Ynsanyň iň uly baýlygy

    Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň durmu-şa geçirilýän bagtyýar zamanasynda ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek bilen adamlaryň saglygy hakynda yzygiderli aladalar edilýär.
    Saglyk ynsanyň iň uly baýlygydyr. «Saglygyň gadryny bilgil, hassa bolmazdan burun» diýlişi ýa-ly, saglygymyzyň gadyryny hassa bolmazymyzdan öň bilmelidiris.
    Saglyk — baýlyk, saglyk — il-günüň abadanlygy. Adamyň saglygyndan öňe geçjek zat ýok. Şunda arassaçylyk esasy orun eýeleýär. Arassaçylyk saglygyň girewidir. Şonuň üçinem, ony berk berjaý etmek biziň jana-jan borjumyzdyr. Arassaçylygyň berk berjaý edilmegi öňi bilen adamy dürli ýokanç kesellerden goraýar. Tämiz geýinmek, sagdyn iýmitlenmek saglygy goraýyş kadala-rynyň esasyny düzýär. Bu barada ata-babalarymyzdan gelýän ençeme nakyllardyr aýtgylarymyz bar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» kitabynda hem onlarça nakyllara duşmak bolýar. Muňa mysal edip, «Saglygym — begligim», «Saglyk — baýlyk», «Gündizki aşyňy goýy et, suw içip, dok bolarsyň, gije aşyňy suwuk et, daş çykarar, sak bolarsyň» ýaly nakyllary görkezmek bolar.
    Häzirki wagtda dünýäde giň ýaýran ýiti ýokanç keseliň ýurdumyza aralaşmagynyň we ýaýrama-gynyň öňüni almak boýunça hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen netijeli işler alnyp barylýar. Howanyň düzüminiň üýtgemegi, ondaky maddalaryň kadadan ýokary bolmagy bilen, ildeşlerimiz Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň maslahatlaryna eýerip, luk-mançylyk agyz-burun örtügini ulanýarlar. Bu bolsa dem alyş ýollary arkaly ynsan saglygyna zy-ýan ýetirip biljek tozan bölejiklerinden goranmagyň iň ygtybarly usulydyr. Agyz-burun örtügini dakynýan her bir adam diňe bir öz saglygyny goramak bilen çäklenmän, eýsem, özi ýaly onlarça adamyň kesellemeginiň öňüni almaga hem ýardam edýär.
    Arassaçylyk tertip-düzgünlerini diňe bir jemgyýetçilik ýerlerinde berk berjaý edileni bilen oňmak bolmaz. Arassaçylyk, päkizelik maşgala ojagyndan başlanýar. Şonuň üçin hem bu kadalaryň öňi bilen maşgalada berjaý edilmegi zerurdyr. Bu işe biperwaý garamak bolmaz. Özümize gowy sere-dip, çagalarymyza saglyk üçin peýdaly bolan ähli zatlary endik etdirmäge çalyşmalydyrys. Mu-nuň üçin hemmeden öň öý bikeleri aladalanmalydyr. Öýler, gap-gaçlar wagtly-wagtynda süpüri-lip, arassalanylyp, tämizlenilip durulmalydyr. Her gün säher bilen penjireleri açyp, otaglary ýeleji-retmelidir. Maşgala agzalarynyň her biriniň diş ýuwujy enjamlarynyň, süpürgiçleriniň, elýaglykla-rynyň aýratyn bolmagy hakynda alada edilmelidir.
    Çagalara daşardan oýnap gelensoň, ellerini sabyn bilen ýuwmagy, şonuň ýaly-da, bu hereketi na-hardan öň hem soň dowam etdirmegi öwretmeli. Diňe bir öwretmelem däl, olaryň muny gündelik endigine öwürmegini gazanmaly. Sebäbi ellerimizi wagtly-wagtynda sabynlap ýuwmak biziň be-denimizi zyýanly mikroplardan goramagyň iň ygtybarly serişdesidir. Şonuň ýaly-da köpçülik ýer-lerinde, ulaga münülende, düşülende zyýansyzlandyryş serişdelerini ýany bilen göteren adamlar ýylyň ähli paslynda özlerini gorap bilerler. Şeýle hem maşgala lukmanlaryndan birugsat, derman serişdeleriniň ulanylmagyna (aýratyn hem antibakterial serişdeleri) ýol berilmeli däldir. Günüň do-wamynda ýeterlik suw içmeli, witamine baý miweleri, gök önümleri iýmeli. Köpräk şypaly der-man otlaryndan taýýarlanylan çaýlardan içmeli. Şonuň ýaly-da, ylgamagyň, maşk etmegiň, pyýa-da ýöremegiň saglyga peýdasy uludyr.
    Pursatdan peýdalanyp, halkyň bähbidini ähli zatdan öňde goýýan hormatly Prezidentimiziň, alym hem lukman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!