Terbiýe talabalaýyk bolmaly

    Durmuşyň gül-gunçalary bolan körpeleriň mekdebe çenli ilkinji bilim we terbiýe alýan ýeri çagalar bakja-baglarydyr. Çagalar bagyna gatnaýan körpeleriň ilki bilen, sagdyn ösmegi üçin alada edilip, olaryň dogry we kadaly iýmitlendirilmegi, ýatýan ýerleriniň, oýun meýdançalarynyň döwrüň talabyna laýyk bolmagy gazanylýar.
    «Çagalar biziň geljegimizdir» diýýän milli Liderimiz çagalary goramagyň, olara sowat öwretmegiň hem-de döwrebap bilim-terbiýe bermegiň anyk ýollaryny salgy berýär. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekmegi hem bu ugurda alnyp barylýan işleriň aýdyň mysaly boldy.
    Bu maksatnama körpeleri terbiýelemekde, olary mekdebe taýýarlamakda alyp barýan işlerimizde jogapkärçiligimizi has-da artdyrdy. Biz hem çagalar bagymyzda körpeleriň irki ösüşi we olary mekdebe taýýarlamak boýunça anyk çäreleri işläp düzdük. Şol çäreleri durmuşa geçirmekde şepagat uýasy hem-de terbiýeçilerimiz bilen netijeli işleri amala aşyrýarys. Ösüp gelýän nesilleriň hemmetaraplaýyn sagdyn, ruhubelent, beden taýdan berk adamlar bolup ýetişmekleri üçin yhlasymyzy, tejribämizi gaýgyrman zähmet çekýäris.
    Çagalaryň irki ösüş döwründe olara has-da ünsli garamagymyz zerur bolup durýar. Hut şonuň üçin mekdebe çenli döwlet bilim standartlary taýýarlanyldy. Bu standartlar şahsyýete gönükdirilen bilimiň hem terbiýäniň hil taýdan täze görnüşini amal etmäge niýetlenendir. Olar şu aşakdakylardan ybarat:
    çaganyň şahsyýetini, onuň döredijilik ukyplaryny, okuwa höwesini döretmek we ösdürmek, okamaga islegini we başarnygyny kemala getirmek;
    ahlak we gözellik duýgularyny we özüne, daş-töweregine hoşamaý, oňaýly garaýyşlaryny terbiýelemek;
    bilimleriň, başarnyklaryň we endikleriň ulgamyny, işiň dürli görnüşlerini amal etmegiň tejribesini öwretmek;
    çagalaryň beden hem ruhy taýdan saglygyny goramak we berkitmek;
    çaganyň şahsy aýratynlygyna aýawly çemeleşmek we ösdürmek.
    Standartlaryň esasy wezipesi çagalarda okuw-terbiýeçilik işlerini üstünlikli dowam etdirmekde hem-de özleşdirmekde ýardam berjek esasy okuw başarnyklaryny, endiklerini kemala getirmekden, ýagny çaganyň nämäni bilmelidigini, nämäni başarmalydygyny kesgitlemekden ybaratdyr.
    Çaganyň ösüşine öz wagtynda täsir etmek geljekki şahsyýet, maşgala, jemgyýet üçin örän ähmiýetlidir. Onuň irki ýaşdaky ösüşini üstünlikli amala aşyrmakda hem-de olaryň mekdebe taýýarlykly barmagyny üpjün etmekde her bir maşgalanyň ýardam bermegini gazanmak maksady bilen, mähriban Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek baradaky milli Maksatnama biziň işimizde esasy ýörelgämize öwrüldi.