Dilimiziň gadymy çeşmeleri

    Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet guşy» atly romanynda: «Dilimizi has baýlaşdyrmak, taryh akabasynyň haýsydyr bir öwrüminde ulanyşdan galan gowy sözlerimizi täzeden dolanyşyga girizmek, kämilleşdirmek biziň mukaddes borjumyzdyr. Diliň kämilligi ruhuň kämilligidir. Milletiň kämilligi bolsa biziň baş maksadymyzdyr» diýilýär. Milli Liderimiziň parasatly belleýşi ýaly, dil halkyň kalbynyň baýlygyndan, şahyranalygyndan habar berýär. Ol milletimiziň milli özboluşlylygy, ruhy ýaşaýşy, hojalyk ýörediş aýratynlyklary barada gymmatly maglumatlary özünde jemleýär. Sözleriň asyl manysyna düşünmek, ýerli-ýerinde ulanmak hem-de könelişen sözleri täzeden sözleýiş medeniýetine goşmak esasy ugurlaryň biridir.
    Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmeniň döwletlilik ýörelgeleriniň nesil terbiýesine gönükdirilmegi ata-baba gelýän milli ýolumyza belent sarpadyr. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde Beýik Ýüpek ýolunyň Nusaý-Köneürgenç şahasynyň ugrunda ýerleşýän, ümmülmez ak sähranyň goýnunda ýaşaýan gadymy obalarda bolup, halkyň arasyndan toplan etnografiýa maglumatlarymyzyň bellibir bölegi çopanlaryň durmuşy, mallaryň aýratynlygy, ruhy ýörelgeleri bilen bagly köne sözlerden ybarat. Ol sözleriň ýakymy ýaz şemaly ýaly mylaýym, manysynyň gerimi ak sähra ýaly giňdir. Olar çopanlaryň halal rysk-nesibesini bezeýän egsilmez ruhy baýlyk. Şahyr aýtmyşlaýyn «Durna gözli çeşme deýin dury ol». «Ýaldyragyň» dogmagy bilen maldarçylygyň iň jogapkärli möwsümi başlanýar. Dowarlaryň güýz gyrkymy, soňra mallary sag-salamat gyşlatmagyň aladalary, owlak-guzy möwsümi. Şundan ugur alyp, makalada, esasan, çopanlaryň ulanýan köne sözleriniň bellibir böleginiň asyl manylaryny aýdyňlaşdyrmakda başardygymyzdan ylmy seljerme geçirip, okyjylara hödürlemegi makul bildik.
    Çopanlaryň sözleýiş medeniýetinde işjeň ulanylýan sözleriň esasy bölegi dowarlaryň görnüşi, ýaşy, jynsy boýunça atlandyrylyşy bilen baglydyr. Şu ýerde goýun, geçi ýaly ownuk mallary umumylykda aňladýan dowar sözüniň döreýiş köküniň örän gyzykly taryhynyň bardygyny ýatlamak isleýäris. Çünki «dowar» sözi «ownuk mal», «goýun-geçi» manysynda ähli oguz-türki kowumlarynda giňden ulanylýar. Alymlaryň tassyklamagyna görä, dowar sözi aslynda tokar sözünden bolup, ol ilki soýmak üçin baga bakylýan goýun-geçini aňladypdyr. Onuň şu manysy «tokar guzy» «tokar owlak» ýaly söz düzümlerinde saklanypdyr. Bu söz rus diline towar görnüşinde geçipdir, ýöne bu dile ol ilki «ownuk mal», «dowar» manysynda kabul edilse-de, soňra ol «haryt», «satylýan zat» ýaly manylary aňlatmaga başlapdyr.
    Goýun-geçileriň ömri 12−14 ýyl we ondan gowrak dowam edip, olary 8 ýaşdan soň önüm almak maksady bilen saklamak maksadalaýyk hasaplanmaýar. Şundan ugur alnyp, dowarlar, esasan, ýaş müçenamasyna görä atlandyrylýar. Goýnuň çagasy umumylykda guzy diýlip atlandyrylýar. Dilçi alymlaryň bellemegine görä, guzy sözi örän gadymy sözleriň biri hasaplanylýar. Ol göçme manysynda ene-atalaryň «balam, oglum» diýen ýakyn manylarda çagalara ýüzlenip hem aýdylýar. Bu söz täze sözleriň we sypatlaryň ençemesiniň döremegine-de gatnaşýar. Mysal üçin, örän garry adamyň kentlewüginiň etiniň sürülmegi netijesinde ýüze çykýan agymtyl ösüntgi guzynyň dişine meňzedilip, guzy diş diýilýär. Oba ýerlerinde çagalaryň süýt dişi gopanda «guzyň dişi ýaly owadan diş bolup çyksyn» ynanjyna eýerilip agyla oklanýan dessur hem bar.
    Enesinden bolandan bir hepdelik ýaşyna çenli aralykdaky guzulara – körpe guzy, 7 günden – 1,5 aýlyk ýaşyna çenli – guzy, 1 aýdan – 1,5 aýlyk arasyndakylar – berre guzy, 1,5 aýdan – 5 aýlyk ýaşyna çenli – tokar guzy diýlip atlandyrylýar. Kemine şahyryň «Ýaşymyň soňunda taşladym gurra, Nesip etse garry gurda ýaş berre» diýip, bu owazly sözi öz şygrynda ulanmagy, onuň gadymdan bäri ulanyp gelinýändigine güwä geçýär.
    Tokar guzy ady bolsa, onuň sypatyna, ýagny beýleki ýaş guzulara görä, ulurak, göze görnümli diýen manyda ulanylýar. Bu döwürde guzy bedenine et-ýag ýygnap semräp başlaýar. Ýeri gelende aýtsak, keýigiň çagasy-da tokar diýlip atlandyrylýar. Bu söz sagat, daýawja doglan çagalara-da dakylýar.
    Goýnuň guzulary 5 aýlykdan – 1 ýaşa çenli aralykda tokly diýlip atlandyrylýar. Belli dilşynas S.Atanyýazow «Türkmen diliniň sözköki (etimologik) sözlügi» atly kitabynda bu sözüň gadymy oguz sözüdigini tekrarlap, onuň aňladýan manysyny şeýle düşündirýär: «Heniz bir ýaşamadyk eti datly guzynyň tokly diýen ady «ur», «soý» manysyndaky tok sözünden (ser. tokmak) we -y goşulmasyndan durýar (tokumlyk < tokluk < tokly)». Orta asyr dilçi alymy Mahmyt Kaşgarly tokly sözüni tokum («soýuljak mal») görnüşinde ulanyp, oňa degişli «Tokum ýüzüp, gudrukda biçak sima (syndyrma)» diýen nakyly mysal getirýär. Türk dilçisi Hasan Eren bu sözüň manysyny «şahsyz», «kelek» (heniz şah çykmadyk) mal diýip düşündirýär. Rus türkişynasy A.Ş.Şerbak bolsa tokly sözüni tog («dog», ýagny dogmak) işligi bilen baglanyşdyrýar. Görnüşi ýaly, dünýäniň birnäçe dillerinden öz ornuny tapan bu söz öz gadymy manysyny ýitirmän gelýär.
    Goýun maly 1 ýaşdan – 2 ýaşa çenli aralykda işşek diýlip atlandyrylýar. Guzulykdan saýlanan ýaş goýny aňladýan bu söz käbir türki dillerde we türkmen diliniň ýerli gepleşiklerinde ýaş malyň semiz bolýandygy üçin şişek görnüşinde-de ulanylýar. S.Atanyýazow ýokarda ady agzalan kitabynda bu sözüň çi:şik görnüşinde dörändigi, çiş sözünden we -ek, -ik goşulmasyndan durýandygy: çişik sözüniň soňra şişik – işşik – işşek görnüşine geçendigi nygtaýar.
    Goýun 2 ýaşdan 3 ýaşyna çenli aralykda öweç diýlip atlandyrylýar. Ylmy işlerde «Guzulykdan saýlanan, sürüde gezmäge öwrenen, göz alan dowar» diýmegi aňladýan bu söz «akyl, huş» manysyndaky ög sözünden we -eç goşulmasyndan emele gelipdir diýlip düşündirilýär. Belli türkmen dilçisi Mahmyt Kaşgarly baryp 1068−1072-nji ýyllarda tamamlan «Diwany lugat at-türk» atly eserinde bu gadymy sözüň «huşly goýun», «akylly at» ýaly manylarda ulanylýandygyny ýazypdyr. Goýunlara 3 ýaşdan 4 ýaşyna çenli aralykda maň, 4 ýaşlaryndaky erkeje (geçiniň erkegi-tekesi) bolsa maňgyrsak diýilýär. «Maň» sözüniň manysy barada geçirilen seljerme işlerde henize çenli tutaryk edinere maglumat ýok. Ýöne biziň gürrüňdeş bolan ýaşuly çopanymyz Bäherden etrabynyň Kazy obasynyň maldary A.Nuryýew bu sözüň manysyny şeýle düşündirdi: «Edil dümewlän adamyň burny dykylyp, «maň-maň» edip gürleýşine meňzedilip, şeýle-de şu ýaşdaky goýnuň sesiniň biraz ýognap, güňleç sesde mäleýändigi göz öňüne tutulyp, ol maň diýlip atlandyrylýar». «Maňgyşlagyň maň goýny, /Maňlap geler, gyzyma, /Harazyň ak unundan,/ Çelpek geler gyzyma» diýlip sanalýan hüwdi setirlerinde hem goýnuň maňlap gelmegi güňleç sesde mälemegi manysynda ulanylýar. 4 ýaşdan – 5 ýaşyna çenli aralykda goýunlar maňramaz diýlip atlandyrylýar. Diýmek, bu ýaşdan soňra goýnuň biologiki ýaşynda üýtgeşmeler bolup başlaýar, ýagny ýuwaş-ýuwaşdan garrylyga gadam basyp başlaýar. Şoňa görä-de, 5 ýaşdan 6 ýaşyna çenli mälemez, 6 ýaşdan 7 ýaşyna çenli ýüňlemez ýa-da dişleriniň gowşap, dökülip başlamagy bilen baglylykda garadiş, 7 ýaşdan 8 ýaşyna çenli aralykda guzy getirmekden galýandygy bilen baglylykda guzlamaz ýa-da dişleri dökülip öri we beýleki otlary bilen iýmitlenmekde kynçylyk çekýändigi sebäpli semremez, 8 ýaşdan uly goýunlara yňramaz diýlip atlandyrylýar. «Yňramaz» adynyň manysy agyry, azar zerarly hyk-çok etmeýändigi, hykgyldamaýandygy, iňlemeýändigi bilen bagly döräpdir. Mahmyt Kaşgarlynyň sözlüginde bu sözüň many taýdan «eňremez» sözi bilen bap gelýändigi, oguzlaryň sözleýiş medeniýetinde «Inen (düýe) yňrasa, bota bozlar» diýen nakylyň işjeň ulanylýandygyny belläp geçýär. «Tükenjek goýun tüýüni iýer» diýen nakylyň manysynda garrap tapdan düşen malyň dişleriniň dökülýändigi, agzynyň tagam alşynyň peselýändigini, hatda ot-iým bilen ýüňi tapawutlandyryp bilmeýändigi barada aýdylýar.
    Mundan başga-da, dowardarçylykda alty aýlyk ýaşyndan geçen guzulara ýaşynyň öňüne onuň jynsyny aňladýan söz goşulýar. Mysal üçin, tokly goç, işşek goç we ş.m. Iki ýaşdan soň goýunlar diňe ýaşy boýunça atlandyrylýar. Onuň erkeginiň yzyna «goç» sözi goşulýar. Mysal üçin, maň goç, maňramaz goç. Goýunlaryň bedeniniň agzalarynyň hem köneçe atlandyrylyşy bar. Mysal üçin, torly garyn, kyrk garyn, kyrk gasanak we beýlekiler. Umuman, dilimizde dowardarçylyk leksikasy bilen bagly söz baýlygynyň özi bir egsilmez hazynadyr. Olar bilen bagly nakyllardyr atalar sözleri we beýleki halk döredijilik eserlerini bolsa aýratynlykda ylmy seljerme geçirmek zerur. Çünki olarda beýan edilýän mazmun-pelsepe pederlerimiziň ruhy dünýäsine has içgin aralaşmaga ýardam edýär. Mysal üçin, «Goýunda − erek eti, guşda − barak eti» diýlen nakyldaky erek, «Kerri goýun giç ürker» nakylyndaky kerri sözüniň manysy örän gyzykly bolup durýar.