Örtük möhüm gorag serişdesidir

    Saglygymyzy goramak, ozaly bilen, özümize bagly. Agyz-burun örtüklerini ulanmak bilen, diňe özümizi däl, eýsem, daş-töweregimizdäkileri hem döwürleýin keselleriň ýokuşmagyndan goraýandyrys.
    Örtükler bir gezeklik hem köp gezeklik bolýar. Lukmançylyk örtükleri, sözüň doly manysynda, bir gezeklikdir. Olary ýuwmak, arassalamak ýa-da ýelejiretmek düýbünden bolýan däldir.
    Köp gezeklik örtügi 3 sagatdan köp dakynmaly däldir. Bir gezeklik örtügi her 2 sagatdan çalyşmaly.
    Ýöne örtük tötänden hapalansa, ýyrtylsa ýa-da çyg bolsa gaýra goýmazdan ony çalyşmalydyr.
    Mata örtükleri köp gezeklik bolup, olar ýuwulýar. Örtükleri kir ýuwuja-da atyp bilersiňiz ýa-da elde gyzgyn suwda sabynlap hem ýuwup bolýar. Şonuň ýaly-da, bug bilen arassalamak we ütüklemek arkaly, indiki gezek peýdalanmak üçin gowy guratmaly.
    Agyz-burun örtügini jübiňde saklamak ýa-da boýnuňda götermek bolmaýar.
    Ýatda saklaň! Örtük «böwet» görnüşli gorag serişdesidir. Örtügiň wezipesi üsgürilende, asgyrylanda ýokanjyň ýaýrap biläýjek çyg damjalaryny saklamakdyr.