«7/24.tm» hepdelik elektron goşundysynyň 15-nji sany okyjylara gowuşdy

    Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň «7/24.tm» atly hepdelik elektron goşundysynyň nobatdaky 15-nji sany okyjylara gowuşdy. 
    Hormatly Prezidentimiziň habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmekde sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ýerlikli peýdalanmak babatdaky tabşyryklary netijesinde döredilen elektron neşirler bu günki gün okyjylary gyzykly habarlar bilen öz wagtynda habarly edip durýarlar. «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň hepdelik elektron goşundysynyň döredijilik topary hem bu ugurda edilýän işlere öz mynasyp goşandyny goşmaga çalyşýar.  
    Hepdelik elektron goşundysynyň täze sany hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda 2020-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda şaýat bolan taryhy wakamyz bilen açylýar. Çünki şol gün, ýagny Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň edara binasy hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy.
    Halypa žurnalist Gurbangeldi Mämmetsähedowyň «Ýatlamalardaky ýylgyrýan keşpler» atly makalasynda Arkalaşygyň çempionlarynyň kubogynda kärdeşleri bilen bolan duşuşykdan galan täsirleri okyjylar bilen paýlaşypdyr. 
    Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň hepdelik elektron goşundysynyň işjeň ýazarlarynyň biri Begenç Annaýewiň ýene bir çykyşy berilýär. Ol «Gwardiýolanyň şägirdi» ady bilen ýazan teswirinde «Arsenalyň» baş tälimçisi Arteta we onuň soňky wagtlarda gazanýan üstünlikleri hakyndaky pikirlerini okyjylar bilen paýlaşýar.
    «Aşgabat» futbol toparynyň öňdebaryjy oýunçylarynyň biri Nazar Towakelow bilen taýýarlanan söhbetdeşlik hem «7/24.tm» atly hepdelik elektron goşundysynyň okyjylaryny gyzyklandyrar diýip pikir edýäris. 
    Bütindünýä küşt Olimpiadasy şu ýyl ilkinji gezek internet arkaly geçirildi. Bu iri möçberli ýaryşda türkmenistanly küştçilerem çykyş etdiler. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň «7/24.tm» atly hepdelik elektron goşundysynda Bütindünýä küşt Olimpiadasynyň jemleri hakynda-da gürrüň berilýär. 
    «Bowling diňe bir professional sport hökmünde däl, eýsem höwesjeňleriň arasynda-da uly meşhurlykdan peýdalanýar. Diýmek, ol sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz edýän ildeşlerimiziň hem söýgüsini gazanýar». Bu jümle «Bowlingiň muşdaklary artýar» atly makaladan alyndy. Aşgabat Aziadasyna tomaşa eden ildeşlerimiziň onuň maksatnamasyna giren 21 görnüşiň arasynda bowlingiň hem bolandygy bu görnüşiň soňky ýyllarda has-da ösmegine itergi berdi.
    Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň «7/24.tm» atly elektron goşundysynyň nobatdaky 15-nji sanynda ýaşlaryň döredijiliginden söhbet açýan materiallaryňam birnäçesi ýerleşdirilipdir.