20 müň tonna hasyl almak meýilleşdirilýär

    «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyny zähmet üstünliklerine beslemegi ýüreklerine düwen Balkan welaýatynyň zähmetkeşleri ýurdumyzda oba hojalyk pudagynyň düşewüntliliginiň has-da ýokarlanmagyna, ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň mukdarynyň artdyrylmagyna goşant goşmak maksady bilen, ähli ukyp-başarnyklaryny meýdan işleriniň ilerlemegine gönükdirýärler. Hut şonuň üçin hem ekin meýdanlarynda joşgunly zähmet möwç urýar.
    Häzirki wagtda şugundyr ekilmeli meýdanlarda sürüm we tekizleme işleri alnyp barylýar. Ýazlyk ekilen ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnamak işleri depginli amala aşyrylýar. Güýzlük ýeralma, bakja ekinleriniň ekiş we ideg işleri hem yzygiderli dowam edýär. Şeýle hem 3 müň gektar ýere gant şugundyryny ekmek we ondan 20 müň tonna hasyl almak meýilleşdirilýär.
    Şu günler sürüm meýdanlarynda işler barha gyzyşýar.