetdeşligimiz onuň şägirtlikden halypalyga çenli geçen döwrüni öz içine aldy. 
    Goçguly, söhbedimizi ynsan durmuşyndaky iň süýji döwür hasaplanylýan çagalyk döwrüňizden başlaýsak! 
    – Balkanabat şäherinde 1977-nji ýylda dünýä indim. Bilim alan 9-njy orta mekdebimiň ilkinji synplaryndan başlap, okuwdan boşadygymyz bar güýmenjämiz deň-duşlarymyz bolup pökgi kowalamakdy. Elbetde, okuw bilen küý-köçäm bolmansoň, mugallymymam ýetişigimden nägiledi. Ýadyma düşýär, bir gün ejem: «Pökgüden başga zady unutdyň, okuwyňy oka» diýip, pökgimi-de gizläpdi. Ýöne ýüregiň bilen berlen zadyňdan daşlaşyp bolmaýan eken. 3-nji synpda okaýarkam türgenleşiklerini «Nebitçi» stadionynda geçirýän Seýitjan Begjanowyň şägirtleriniň arasyna goşulmagym bilenem futbola ymykly berildim.
    – Haçandan uly futbolda çykyş edip ugradyň? 
    – Ol hem okuwçy döwürlerim bilen baglanyşykly. Şol wagtlar Balkanabadyň «Arlan» diýen topary bardy. Men onuň türgenleşiklerine yzygiderli gatnaşardym. Serdar şäheriniň «Arkaç» toparam ýurdumyzyň çempionatynyň birinji ligasynda oýnardy. Ine, şol toparyň tälimçilerem «Arlandaky» türgenleşiklerimi görüp, «Arkaja» çagyrdylar. Şeýdibem, uly futbola Serdar şäheriniň topary bilen gadam basdym. 
    – Goçguly, «Arkaçdan» başlap, ähli oýnan toparlaryň hakynda gysgaçadan jikme-jik gürrüň beräýseň? 
    – Öz döwrüniň meşhur futbolçysy Annaly Garadanowyň tälimçilik etmeginde Balkanabadyň birinji ligada çykyş eden «Balkany» «Arkaçdan» soňky oýnan toparym boldy. 1995-nji ýylda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyna okuwa girýänçäm şol toparda oýnadym. Talyplyk ýyllarymda bolsa okuwymyň daşyndan oýnamak üçin şol wagt ýokary ligada çykyş edýän «Büzmeýin» toparyna çagyrdylar. Hut şol topardakam ilki ýaşlar ýygyndymyzyň tälimçisi Rawil Menzeleýewden, soňra milli ýygyndymyzyň gruziýaly baş tälimçisi Jemal Guguşwiliden çakylyk aldym. Ýygyndymyzyň ikinji tälimçisem Täçmyrat Agamyradowdy. Şonuň çakylygy bilen men ilki paýtagtymyzyň «Dagdanynda», alty aýdan soňam «Köpetdagda» oýnap başladym. Instituty tamamlanymdan soňra bir ýarym ýyllap Watan öňündäki gulluk borjumy berjaý edip, çykyşymy ýene-de «Köpetdagda» dowam etdirdim. Ondan soňra Gazagystanyň Pawlodar şäheriniň «Irtyş» toparynyň çakylygyny kabul etdim. 2002-nji ýylda-da Daşkent şäheriniň «Pahtakorynda» baş tälimçi bolup işleýän Täçmyrat Agamyradow meni öz toparyna çagyrdy. 2005-nji ýyla çenli «Pahtakorda» oýnadym, şol ýylam Täçmyrat Şamakowiç meni Gazagystanyň «Kaýrat» toparyna alyp gitdi. 2007-nji ýylda Özbegistanyň «Bunýodkor» toparynyň hataryna goşuldym. Bu toparda 2010-njy ýylyň futbol möwsümi tamamlanýança çykyş edip, ata Watanymyza dolandym. 2011-nji ýylda Balkanabadyň «Gara Altyn» toparynda oýnadym. 2012-nji ýyldan başlabam paýtagtymyzyň HTTU toparynda ilki oýnaýan tälimçi, soňra ikinji tälimçi bolup işledim. 2013 – 2019-njy ýyllar aralygynda bolsa HTTU, «Altyn Asyr» toparlarynda, şeýle-de milli ýygyndymyzda ikinji tälimçiniň wezipesini alyp bardym. Ine, şeýdibem 1995-nji ýyldan – gidenimden 24 ýyl geçenden soňra dogduk şäherim Balkanabada ymykly dolanyp geldim. 
    – Balkanabada dolanmagyň futbol bilen baglanyşyklymy? 
    – Ýok. Men maşgala ýagdaýym sebäpli gelmeli boldum. Käbir topardan tälimçilige çakylyk bolsa-da, häzirki wagtda telekeçilik bilen meşgullanyp, futbola, kim bilýär, belki, wagtlaýynçadyr, arakesme berdim. 
    – Futbolçy bolup çykyş eden ýyllaryňda gazanan üstünlikleriň az däldir-le? 
    – Ýurdumyzyň-a bäş gezek çempiony, dört sapar Kubogynyň eýesi, bir gezegem Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogynyň eýesi bolmak miýesser etdi. 2000-nji ýylda Diýarymyzyň iň gowy oýunçysy diýip saýladylar. «Pahtakor» bilen Özbegistanyň dört gezeg-ä çempiony bolmak, dört saparam Kubogyny eýelemek başartdy. 2002-nji ýylda 14 pökgi bilen «Pahtakoryň» iň köp gol geçiren oýunçysy hem-de Özbegistanyň iň güýçli legioneri bolmak nesibämde eken. «Bunýodkor» bilen bolsa üç çempionlygy we üç Kubogy gazanmagy başardym. 
    – Goçguly, «Bunýodkorda» dünýä belli braziliýalylar bilen bile işleşdiň? Şolar barada gürrüň beräýseň? 
    – Hawa, oýunçy hökmünde dünýäniň çempiony bolan Ziko, tälimçi hökmünde dünýä Kubogyna eýe bolan Skolari «Bunýodkorda» maňa halypaçylyk etdiler. Bu topar birinji gezek hut Ziko tälimçikä, ýagny 2008-nji ýylda çempion boldy. Ziko özbek çempionatynda alty aý töweregi işledi. Ondan soňra Skolari geldi. Ziko meni bada-bat esasy düzümde oýnadyp başlady. Ýöne gep munda däl, taktiki taýdan sapak berşi birini beýgeldip, beýlekisini peseltdigim bolmasyn, Skolari güýçli. Müňlerçe janköýerler, başga toparlaryň tälimçileri hut Skolariniň türgenleşik geçişini görmek üçin ýörite stadiona gelerdiler. Adamkärçilik babatda aýdanymda bolsa, Zikonyň häsiýeti has ýumşak. Şu ýerde bir wakany gürrüň bereýin. 2009-njy ýylyň maýynda Aziýanyň Çempionlar ligasynyň utulan-çykdy oýnunda Eýranda «Piruzi» topary bilen duşuşyp, Riwaldonyň geçiren ýeke-täk goly bilen ýeňiş gazanyp gaýtdyk. Şol oýunda biziň oýunçymyz meýdançanyň burçundan pökgini derwezäniň agzyna geçirende ýokaryk böken wagtymyz ýer eýeleriniň goragçysy bilen çaknyşdyk-da, ýere örän bijaý düşüp, şikes aldym. Özbegistana gelenimden soňam operasiýa etdiler. Lukmanlar iki-üç aýlap türgenleşik geçip bilmejekdigimi aýdansoňlaram Balkanabada gaýdanymy kem görmedim. Ine, men dogduk şäherimde gezip ýörkämem Skolarini baş tälimçi edip bellediler. Şonuň üçin birnäçe aýlap onuň bilen işleşip bilmedim. Diňe oňat sagalanymdan soňra ol esasy düzüme goşup ugrady. Braziliýanyň milli ýygyndysynyň oýunçysy, dünýäniň çempiony Riwaldo hakynda aýdanymda bolsa, ol «Bunýodkora» Zikodanam, Skolaridenem öň gelip, bu ajaýyp, döwrüniň beýik futbolçysy bilen üç ýyllap bir toparda oýnamak bagty miýesser etdi. Ol – rowaýaty futbolçy. Riwaldo çaga döwürleri ýaşan ýeriniň golaýynda futbol mekdebi bolmansoň, elli kilometr uzaklykdaky mekdebe çem gelen ulaga münüp gatnar eken diýip eşiderdik. Onuň tilsimleri, ussatlygy biziň üçin mekdepdi. 38 ýaşynda bolsa-da, onuň Özbegistanyň çempionatynyň iň köp gol geçiren oýunçysy bolmagynyň özem ussatlygynyň aňrybaş derejesinden habar bermeýärmi näme?! Tälimçilerem köplenç onuň maslahatyna eýerýärdiler. Häsiýetem örän ýumşak adam. Umuman, futbol ýolumda şeýle ägirtler bilen sataşdyranlygy üçin ykbalymdan müň keren razy. 
    – «Bunýodkoryň» «Barselona» bilen geçiren duşuşygy hakynda şol döwürler habar beriş serişdelerinde uly gowur turzan waka hökmünde habar beripdiler? 
    – Hawa, 2009-njy ýylda bolan bu duşuşyk diňe bir özbek däl, bütin Aziýa futboly üçin uly waka bolupdy. Biz şonda Ispaniýa okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gidip, 15 günläp Barselona şäherinde hut «Barselonanyň» bazasynda bolduk. Bu mümkinçilik iki toparyň ýolbaşçylarynyň arasyndaky ylalaşyk esasynda döräpdi. Dogrusy, Messi, Puýol, Eto`o, Hawi, Anri ýaly dünýä futbolynyň ýyldyzlarynyň garşysyna oýnamaklygyň özi uly bagt. «Barselona» bilen «Bunýodkoryň» arasyndaky oýun ýoldaşlyk duşuşygy bolsa-da, iki toparyňam iň güýçli düzümde ähli güýjüni orta goýup oýnandygyny aýdaýyn. Ispanlardan Puýol, biziň toparymyzdan Serwer Jeparow tapawutlanyp, duşuşyk 1:1 hasabynda deňme-deň tamamlandy. Gwardiolanyň halypalyk etmegindäki toparyň Messiniň ýolbaşçylygynda guralýan hüjümlerini gaýtarmak ýeňil düşmese-de, argentinaly ýyldyzy ýykyp saklamakdanam gaýtman, garaz, goragçy hökmünde şol oýunda 90 minutlap men-ä öz borjumy ýerine ýetirdimmikäm diýýärin. 
    – Futbol ýoluňdaky iň ýatda galyjy oýunlar hökmünde nähili duşuşyklary agzamak isleýärsiň? 
    – Olaryň biri hakynda-ha edil şu wagt gürrüň etdik. 2010-njy ýylda bolan dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynda milli ýygyndymyzyň Aşgabatda Gonkongyň ýygyndysynyň garşysyna geçiren oýnunam ykbalymdaky aýratyn duşuşyklaryň biri hökmünde ýatlaýaryn. Sebäbi duşuşygyň öň ýanynda bize hormatly Prezidentimiziň adyndan üstünlik arzuw etdiler. 3:0 hasabynda ýeňiş gazananymyzdan soňra hem ýörite dabara geçirilip, Şa serpaýyny gowşurdylar. Beýle wakalar ýadyňda ömürlik galýar. Şeýle-de, 1998-nji ýylda Aziýanyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalynda «Köpetdagyň» Saud Arabystanynda ýerli «Al-Ittihad» topary bilen geçiren oýnuny höwes bilen agzasym gelýär. Sebäbi garşydaşymyzyň düzüminde şol wagtlar dünýäniň iň güýçli futbolçylarynyň biri bolan bolgariýaly Hristo Stoiçkow oýnapdy. Ol diňe Çempionlar ligasynyň aýgytlaýjy oýunlaryna gatnaşdyrylmak üçin «Al-Ittihada» kärendesine alnan eken. Şeýle güýçli futbolçynyň garşysyna oýnamak meniň özüm üçin-ä diýseň uly wakady. Şonda eýýäm 2-nji minutda biziň derwezämize 11 metrlik urgusy bellenip, Stoiçkowyň depen pökgüsini Ýewgeniý Naboýçenko gaýtarmagy başarypdy. Oýnuň soňky minutlarynda 2:1 hasabynda utulyp barýarkagam pökgi meýdançanyň daşyna gitdi. Men pökgini almak üçin barýaryn, Stoiçkowam ony has aňry depýär. Garaz, futbolyň dili boýunça ikimizem düşünişdik öýdýän. 
    – Balkanabatda doglan futbolçylardan «Nebitçide» oýnamadygy ýok diýen ýaly... 
    – Aýtjak bolýanyňa düşündim. Maňa «Nebitçiniň» düzüminde diňe iki oýunda meýdana çykmak miýesser etdi. Olaram Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň Kubogyny eýelemek ugrundaky ýaryşyň utulan-çykdy oýunlarynda Özbegistanyň «Dinamo» we Gazagystanyň «Kaýrat» toparlarynyň garşysyna Balkanabatda geçirilen oýunlar bolupdy. Hut şu duşuşyklar üçin «Nebitçi» meni kärendesine alypdy we bularyň ikisinde-de gol geçirip, gazanylan ýeňşe goşant goşmak miýesser edipdi. Dogrusy, «Kaýraty-ha» meniň ýeke-täk golum bilen ýeňipdik. 
    – Futbolçy bolup ýetişmegiňde esasy orun kime degişli? 
    – «Büzmeýinde» oýnaýarkam daşymdan oýnumy synlap, ilki «Dagdanda», soň «Köpetdagda» çykyş etmegime şert döreden, futbol ýolumda esasy halypam bolan Täçmyrat Agamyradow meniň kämil futbolçy bolup ýetişjekdigime uly ynam bildiripdi we onuň ynamynam ödedimmikäm diýýärin. 
    – Soňky ýyllarda goňşy döwletleriň, esasan-da, Özbegistanyň çempionatynda çykyş edýän ildeşlerimiziň sany artdy. Olaryň oýny bilen gyzyklanýarsyňmy? 
    – Gyzyklanýaryn. Sekiz ýyllap çykyş eden ýerim bolan özbek çempionatynyň ýagdaýy islesem-islemesem meni biparh goýanok. Bile oýnan oglanlarym bilen häli-şindi habarlaşyp durun. «Almalykda» oýnaýan Arslanmyrat Amanowyň toparynyň esasy oýunçylarynyň biridigi begendirmän duranok. Şu ýyl meniň çykyş edip gaýdan toparymyň, ýagny «Bunýodkoryň» düzümine Berdi Nurmyradowyň ogly Selim Nurmyradowyň goşulmagy has-da begendiren waka boldy. Meniň ildeşlerimize berjek esasy maslahatym şundan ybarat: daşary ýurduň çempionatynda çykyş etmäge gitdiňizmi, diýmek, ähli yhlasyňyzy, başarnygyňyzy görkeziň-de, tälimçiňiziň ynamyny gazanmaga, şeýdibem, her oýunda ilkinji minutdan meýdança girmäge hukuk gazanmaga çalşyň. Şol esasy zatdyr. 
    – Goçguly, söhbetdeşlik üçin sag boluň, diňe gowy günlerde duşuşmak miýesser etsin! 
    – Sag boluň, aýdanyň gelsin! 
                                    Söhbetdeş bolan Aşyrberdi GURBANOW.