Haýyrly işlere badalga

    Ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» diýen şygar astynda geçirilýän biraýlyk üstümizdäki ýylda hem üstünlikli dowam edýär. Mälim bolşy ýaly, biraýlyk çäre öňünden ýörite işlenilip taýýarlanylan meýilnama esasynda guralýar.
    Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň Çagalar awtoşäherçesinde guralan duşuşyk biraýlyga badalga beren dabaralaryň biri bolmak bilen, çagalaryň ýol hereketiniň kadalary barada düşünjelerini artdyrmakda möhüm çäre boldy. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň, Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň, paýtagtymyzdaky Çagalar we ýetginjekler köşgüniň bilelikde guramagynda geçirilen çärede ady agzalan pudaklaryň hünärmenleri çykyş edip,
    Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda, 2013-nji ýyldan bäri her ýylyň sentýabr aýynyň dowamynda geçirilmegi däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň ähmiýeti barada gyzykly gürrüňleri berdiler.
    Çagalar we ýetginjekler köşgüniň aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde tansly çykyşlar, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ösüşlerini, Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän beýik işlerini wasp edýän ajaýyp çykyşlar dabara gatnaşanlaryň göwünlerini ganatlandyrdy.
    Şowhunly hem şadyýan çykyşlardan soňra oňa gatnaşan myhmanlar Çagalar awtoşäherçesine aýlanyp gördüler. Olar bu ýerde çagalaryň ýol hereketiniň düzgünlerini öwrenmekleri üçin döredilen meýdança bilen tanyşdylar. Ýörite hünärmenler çagalara ýolda hereket howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ilkinji nobatda bilmeli zatlaryň biri bolan ýol hereketiniň düzgünlerini düşündirýän belgiler barada gyzykly gürrüň berdiler.
    Eziz Diýarymyzda täze ýollaryň gurulmagy, öňden bar bolan ýollaryň durkunyň täzelenmegi ýurdumyzyň görküne görk goşýar. Şol ýollaryň degişli ýol bölekleriniň ýol çyzgylary bilen üpjün edilmeginiň ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda ähmiýeti uludyr. Ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda düşündiriş, wagyz-nesihat çärelerine-de uly orun degişli bolup durýar. Ýol hereketiniň düzgünleriniň, kadalarynyň berjaý edilmegi bilen baglanyşykly geçirilýän çäreler ýollaryň hadysasyz bolmagyna ýardam edýär. Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleriniň geçirýän seljermelerine görä, geçen döwrüň dowamynda ýol-ulag hadysalarynyň sany düýpli azaldy.
    Häzirki wagtda ýurdumyzda çagalaryň döwrebap bilim almagy, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji adamlar bolup ýetişmegi barada aladalar hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
    «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» diýen şygar astynda geçirilýän biraýlygyň açylyş dabarasyna gatnaşan myhmanlar Çagalar awtoşäherçesiniň muzeýine hem baryp gördüler. Olar muzeýde içeri işler edaralarynyň işgärleriniň ulanýan gulluk iş esbaplary bilen tanyşdylar.
    Dabara gatnaşanlar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşy, olaryň saglygy barada uly alada edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.