Ýol belgileriniň taryhyndan

    Ata-babalarymyzyň üstünden paý-u-pyýada asyrlap ýörän, nesillere miras goýan ak ýollary —  baky we müdimi. Onda sabyr-takat bilen garaşmak,  güler ýüz bilen garşylamak bar, ondan ak arzuwlary gursagyňda göterip ýöremek, şeýdibem, dünýäň kämilligine ýetmek bar. Bir söz bilen jemläp aýtsak, ýollar adamzat döräli bäri bar, bolupdyr, bolaram. Çünki jemgyýetçilik gatnaşyklary, önümçilik we ykdysady, dost-doganlyk gatnaşyklary pederlerimiziň guran ýollary arkaly uzaýar, ösýär, kämilleşýär. Şonuň üçin biziň ilde «Ýol gurmak — sogap iş» diýip, ýöne ýere aýdylmaýar. 
    Ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýollarymyz şaýollara, nurana geljegi nazarlaýan döwletli-döwranly ýollara öwrüldi. Bu, esasan hem,  Gahryman Arkadagymyzyň halkara awtomobil ýollaryny gurmak, kommunikasiýa we aragatnaşyk ulgamyny  döwrebap ösdürmek, türkmen halkynyň at-abraýyny jahana ýaýmak, milli ykdysadyýetimiziň ýeten derejelerini dünýä çykarmak bilen bagly bimöçber tagallalary netijesinde täze öwüşgine, dünýä jemgyýetçiligi bilen gatnaşyklarda täze many-mazmuna eýe boldy.
    Megerem, biziň ýola çykyp, ýolagçy bolup görmedigimiz ýok bolsa gerek. Şonuň üçin pyýada ýolagçy bol ýa-da sürüji, parhy ýok,  her gün üstünden gatnaýan ak ýollarymyzyň hyzmatynyň gadyr-gymmatynyň has-da artmagynda ýolugrunda goýulýan ýol belgileriniň aýratyn ähmiýetiniň bardygyny bellemek, şol ýol belgileriniň aňladýan aňlatmalaryny bilmek has-da möhüm. Munuň üçin ýol belgileriniň taryhy köklerini yzarlasak, makalada göz öňünde tutýan maksadymyzyň ýerine düşdügi bolar.
    Ýol belgileri ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin hyzmat edýän tehniki serişdedir. Bu belgiler ýol hereketine gatnaşyjylara anyk maglumaty  belli bir ülňä getirilen grafiki suratlardyr şekiller arkaly habar bermek, duýdurmak üçin oturdylýar. Taryhda ilkinji ýol belgileri uzak şäherlere,  belli bir uzaklykda ýerleşýän ilatly nokatlara çekilen ýollaryň gurulmagy bilen emele gelipdir. Gadymy döwürde syýahatçylar agaçlaryň gabygyna bellik etmek, belli bir şekildäki daşlary ýoluň gyrasynda goýmak bilen, ýoldaky ýagdaýlary yzyndan gelýän ýolagçylara duýdurypdyrlar.
    Soňra adamlaryň arasynda ýazuw arkaly aragatnaşyk döränsoň, ýoluň gyrasynda ýörite daş goýup, şol daşlaryň ýüzüni oýup, ýazgy ýazypdyrlar. Onda  şol töwerekdäki ilatly nokadyň ady görkezilipdir. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, dünýäde ilkinji ýol belgileriniň ulgamy gadymy Rimde, biziň eýýamymyzdan öň III asyrda ýüze çykypdyr. Şonda rimliler ýoluň ugrunda silindr şekilindäki sütünleri goýupdyrlar. Şeýle sütünler Rimiň merkezinde ýerleşýän Saturn ybadathanasynyň golaýyndan tapylypdyr.
    XVIII asyrda ýol ugrunda ýol belgilerini goýmak ýuwaş-ýuwaşdan kämilleşip başlapdyr. Şol döwürde Russiýada ýerleriň adyny, tutýan meýdanyny görkezýän uzyn sütünler ýol ugurlarynda peýda bolup başlapdyr. Şol sütünler has göze iler ýaly, zolaklary emele getirýän ak we gara reňklere boýapdyrlar. Bu bolsa islendik ýolagçynyň azaşmazlygy üçin çelgi bolup hyzmat edipdir.
    Soňra at arabalarynyň, paýtunlaryň ýerine özi hereket edýän ilkinji awtoulaglar geçipdir. Munuň özi ýol belgileriniň düýpgöter üýtgemegine sebäp bolupdyr. Çünki ilkinji awtoulaglar tizligi bilen atly ekipaždan tapawutlanypdyr. 
    1903-nji ýylda Parižiň köçelerinde ilkinji ýol belgileri peýda bolupdyr. Gara we gök reňkdäki inedördül şekilde asylyp goýlan bu ýol belgilerinde «Howply öwrüm», «Nätekiz ýol», «Kert ýapgyt» ýaly aňlatmalaryň nyşanlary şekillendirilipdir.
    Awtoulag serişdeleriniň çalt depginde ösdürilmegi awtoulag gatnawyny we hereketini nähili guramaly we gowulandyrmaly diýen meseläni ýüze çykarypdyr. Bu meseleleri çözmek üçin 1909-njy ýylda Parižde Ýewropa döwletleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda maslahat geçirilipdir. Onda «Awtoulag hereketi hakynda» halkara Konwensiýasy işlenilip taýýarlanypdyr we kabul edilipdir. Bu Konwensiýa esasynda 4 sany — «Nätekiz ýol», «Egrem-bugram ýol», «Çatryk», «Demir ýoluň kesip geçmesi» ýaly  ýol belgileri girizilipdir.
    1926-njy ýylda Parižde geçirilen halkara maslahatyna  dünýäniň 50 döwletinden wekiller gatnaşypdyr. Bu maslahatda öňki ýol belgileri ulgamynyň üstüne ýene iki sany ýol belgisi goşulypdyr. Şondan dört ýyl geçensoň, ýol hereketi boýunça Ženewa şäherinde geçirilen maslahatda ýol belgileriniň sany 26-a çenli artdyrylypdyr. Şonda ýol belgilerini üç topara bölmek kararyna hem gelinýär. Olar: duýduryjy, buýruk beriji, görkeziji ýol belgileridir.
    1949-njy ýylda ähli ýurtlaryň ýol belgileriniň ulgamyny bir ülňä getirmek maksady bilen nobatdaky maslahat geçirilýär. Onda ýol belgileriniň Ýewropa ulgamlarynyň esasynda  «Ýol belgileri we duýduryjylary hakynda» Beýannama kabul edilýär. 1968-nji ýylda bolsa Wena şäherinde BMG tarapyndan maslahat geçirilýär we onda «Ýol hereketi hakynda» Konwensiýa hem-de «Ýol belgileri we duýduryjylary  hakynda» Konwensiýa kabul edilýär.
    1973-nji ýylda şol döwrüň awtosöýüjileri üçin ýol belgilerine käbir düzedişler girizilýär.  Duýduryjy we gadagan ediji ýol belgileri ak fonda gyzyl reňkler bilen herekete girizilýär. Görkeziji ýol belgileriniň sany 10-dan 26-a çenli artdyrylýar. Şonda «Egrem-bugram ýol» duýduryjy ýol belgisine — birinji öwrümden saga, birinji öwrümden çepe diýen bellikler arkaly iki sany düzediş girizilýär. Mundan başga-da, «Kert ýapgyt» ýol belgisine degişlilikde, «Dikkötel» ýol belgisi döredilýär we onda dik ýapgydyň beýikligi görkezilýär.
    Asyrlaryň dowamynda adamzat jemgyýeti tarapyndan kämilleşen we dünýäniň çar künjegine  eriş-argaç bolup aýlanýan awtoulag ýollary biziň her birimiziň ýaşaýyş-durmuşymyzyň aýrylmaz bölegi. Taryha ýaň salan şäherleri, binalary, köprüleri gurup, meşhurlyk gazanan pederlerimiz eliň aýasy ýaly tekiz, ak  ýollary gurmagyň hem hötdesinden gelipdirler.
    Bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda bagtyýar zamanamyzda eziz Watanymyzyň ak ýollary dünýäniň çar tarapyna dostluk ýoly bolup uzaýar, dowamat-dowam bolýar.