Türkmenistanyň futbol çempionatynda iki aýlawdan soň 65 futbolçy tapawutlandy

    Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynda 2020-nji ýyldaky möwsümiň birinji ýarymy yzda galyp, onda 33 utuk toplan “Altyn Asyr” topary öňdäki orny eýeleýär. 31 hem-de 22 utukdan toplan “Ahal” bilen “Şagadam” toparlary degişlilikde ikinji, üçünji orunlary eýeleýärler.
    Şeýlelikde, futbol çempionatymyzda geçirilen iki aýlawdan soň futbolçylaryň 65-si tapawutlanmagy başardy.
    Geçirilen duşuşyklarda jem 153 top derwezelere girizildi. Olaryň 17-siniň 11 metrlik jerime urgularyndan geçirilendigini bellemek gerek. Geçirilen oýunlarda futbolçylar aglaba duşuşygyň birinji ýarymynda tapawutlandylar.
    Duşuşyklaryň birinji ýarymlarynda gollaryň 79-sy derwezelere girizildi. Ikinji ýarymlarda bolsa netijeli urgularyň 74-si hasaba alyndy.
    Bu oýunlarda ýer eýeleri 27 gezek ýeňiş gazanan bolsa, onda 18 oýun myhmanlaryň peýdasyna tamamlandy. 11 oýun bolsa deňlikde tamamlandy.
    Çeşme: http://tff.com.tm