Hereket sazlaşygy

    Garaşsyz Türkmenistan döwletimizde ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek wezipesi wajyp häsiýete eýe bolýar. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ilkinji nobatda, herekete gatnaşyjylaryň ýol hereketiniň kadalaryny dogry berjaý edişlerine bagly bolup durýar. Ýol hereketiniň kadalaryny dogry berjaý etmekde sürüjiler bilen deň derejede pyýadalar hem jogapkärli bolmalydyrlar. Döwletimizde ýokary depginler bilen alnyp barylýan ýol gurluşygynda pyýadalaryň hereketi üçin hem amatly mümkinçilikler döredilýär. Şeýle mümkinçilikleriň mysalynda ýerasty pyýada geçelgeleriniň aýratyn ähmiýetiniň bardygyny bellemelidiris. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy hormatly pyýada ýolagçylara ýol hereketinde örän ünsli bolmalydygyny ýatladyp, öz maslahatlary bilen ýüzlenýär.
    Pyýada ýolagçylar ýanýodalardan ýa-da pyýada ýodajyklaryndan, olaryň ýok ýerinde bolsa ýolýakalardan ýöremelidirler.
    Pyýadalar köçelerde ýoluň gatnaw böleginiň pyýada geçelgelerinden, şol sanda ýerasty we ýerüsti geçelgelerden geçmelidirler. Olaryň ýok ýerinde çatryklarda ýanýodalaryň ýa-da ýolýakalaryň ugrunyň dowamy boýunça kesip geçmelidirler.
    Pyýadalar üçin niýetlenen ýol geçelgeleri ýa-da çatryk ýok bolsa, ýoluň beýleki tarapyna gatnawly ýoluň iki tarapy-da oňat görünýän ýerinden golaýlap gelýän ulaglaryň ýokdugyna doly göz ýetireniňden soň geçmeli.
    Hormatly pyýada ýolagçylar! Ýol hereketiniň kadalaryna laýyklykda pyýadalar üçin ýörite niýetlenen ýerlerden ýöremelidigini hemişe ýadyňyzda saklaň! Bu siziň öz howpsuzlygyňyz üçindir.
    Ýoluňyz ak bolsun, eziz watandaşlar!