Başlangyç synplarda bilim-terbiýe bermek

    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen, ýurdu-myzyň gülläp ösüşiniň, durmuşymyzyň mundan beýläk-de gözelleşmeginiň bilimli, ylymly, ukyply ýaş nesle baglydygyny göz öňünde tutup, bilim ulgamyna döwletimizi hemmetarap-laýyn ösdürmegiň şerti hökmünde seredilýär. Ulgamyň mazmunynyň täzelenmegine gönük-dirilen giň gerimli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Olaryň netijesinde ýaşlara be-rilýän bilimiň hili ýokarlandyrylýar.
    Alty ýaşyny dolduryp, ak mekdebe gadam basan çagalar bilen guraýan okuw sapaklarymyň has-da täsirli bolmagy üçin oýunlardan yzygiderli peýdalanýaryn. Mälim bolşy ýaly, psihologiýa yl-mynda oýun zähmet we okuw bilen birlikde işiň bir görnüşi hökmünde häsiýetlendirilýär. Şu nuk-daýnazardan, oýnuň çagalar üçin uly işdigini, körpeje çagalaryň oňa yhlas bilen ýapyşýandygyny bellemek gerek. Şonuň üçin çagalar bilen guralýan oýunlara aýratyn döredijilikli çemeleşýärin, olaryň öwredijilik maksadyna ähmiýet berip, sapaklarda ýygy-ýygydan ulanýaryn.
    Oýunlary guramazdan ozal, ilki bilen alty ýaşly çagalar bilen işlemegiň tärlerini, olaryň psihologi-ýasyny içgin öwrenmek zerur bolup durýar. Alty ýaşly çaganyň ünsi ýeterlik derejede durnukly bolmaýar, ol ygtyýarsyz ýagdaýda ünsüni başga zada sowmaga meýilli bolýar, birdenkä başga bir zada, ondan hem ýene başga zada ünsüni gönükdirýär. Onuň ünssüzligi ýüz keşbinden hem gö-rünýär. Ýene-de bir bellemeli zat, şu ýaşdaky çaga oýun oýnanda, surat çekende özüni öz-özi bi-len gürleşýän ýaly alyp barýar, özüne bir zatlar gürrüň berýär, öz-özüne ýüzlenýär. Muňa psiho-loglar çaganyň daşyndan pikirlenmesi hökmünde häsiýetnama berýärler.
    Başlangyç synpdaky çagalaryň pikirlenmesi örän güýçli depginde ösýär. Çagalaryň pikirleniş ukyplaryny bolsa, esasan, oýunlaryň üsti bilen kämilleşdirýärin. Çagalary köplenç, toparlara bölüp ýaryşdyrýaryn.
    Oýunlary talabalaýyk, ýokary hilli guramaga çalyşýaryn. “Kämilligiň çägi ýok” diýen aýtgydan ugur alyp, öwrediji oýunlar baradaky usuly edebiýatlar, şeýle-de halypa mugallymlaryň iş tejribesi bilen tanşyp durýaryn.
    Başlangyç synp mugallymy hökmünde ozaly bilen her bir çaganyň aň ösüş aýratynlyklaryny içgin öwrenýärin. Çagalaryň sözleýiş diliniň kämilleşmegine, edep-kadalaryny berjaý edişine aýratyn üns berýärin. Guralýan öwrediji oýunlaryň üsti bilen çagalarda watansöýüjilik, ynsanperwerlik, akýüreklilik, ululara hormat goýmak, deň-duşlaryny sylamak ýaly endikleriň kemala gelmegini, olarda milli däp-dessurlarymyza, gözel tebigatymyza söýgi döretmegi we ony gorap saklamak ba-rada düşünje bermegi maksat edinýäris.
    Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda her ýylyň 1 — 30-njy sentýabry aralygynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk geçirilýär. Geçýän sapaklarymda çagalara ýol hereketiniň düzgünleri dogrusynda düşünje berýärin. Oňa degişli birnäçe esbaplary, şol sanda ýol belgilerini, ýolyşygyň şekilini, dürli maşynjyklary taýýarladym. Bu esbaplar çagalara berilýän maglumatlary oňat özleşdirmäge, olary has-da aýdyňlaşdyrmaga, körpeleriň ýol hereketiniň düz-günlerini nähili berjaý etmelidiklerine düşünmegine ýardam edýär.
    Biz — bilim işgärleri ak mekdeplerde zähmet çekip, ýaş nesli bilimli, terbiýeli, giň dünýägaraýyş-ly edip ýetişdirmek ugrunda ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Milli Liderimiziň jany sag, belent başy aman, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç alsyn!