«Halkbank terminal»: hasaplaşygyň amatly usuly

    Eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň bagtyýar, abadan, eşretli durmuşda ýaşamaklary ugrunda edilýän tagallalary her bir pursatda, her bir ädimde görmek bolýar. 2020-nji ýylyň 21-nji awgustynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimize hasabat berlişi ýaly, Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan «Halkbank terminal» atly täze hyzmatyň ýola goýulmagy hem muny aýdyňlygy bilen görkezdi.
    Bu hyzmat döwrebap we ygtybarly tehnologiýanyň esasynda taýýarlanan we nagt däl hasaplaşykda ulanylýan adaty töleg terminalynyň ýerini tutup biljek ykjam goşundy bolup durýar. Söwda we hyzmat ediş nokatlarynyň hünärmenleri tölegi kabul etmek üçin öz ykjam telefonlaryna täze goşundyny ýükläp, ony adaty töleg terminalynyň ornuna ulanyp bilerler.
    Täze «Halkbank terminal» hyzmatyndan peýdalanmak örän ýeňil amala aşyrylýar. Munuň üçin ykjam enjamlarda gurnalan mobil programma üpjünçiligine satyn alnan harydyň ýa-da ýerine ýetirilen hyzmatyň bahasy girizilýär hem-de degişli töleg geçirilýär. Eger-de ykjam telefonlarda «NFC» galtaşyksyz töleg tehnologiýasy gurnalan bolsa, onda tölegi geçirmek üçin bank karty telefona ýakynlaşdyrylýar. Şonuň netijesinde mobil programma üpjünçiligi bank kartyndaky maglumatlary okaýar. Şeýlelikde, satyn alnan haryt ýa-da hyzmat üçin tölegler kabul edilýär. Şundan soňra ykjam telefonyň ýüzünde tölegiň kabul edilendigi barada elektron çek (hasabat kagyzy) peýda bolýar.
    Eger-de ykjam telefona «NFC» tehnologiýasy ornaşdyrylmadyk bolsa, töleg geçiriljek kartyň maglumatlary mobil programma üpjünçiligine el bilen girizilýär.
    Adaty töleg terminalynyň ornuny tutmaga mümkinçilik berýän «Halkbank terminal» atly täze hyzmat birnäçe mümkinçiliklere eýe. Ol söwda we hyzmat ediş nokatlarynyň hünärmenleri üçin töleg terminalyna zerur bolan çykdajylary azaldýar. Şeýle hem işewürlik mümkinçiliklerini artdyrmaga, harajatlary we gymmatly wagty tygşytlamaga şert döredýär. Halkymyza şunuň ýaly amatly, döwrebap hyzmatlaryň görnüşleriniň yzygiderli hödürlenilmegi ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatyň dabaralanýandygyny äşgär edýär.
    Halkymyzy rowaçly menzillere, nurana geljege sary alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, bütin adamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama üstünliklere beslensin!