Merjendir binalaň, beýikdir baglaň

    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneleri mynasyp garşylamak asylly däbe öwrüldi. Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllygy mynasybetli guraljak dabaralara hemmetaraplaýyn taýýarlyk işleri ýaýbaňlandyryldy.
    Şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzyň ähli künjeklerinde arassaçylyk, abadançylyk işlerine möhüm ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň baş şäheriniň medeni merkezlerinde, seýilgählerinde we baýramçylyk meýdançalarynda şanly senäni dabaralandyrmak maksady bilen, taýýarlyk çärelerine giň gerim berilýär. Bilimler we talyp ýaşlar gününiň bellenilen pursatlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ak mermerli Aşgabatda ýurdumyzyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň edara binasynyň we Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň täze jaýynyň açylyş dabarasynyň geçirilmegi baýramçylyk çäreleriniň başlangyjyna öwrüldi.
    Institutyň täze binasynyň, köpugurly sport toplumynyň döwrebap derejede enjamlaşdyrylmagy, onuň gurluşygynda milli ýörelgeler bilen häzirki zamanyň ösen tejribeleriniň utgaşdyrylmagy täze desganyň özboluşly binagärlik aýratynlygyny üpjün etdi. Onuň paýtagtymyzyň şähergurluşyk-binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmegi ýurdumyzyň baş şäheriniň hemmetaraplaýyn ösüş ýoluna düşendiginiň nobatdaky subutnamasy bolup durýar. Häzirki döwürde paýtagtymyzda Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 25 ýyllygynyň hormatyna ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalar bar. Munuň özi, şäheriň binagärlik keşbini döwrebap derejede gowulandyrmak bilen bir hatarda, baýramçylyk çäreleriniň dabaralaryny has-da belende göterer we şatlykly wakalar bilen utgaşyp, adamlar üçin ýatdan çykmajak pursatlara beslener.
    Şeýle hem, şäherde baýramçylyk mynasybetli bezeg işlerine girişmek, şanly senäni mynasyp garşylamak ugrunda ýörite maksatnama işlenip taýýarlanyldy. Oňa laýyklykda, şäheriň ýollaryna, meýdançalaryna, yşyklandyryş ulgamyna möhüm ähmiýet berilýär. Şol birwagtyň özünde seýilgäh zolaklarynyň çägi giňeldilip, şäheriň birnäçe ýerlerinde dürli güller ekilýär. Bu bolsa Aşgabadyň binagärlik keşbine özboluşly öwüşgin çaýmak bilen bir hatarda, şäheriň ekologiýa derejesiniň gowulanmagyny üpjün edýär. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabadyň çäklerinde milli Liderimiziň tagallasy bilen ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň netijesinde paýtagtymyzyň keşbi tanalmaz derejede özgerdi. Bu ýerde şäher ilatynyň ýaşaýşy we dynç alşy üçin amatly şertleriň döredilmegi, şäheriň abadanlaşdyrylmagy we ýokary ekologiýa derejesiniň üpjün edilmegibilen baglanyşykly meseleler Arkadag Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde saklanýar.
    Şäheri uzakmöhletleýin esasda ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak, şäher hojalygynyň ähli düzümleriniň işini kämilleşdirmek, şeýle hem paýtagtymyzda ýokary durmuş derejesini üpjün etmek döwlet Baştutanymyzyň durmuş syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Munuň özi, mähriban Watanymyzyň häzirki zaman ösüşini we halkymyzyň şöhratly taryhyny, milletiň baý medeniýetini özünde jemleýän ak mermerli Aşgabadyň keşbinde öz beýanyny tapýar. Gönüden-göni milli Liderimiziň tagallasy bilen şäheriň ähli çäkleri döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürilýär. Şäher gurluşygynda durmuş düzümine degişli binalaryň, inženerçilik-tehniki desgalaryň, seýilgäh zolaklarynyň, şol sanda çagalar we ulular üçin sport meýdançalarynyň gurluşygyna möhüm ähmiýet berilýär. Täze gurulýan desgalaryň şäheriň binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirmegi möhüm talap bolup durýar.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze gurluşyklaryň häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelmegine uly üns berýär. Şunlukda, täze taslamalar işlenip taýýarlananda, şäheriň tebigy aýratynlyklary göz öňünde tutulýar. Munuň özi, paýtagtymyzda binagärlik sazlaşygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, şäheriň ekologiýa derejesiniň degişli derejede saklanmagyna ýardam edýär.Aýratyn-da, binalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak meselelerine uly üns berilýär. Şunlukda, gök zolaklar we seýilgähler döredilende, şol künjegiň özboluşly aýratynlygyna ähmiýet berilýär. Şunda täzeçil işläp taýýarlamalara we tebigy bezeg serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagyna möhüm orun degişli bolup durýar. Aýratyn-da, şähergurluşyk derejesiniň ösdürilmeginde ýurdumyzyň hususy gurluşyk kompaniýalaryna bil baglanylýar.
    Soňky ýyllarda türkmen telekeçileri täzeçil taslamalary taýýarlap, olaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegini üpjün edýärler. Bu bolsa şäher gurşawynyň milli binagärlik ýörelgeleri esasynda ösdürilmegi bilen bir hatarda, desgalaryň bellenilen möhletlerde we ýokary hilli gurulmagynyň baş şertini emele getirýär. Şunlukda, ýurdumyzyň baş şäherinde bina edilýän dürli maksatly desgalaryň gurluşygynda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi, olaryň öz möhletinde gurlup, ulanmaga berilmegi möhüm talap bolup durýar. Şol birwagtyň özünde şäherde ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň, seýilgähleriň gurluşygyna möhüm ähmiýet berilýär. Önümçilik maksatly toplumlar bina edilende, olar häzirki zamanyň tehnologiýalary we sanly ulgam bilen üpjün edilýär.
    Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ak mermerli Aşgabadyň ösüşi uzakmöhletleýin esasda bolup, onuň çäklerinde ozal bar bolan binalaryň döwrebaplaşdyrylmagyna, täze desgalaryň talabalaýyk gurulmagyna esasy üns berilýär. Bu bolsa şäher ösüşiniň sazlaşygyny üpjün edýär.