Nebiti gaýtadan işlemegiň nusgalyk kärhanasy

    Wakanyň yzysüre
    Merkezi Aziýanyň we Hazar sebitiniň iň iri senagat kärhanasy bolan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy täze innowasiýalara daýanyp, öz gerimini giňeldýär we «ýaşyl ykdysadyýetde» görelde görkezýär.
    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýazýan makalalarymda, taýýarlaýan teleradio gepleşiklerimde «Gahryman Arkadagymyzyň döwlet Baştutany wezipesinde işläp başlan ilkinji günlerinden ata Watanymyz Türkmenistanda berlen söz bilen bitirilýän işiň bölünmez bir bitewüligi kemala geldi» diýen jümle kalbymyň töründe özüne hemişelik orun tapypdyr. Özem ol, ýöne bir ýüzugra aýdylyp goýberilen ganatly jümle däl-de, gündelik durmuş hakykatynyň beýanyna öwrülipdir. Şu ýylyň 27-nji awgustynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirende «Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze gazturbinalary gurmak we elektrik bekediniň durkuny täzelemek hakyndaky» Karara gol çekende, bu jümle ýene bir öwre aňymda at salyp gitdi. Berkarar döwletimiziň ýangyç-energetika toplumynyň dünýäde ykrar edilen iň iri senagat kärhanasy bolan bu häzirki zaman zawodlar toplumynyň ýene bir mertebe täze belentliklere ynamly göteriljekdigi barada oýlandym. Bary-ýogy bir ýarym ýyldan bu uly taslamanyň dabaraly ýagdaýda amala aşyrylyşyna janly şaýat boljakdygym baradaky buýsanç köňül guşumy al-asmana göterdi. Eýýäm şu ýylyň sentýabr aýynyň 9-na Gahryman Arkadagymyzyň Balkan welaýatyna amala aşyran mübärek iş saparynda zawodlar toplumynda taslama kuwwaty 70 MWt/sagat bolan iki sany täze gazturbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşygyna we hereket edýän elektrik bekediniň durkuny täzelemek işlerine badalga beren pursady bolsa bu buýsançly ynamymy has-da berkitdi.
    Dogrudan-da, geçmişe nazar aýlanyňda, şöhratly taryhynyň kökleri heňňamlaryň jümmüşinden gözbaş alýan türkmene, parasatly milli Lideriniň başda durmagynda dünýä ýaň salýan zamanasynda gurmak, döretmek, mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde guran hem döreden äleme nusgalyk işlerine guwanmak, buýsanmak, olaryň bolluk bilen eçilýän datly miweleriniň hözirini görmek, sözüň doly manysynda, durmuş hakykatyna öwrüldi. Hut şu beýik hakykat üçin hem Hakdan halatly türkmen halky özüniň zer harplar bilen ýazylýan iň täze taryhynda hormatly Prezidentimize müň kerem alkyş aýdýar hem-de bagtyýar şu günleriniň, nurana geljeginiň hatyrasyna halal zähmet çekip, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri tutanýerlilik bilen amala aşyrmagy başarýar. Berkarar Diýarymyzda syýasatda, ykdysadyýetde, medeni-durmuş ulgamlarynda gazanylýan üstünliklerdir rowaçlyklar dünýä nusgalyk wakalara beslenýär. Bu üstünliklerdir rowaçlyklaryň öz ynamly ýoluny dowamata sapýandygy bolsa hasam buýsançlydyr.
    Soňky on bäş ýyla golaý wagtyň dowamynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň kerwenbaşysy bolan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda uly özgertmeler durmuşa geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti öňdengörüjilige, tapylgysyz pähim-parasada, takyk ylmy esaslandyrmalara we öňdebaryjy tejribä, batyrgaýlyga esaslanýan taýsyz tagallalary netijesinde bu toplumy gaýtadan enjamlaşdyryp, döwrebaplaşdyrmak boýunça juda giň möçberli işler amala aşyryldy, häzirki zaman dünýäsiniň iň bir kämil desgalarydyr kuwwatlyklary gurlup, işe girizildi, öňden hereket edýänleriniň durky bütinleý täzelenildi. Toplumda daşary ýurt kompaniýalarynyň, firmalarynyň, gurply maýadarlarynyň özara şertnama esasynda gatnaşmaklarynda gurlan täzeden-täze önümçilikleriň işe giriziliş dabaralaryna milli Liderimiziň hut özi gatnaşyp, olara ak pata berdi. Hawa, düýpgöter täze, döwrüň iň bir ösen talaplaryna aňryçäk gabat gelýän desgalaryň, zawodlaryň yzygiderli ulanyşa tabşyrylmagy bilen nebitiň gaýtadan işlenilişi hil taýdan ýokary derejelere göterilip, möçber taýdan has-da artdy.
    Ýeri gelende aýtsak, häzirki wagtda energetika serişdeleriniň sarp edilişinde nebit birinji orunda bolmagynda galýar. Diňe bir soňky elli ýylyň içinde tutuş dünýäde ýangyjyň esasy görnüşleriniň sarp edilişi 120 essä golaý artypdyr. Çaklamalara salgylansak, häzirki wagtda Ýer şarynda «gara altynyň» tassyklanan gorlary 170 milliard tonna barabardyr. Şonuň 10 göterime golaýynyň biziň ata Watanymyzyň paýyna düşýändigi bolsa juda buýsançly hakykatdyr. Beýik Biribardan türkmen topragyna rowa görlen bu uly baýlygy ýeriň jümmüşinden alyp, ony halkymyzyň jana-jan bähbitlerine gönükdirmek öz eziz il-ulusyny Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüne baky ýaran eden hormatly Prezidentimiziň bütindünýä ykrarnamasyna eýe bolan döwlet syýasatynyň iň bir ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Biz bu jedelsiz hakykata gürrüňini edýän zawodlar toplumymyzda diňe bir soňky ýyllarda alnyp barylýan ägirt uly işleriň mysalynda-da aýdyň göz ýetirýäris. 1943-nji ýylyň 5-nji iýunynda türkmen nebitiniň ilkinji tonnalaryny gaýtadan işläp, sarp edijilere ýetiren bu kärhana mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde ägirt uly özgerişlere eýe boldy. Kärhana milliardlarça amerikan dollary möçberinde maýa goýumlarynyň gönükdirilmegi bilen, bu ýerde katalitik reforminginiň we millisekunt katalitik krekinginiň desgalary, ýokary oktanly benzin, çalgy ýaglary, polipropilen öndürýän desgalar, dizel ýangyjynyň gidroarassalaýyş önümçiliginiň, şeýle hem üpjünçilik gurluşlarynyň häzirki zaman desgalary guruldy. Netijede, sanlyja ýylyň dowamynda, ozalky ýönekeý zawodyň ornunda nebiti gaýtadan işlemegiň önümçiliginiň iň häzirki zaman uly toplumy peýda boldy. Hut häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň kerwenbaşysyna öwrülen bu toplum etillenmedik awtoulag ýangyçlaryny, awiasyýa we tehniki kerosinleri, reaktiw we dizel ýangyjyny, mazudy, çalgy ýaglaryny, polipropileni, peç ýangyjyny, ýeňil gazoýly, nebit elektrod koksuny, suwuklandyrylan gazy, gurluşyk we ýol bitumlaryny, sintetiki ýuwujy serişdeleri we ýene-de birnäçe nebit önümlerini taýýarlaýar.
    Toplum önümleriniň eziz Diýarymyzyň eksport mümkinçilikleriniň esasyny düzýänligi bilenem möhüm ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyllary içinde bu ýerde täze, häzirki zaman hil ülňülerine aňrybaş derejede laýyk gelýän kuwwatly desgalaryň ençemesi gurlup, dabaraly ýagdaýda işe girizildi. Ol täze desgalar toplumda nebiti gaýtadan işlemegi has kämilleşdirmegiň netijesinde, goşmaça nebit önümleriniň taýýarlanylyşynyň möçberlerini düýpli artdyrmaga giň mümkinçilikleri berýär. Kärhanadaky her ýylda 2 million tonna mazut almaga, 250 müň tonna suwuklandyrylan gazy hem-de 230 müň tonna pes oktanly ýeňil benzini gaýtadan işlemäge niýetlenen toplum häzirki zaman dünýäsiniň iň öňdebaryjy önümçilikleriniň kämil enjamlary bilen üpjün edilenligi bilen tapawutlanýar. Şonuň ýaly-da, bu ýerdäki desgalarda ýylyň-ýylyna mazudy wakuumda gaýtadan işlemegiň esasynda benziniň hem-de suwuklandyrylan gazyň çig malynyň, bitum öndürmek üçin ulanylýan gudronyň ýüzlerçe müň tonnasy öndürilýär. Iň esasy zatlaryň birem, däp bolşy ýaly, şol desgalaryň daşky gurşawyň hapalanmagyna ýol bermeýänligidir.
    Hazar deňziniň kenarynda özbaşdak gurlan bir şäherjigi ýatladyp oturan zawodlar toplumyndaky täzelenişler ýylsaýyn ýa aýsaýyn däl, eýsem, günsaýyn dowamat tapýar. Türkmen döwletiniň ykdysady kuwwatynyň artmagynda, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagynda möhüm orny eýeleýän bu kärhananyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze belentliklere ynamly göterilýändigi hem biziň jedelsiz buýsanjymyzdyr. Muňa toplum boýunça «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň geçen sekiz aýynda nebit çig malynyň 3 million 379 müň tonna golaýynyň gaýtadan işlenilip, bu baradaky meýilnamanyň 102,5 göterim berjaý edilmegi-de doly güwä geçýär. Gürrüňi edilýän döwürde bu ýerde awtoulag benzinlerini taýýarlamagyň umumy meýilnamasynyň 106,3 göterim, kerosiniň 100,3 göterim, dizel ýangyjynyň 106,7 göterim, polipropileniň 105,7 göterim, suwuklandyrylan gaz babatda bolsa 233,4 göterim berjaý edilendigini aýratyn nygtamak gerek.
    Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda bu toplumda dabaraly ýagdaýda düýbi tutulan täze energiýa desgalarynyň işe girizilmegi bilen bu görkezijiler ýakyn geljek ýyllarda has-da ýokarlanar. Çünki bu gün islendik önümçiligi elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmezden, düýpli ösüşlere garaşmagyň mümkin hem däldigi subutnama talap edenok. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde diňe bir içerki bazarlar elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün edilmän, eýsem, ony eksport etmäge gönükdirilen taslamalar hem üstünlikli amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda gazturbinaly täze energiýa desgalarynyň gurluşygyna badalga berende, «Bilşimiz ýaly, biziň güneşli Diýarymyz — tebigy baýlyklara örän baý ýurt, şol baýlyklary il-ulusymyzyň bähbidine netijeli ulanmak üçin biz köp işleri amala aşyrýarys» diýende hem, elektrik energiýasynyň öndürilişini ygtybarly artdyrmak ilkinji zerurlyklaryň hatarynda örboýuna galýar.
    «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, eziz Diýarymyzyň senagat kärhanalarynyň, şol sanda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň öňünde hem belent wezipeler goýulýar. Bu wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem täze tehnologik desgalary gurmak, abat saklamak we bökdençsiz işletmek möhümdir. Zawodlar toplumynda taslama kuwwaty 70 MWt/sagat bolan iki sany täze gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşygyna we ozaldan hereket edýän elektrik bekediniň durkuny täzelemek işlerine badalga berilmegi hem şu asylly maksada gulluk edýär.
    — Bu desgalaryň gurlup, işe girizilmegi bilen eziz Diýarymyzyň esasy ýerasty baýlyklary bolan nebitdir gazyň gaýtadan işlenilip, dünýä bazarlarynda köp isleg bildirilýän şeýle taýýar önümleriň öndürilişi hasam artar. Esasan, tebigy gaz bilen işlediljek bu desganyň gazyň basyşy peselen ýagdaýynda, dizel ýangyjynda işläp bilýänligini hem aýratyn nygtamak gerek. Munuň özi önümçilikde elektrik energiýasy bilen bagly bökdençligiň ýüze çykmak mümkinçiligini aradan aýrar. Täze elektrik stansiýasynda Fransiýada, Awstraliýada, Türkiýede we beýleki Ýewropa ýurtlarynda öndürilen, dünýä hil ülňülerine doly laýyk gelýän enjamlar oturdylar. Bu döwrebap taslamada gaztrubina elektrik stansiýasynyň doly derejede awtonomlygy (özbaşdak işlemegi) göz öňünde tutulandyr, ýagny gazturbina desgalaryny işe goýbermek daşky elektrik üpjünçiligine bagly däldir. Elektrik energiýasyna zerurlyk özbaşdak dizel generatoryndan üpjün ediler. Desgalarda suwly gidrantlary bolan ýangyna garşy halka we kömürturşy gazy bilen söndürýän ýangyna garşy awtomatik gorag bolar. Bu möhüm desgany gurmak we işe girizmek raýatlarymyzyň täze iş orunlary bilen üpjün edilmegine hem öz oňyn täsirini ýetirer. Gahryman Arkadagymyzyň bu möhüm desganyň düýbüni tutmak dabarasynda «Şular ýaly möhüm taslamalar durmuşa geçirilende, biz ekologiýa talaplaryna, önümçilige ösen tehnologiýalary ornaşdyrmaga uly ähmiýet berýäris. Hut şunuň netijesinde, daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde gurýan iri senagat, nebitgaz we himiýa önümçiliklerimiz abraýly halkara guramalaryň ýokary hil derejesine mynasyp bolýar. Bu desgalar innowasion çözgütlere we ekologiýa talaplaryna doly laýyk gelýändigi baradaky güwänamalary alýar» diýip aýdan sözleri biziň buýsançly başlarymyzy has-da belende göterdi. Bize şeýle kuwwatly hem kämil desgalary gurup berýän Gahryman Arkadagymyza alkyşymyzyň çägi ýok — diýip, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktorynyň düýpli gurluşyk boýunça orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Amangurban Tanaýew buýsanç bilen aýdýar.
    Hawa, şunça ýyl bäri galam bilen iş salşyp ýörşüme, her bir pudak barada ýöredýän ýandepderçelerime, jikme-jik bolmasa-da, ýüzugra nazar aýlaýaryn. Olarda, durky täzelenenlerini hasaba almanyňda-da, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde bütinleý täze gurlup, işe girizilen önümçilik desgalarynyň, medeni-durmuş maksatly ymaratlaryň sany barmak büküp sanardan geçip gidipdir. Olara Irlandiýanyň, Çehiýanyň, Ýaponiýanyň, Eýranyň, Germaniýanyň, Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň, Türkiýäniň, Israýylyň, Şotlandiýanyň, Şweýsariýanyň, Niderlandlaryň, Koreýanyň, ABŞ-nyň, Indoneziýanyň... dünýä belli kompaniýalary potratçy bolup gatnaşypdyrlar. Bu sanawda türkmen telekeçileriniň amala aşyran taslamalarynyň hem mynasyp ornunyň bardygyny buýsanç bilen aýtmak gerek. Ol desgalarda öndürilýän nebit we nebithimiýa önümleri bu gün dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygy bilen tapawutlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň badalga beren täze desgasynyň işe girizilmegi bilen bu buýsançly hakykat öz çygryny has-da giňelder. Çünki bu eziz Diýarda, bu mukaddes toprakda, bu Berkarar, Garaşsyz hem hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda berlen söz bilen bitirilýän işiň bölünmez bitewülik ýörelgesi emele geldi. Özem bu buýsançly bitewülik ýörelgesi öz nurana ýoluny dowamata sapýar.